logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Health /Üzärlik – tebigatyň keramatly oty
  12.04.2025
2242
Üzärlik – tebigatyň keramatly oty

Üzärlik – müňýyllyklardan bäri halk tebipçiliginde giňden ulanylýan, häzirki zaman ylmy lukmançylygynda-da gyzyklanma döredýän tebigy ösümlikleriň biridir. Türkmenistanyň çöllük we ýarym-çöllük sebitlerinde giňden ýaýran bu ösümlik halk arasynda “keramatly derman”, “göz degmekden goraýan ot” hökmünde hem tanalýar. Üzärligiň özboluşly ysly tohumy we ýakylmagy bilen döreýän tüssäniň ruhy we fiziki taýdan arassalaýjy täsiri bar diýip hasaplanylýar.

 

Türkmen halkynyň asyrlardan bäri däne-däne toplan halk lukmançylyk tejribesinde üzärlik köp taraplaýyn peýdaly hasaplanylýar. Aýratynam, üzärligiň tüssesiniň “göz degmä garşy” güýjüne ynanylyp, öýleriň içinde tütedilýär. Täze dünýä inen çaganyň otagynda hem üzärlik tüssesi bilen arassalaýyş geçirilýär.

 

Sowuklama, dümew we bokurdagyň agyrysy ýaly alamatlar ýüze çykanda, üzärligiň tüssesinden dem almak peýdaly hasaplanylýar. Halk arasynda üzärlik tüssesiniň adam ruhuny ýeňilleşdirýändigi, stresden saplaýandygy barada ynanç bar. Üzärlik tohumynyň içilmegi bilen içege parazitleriniň çykarylmagyna kömek edýändigi käbir çeşmelerde bellenilýär.

 

Häzirki zaman lukmançylyk barlaglarynda hem üzärligiň käbir maddalarynyň peýdaly täsirleri ylmy taýdan subut edilýär. Üzärlikde bar bolan alkaloid maddalar käbir bakteriýalaryň we wiruslaryň ösmegine garşy göreşýär. Şonuň üçin dürli deri ýokançlyklarynda çalynýan melhemleriň düzümine goşulýar.

 

Üzärlik ýagynyň mikroblary ýok ediji häsiýeti bar. Damar giňeldiji we agyry aýryjy täsir: Üzärligiň ekstrakty ýokary gan basyşynda ýa-da kelle agyrylarynda ýeňilleşdiriş serişdesi hökmünde ulanylýar. Beýniniň işjeňligini gowulandyrýandygy we ruhy durnuklylyga oňyn täsir edýändigi baradaky ylmy gözlegler bar.

 

Şeýle-de bolsa, üzärlik güýçli täsirli alkaloidleri saklaýan ösümlik bolany üçin, ony çäkli möçberde ulamak möhümdir. Artykmaç mukdarda ulanmak ýürek urşunyň düýpli üýtgemegine, nerw ulgamyna zeper ýetmegine sebäp bolup biler.

 

Mähri BABAÝEWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň mugallymy.