Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýaşlar Forumy – geljege barýan ýol! ✦ ✦ 12-nji awgust - Hazar deňziniň güni! ✦ ✦ Hereketleriň maksatnamalaryny milli syýasatlara ornaşdyrmagyň strategiýalary işlenilýär ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksadyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek boýunça ugurdaş çäreler geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Parlament forumy ✦ ✦ Awaza 2025: Hususy pudagyň forumy ✦ ✦ LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň 3-nji maslahaty dünýä metbugatynda ✦ ✦ Awazada medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet dabarasy ✦ ✦ Hazarýaka döwletleriň ekologik gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Üstünligimiz jogapkärçiligimize baglymyka?
  22.02.2023
843
Üstünligimiz jogapkärçiligimize baglymyka?

Aslynda üstünligimiz özümize düşýän jogapkärçiligimize baglymyka? Bu sowala ikirjiňlenmän «hawa» diýip jogap berip bileris. Adam näçe jogapkärli bolsa, garaşylýan netijelere ýetmek üçin şonça-da köp mümkinçilik açylýar. Her bir hereketleri üçin jogapkärçilik çekmegi başarýan ynsan üstünlige tarap barýan ýoldadyr. Diňe jogapkär adamlar esasy hakykata düşünýärler. Şahsy durmuşda, işde, karýerada, fiziki we dürli psihologiki ýagdaýda hem jogapkärçilik duýmak uly adamkärçilikdir. «Hemme zat üçin ol günäkär», «başga çykalga ýokdy» we ş.m. ýaly sözleri köplenç eşidýäris. Emma, aslynda biz beýle sözler bilen diňe özümizi aklaýarys, ýagdaýy öz elimize almak islemeýäris. Bu biziň üçin has peýdaly bolup görünýär. Bolýan her bir zat üçin özümiz günäkär diýip asla pikir etmeýäris. Şatlygymyzyň ýa-da gamgynlygymyzyň, üstünliklerimiziň ýa-da şowsuzlygymyzyň sebäbi hem biziň özümiz.

Şeýle-de bolsa, özüňizde bolup geçýän her bir zat üçin jogapkärçilik çekmelidigiňize düşünmek durmuşyňyzda zatlary tertibe salar. Elbetde, her kimem muňa ukyply! Käbirleri töwekgelçilik edip, hereketleri üçin jogapkärçilik çekip, üstünlikli durmuşa ýol açýan bolsa, käbirleri diňe şowsuzlyklary üçin jogapkärleri töwereginden gözleýärler. Dogry hereketler üçin ilki bilen özüňizi düzetmeli! Jogapkärçiligi endige öwürmeli! 

Näme etmeli?

Kiçijik zatlardan başlaň!
 


Jogapkärçilikli bolmaga çalyşmaly. Şonuň üçin kiçijik başlangyçlardan, ýönekeý hereketlerden başlamak has gowudyr. Özüňi alyp barşyň ýönekeýje taraplary özüňe-de, töweregiňdäki adamlara-da uly täsir edýär. Şeýlelik bilen, ýuwaş-ýuwaşdan özüňizde liderlik häsiýetlerini ösdürýärsiňiz, öz içki güýçleriňizi döredýärsiňiz. 

Ýalňyşlyk goýbermekden gorkmaň! 

Bir neşirde: «Kompaniýamyzda üstünlik gazanmak isleseňiz, ýalňyşlyklaryň sanyny iki esse köpeldiň» diýlip ýazylypdyr. Bu dogrudanam şeýle. Eger kim ýalňyşmaýan bolsa, ol üstünlige ýetmäge çemeleşmeýändir. Jogapkärçiligi alyň, kyn soraglara ilkinji bolup jogap beriň. Jogap ýalňyş bolsa-da, siz beýlekilerden öňde bolarsyňyz. Esasy zat ynamly jogap bermekdir. Bu gylyk-häsiýeti özüňiz üçin endik edip, öz batyrlygyňyzy we tutanýerliligiňizi artdyrarsyňyz. Sagdyn pikirlenmek hem üstünlige ýetmegiň ýene bir çözgüdidir. Has ownukçyllyk ýersiz dartgynlylyk döredýär. Dartgynly ýagdaýda bolsa sagdyn pikirlenip bolmaýandygy düşnükli bolsa gerek. Şol sebäpli maksadyňy durmuşa geçirmek üçin sagdyn pikir bilen wagt zerurdyr. 

Maksadyňyzy anyk kesgitläň! 

Durmuşda üstünlik gazanmagyň netijeli basgançaklarynyň biri ilkinji nobatda maksadyňy anyk kesgitlemekdir. Öňümizde goýan maksadymyzyň özümiz üçin peýdalydygyny seljeriň. Her gün täze zatlary öwrenmeklige ýykgyn edip, kämilligimizi ösdürmek diýseň ähmiýetlidir. Ýykgyn edýän ugrumyz boýunça köp okap, öwrenip, halypalaryň nesihatlaryny we olaryň durmuş tejribesini sapak edinmek üstünlige sary barýan ýolda özboluşly itergidir. «Munuň peýdasy barmy?», «Belki netije bermez?» diýen ýaly negatiw pikirlere gaplanmak üstünlikden daşlaşdyrar. Ruhy taýdan güýçli bolmagy öwreniň, bu hem özboluşly ukyp-başarnykdyr.  

Gadyrly dostlar, üstünlikler hemişe siziň bilen bolsun!

 

Aknur BABAÝEWA,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.