Ynsan ömrüniň esasy menzilleri ýaşlyk döwründe geçýär. Şol döwrüň hem süýji ýatlamalara ýugrulan pursatlary gaty kän. Biz olaryň bir hoşasyna "talyplyk ýyllary" diýýäris. Gürrüňini etjek bolýan talyplyk ýyllarynyň esasy gahrymanlary özümiz däl. Ol gahrymanlar ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdebi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň iň ilkinji uçurymlary. Onda-da türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyran XX asyryň ägirtleri.
Uniwersitetiň bosagasyndan ätläniňde onuň howlusynda şol ägirtleriň aýak yzlaryny görýän ýaly öz ädimleriňi seresaplyk bilen atanyňy hem duýman galýaň. Göwnüňe bolmasa şol ýöreýän ýeriňden öň Gurbannazar Ezizow eli kitaply sägine-sägine geçip giden ýaly. Howludaky goja baglar heniz nahallykdan saýlanan mahallary Halyl Kulyýewe ylham berip, indi hem onuň nesillerine saýa bolup oturan ýaly. Käteler bolsa talyp ýoldaşlarymyň sapagy gürrüň berşini synlap oturşyma tagta çykyp Ýylgaý Durdyýew, Kaýum Taňrygulyýew, Annaberdi Agabaýew dagynyň geçilenleriň kemini goýman sapak aýdan pursatlary oýumda tutuş bir film dek janlanýan ýaly. Talyplaryň auditoriýada oýa batyp, tagta tarap gözlerini dikip oturýanlary belki-de şondandyr. Özümiz-ä arakesmelerde-de şeýle. Ýa başymyz aşakdyr ýa-da şol bir nokada tiňkämizi dikip oturandyrys. Diwarlara syn bilen bakan wagtlarymyz hem gyt däl. Mahal-mahal ýaşuly mugallymlarymyz şol ägirtler hakynda söz açanlarynda-ha ýöriteläbem synlaýarys. Sebäbi olaram şu ýerde oturyp-turup, sözläp-dymyp gidipdiler. Okuwyň uzyn zallarynda eliň kitaply başyň aşak ýöräniňde deňiňden kimdir biri geçip giden ýaly bolýar. Yzyňa bakyp hiç kimiň ýoklugyny bileniňden soň, bu megerem, .... diýip, ony hem ýagşa ýorýarsyň. Uniwersiteti tamamlan uçurymlaryň köpüsiniň öz bilim ojagynyň goýnundan gitmek islemändiklerini özümizden ugur alyp aýdyp bileris. Çünki uniwersitetiň bize berýän mekdeplik durmuşy tamamlanyp, durmuş mekdebine gadam goýjagymyz hakyndaky pikirler hem kalba howsala düşürýär. Talyp kalby talyplyk ýyllaryndan daşlaşasy gelenok. Ýöne näme talyplyk ýyllary hem edil ýaz paslyna çalymdaş. Ine, şol ägirt uçurymlara düýş ýaly bolup geçip giden ýyllar biz üçinem suw ýaly akyp geçip gider. Şonda hoşlaşmalam bolar. Ýeri geleninde uniwersitetiň uçurymy, şahyr Halyl Kulyýewiň uniwersitet hakynda ýazan hoşlaşyk setirlerini ýatlasymyz gelýär:
Hoş gal, aladaly, sapaly ýyllar,
Hoş gal, eziz mekan — ylymlar bagy.
Ukusyz gijeler, argynly günler,
Hoş gal juwanlygyň sapaly çagy.
Arzuw bilen geçen ýaz hem gyşlarym,
Hoş gal, mugallymlar, deňi-duşlarym.
Egsilmejek gujur berdiň, bagt berdiň,
Göreç berdiň inçe zady duýmaga.
Edep berdiň, abraý berdiň, at berdiň,
Ýürek berdiň adamlary söýmäge.
Ylymyň şöhratly ýoluny geçip,
Talyp bolardym, dostlar, hemişe.
Arman, gujagyny uludan açyp,
Dogduk obam meni çagyrýar işe.
Saýrak etdiň dilleri,
Berk guşadym billeri,
Gel, hoşlaşaly biz,
Uniwersitet ýyllary.
Uçurym ýürekleriň emri bilen ýazylan ajaýyp setirler her bir ynsanyň, her bir talybyň aňyna süýji ýyllaryň suratyny çekýär. Edebiýat ummanynyň şygryýet gämisiniň ýolagçylary Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ägirt uçurymlary Kerim Gurbannepesow, Mämmet Seýidow, Atajan Annaberdiýew, Begmyrat Ussaýew, Orazmyrat Gurdow dagynyň talyplyk ýyllarynyň ajaýyp pursatlary ömürleriniň ýatlamalar albomyny bezändir. Nobatguly Rejebowyň “Kalbymyň senasy” goşgular kitabyny açanyňda zerbap sahypalarynyň birindäki “Talyplaryň aýdymy” atly ajaýyp şygryna gözüň düşýär. Megerem, şahyr muny uçurym bolanyndan soň ýazandyr. Çünki setirlerde talyplyk ýyllaryna bolan küýseg belent duýulýar.
Talyplyk ýyllary —
Ajaýyp ýyllar
Ömrümiziň uçmah ýaly döwri sen.
Kitap yza kitap açýan juwanlar
Ertir ýurduň danasyna öwrüler.
Tolkun-eý! Owsun-eý, ylym ummany!
Göwnümiz-de umman bolup joş urýar.
Talyplyk ýyllary —
Owadan ýyllar
Dosty — dosta,
ýary ýara duşurýar.
Talyplyk ýyllarynyň soňky duralgasy — uçurymlyk diňe bir ýaşyl lentany egniňden asmak däl, halypalardan öwrenen ylym-bilimiňi berkidip, hünäriň boýunça borçlaryňy ýerine ýetirmekdir. Häzirki wagtda sungatyň, medeniýetiň, edebiýatyň kämil derejededigi uniwersitetiň uçurymlary — XX asyr türkmen edebiýatynyň wekilleriniň hem şol borçlary şeksiz ýerine ýetirendikleriniň şaýady.
Birje jaňdy okuw ýylyny başladyp, ähli talyplary biri-birine ysnyşdyryp, öwrenişdiren. Birje jaňdy olary birek-birekden aýra salyp, hersini uzak-uzak menzillere ýollan. Türkmen döwlet uniwersiteti ençeme ägirtleri uçurym etdi, uçurdy.
A siz nireden uçduňyz?
Kerimberdi HAKBERDIÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň žurnalistika
hünäriniň talyby.