Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly: ösüşiň täze tapgyry ✦ ✦ Tebigy betbagtçylyklara garşy irki duýduryş ulgamlary: sanly modelleşdirme we global howpsuzlyk ✦ ✦ Saýlaw möwsümi dowam edýär: dalaşgärleri hödürlemek tapgyry işjeň alnyp barylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalary bilen tanyş edýäris ✦ ✦ Bilim ulgamynyň ösüşi: mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumy ✦ ✦ Merkezi Aziýada ylmy hyzmatdaşlygyň täze tapgyry: mümkinçilikler we strategik ugurlar ✦ ✦ Aşgabatda uly futbol güni: "Arkadag" bilen "Al-Nassr" şu gün Olimpiýa stadionynda duşuşýar ✦ ✦ Türkmenistanyň ylmy kartografiýasy: giňişligi ölçemekden - ylmy garaýyşa çenli ✦ ✦ EKSPORT — Global bazara ýol ✦ ✦ Garagum çöli: ylmy barlaglar we durnukly ösüş mümkinçilikleri ✦
Baş sahypa / Saglyk /Unaşyň lezzeti
  03.03.2023
2014
Unaşyň lezzeti

Unaş türkmeniň milli tagamlarynyň arasynda naýbaşylarynyň biri hasaplanylýar. Şonuň üçin-de, unaşa halkymyzda begler aşy hem diýilýär. Munuň, hakykatdan hem, şeýledigine halk hazynasynda öz mynasyp ornuny tapan şu aýtgylar hem şaýatlyk edýär: 

Unaş — begler aşy.
Belke onuň gardaşy.
 

Mährem enelerimiziň-mamalarymyzyň eli bilen kesilip taýýarlanylan unaşyň lezzeti-de, tagamy-da üýtgeşik. Işden ýadap gelen ýa-da nähoşlap, sowuklasaň, daşyňda perwana bolýan enelerimiziň, derrew elýeterinde duran kendirige ýapyşyp: «Häzir derrewjek hamyr ýugrup, unaş kesip, içine-de burçuny, noýbasyny atyp, süzme çalyny garyp bererin! Içersiň welin, deriňi süpürip ýetişip bilseň bolany, nähoşlugyňdan nam-nyşan galmaz, balam!» diýip, enelerimiziň taýýarlap beren unaşynyň tagamy ýaşymyz ýetmişiň gyrasyndan gädip ugran-da bolsa, agzymyzdan gidenok. Onuň ýerem üýtgeşik, lezzetem, şypa berijiligem. Şonuň üçin-de, tenekar, melhem, tagam, nahar bolan unaş her bir türkmen maşgalasynda diýseň eý görülýär. Unaşy hemmelerem eý görýändir welin, ol barada şu setirleri ýatlamak isleýärin: 

Bäri bakan hassany,
Jüýjeli unaş düzeder
 
- diýlişi ýaly, unaş köp derdiň dermany hasaplanýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan syzlyp çykan «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabynda hem, unaş hakynda birnäçe peýdaly pelsepeler bar. Biz hem şol peýdaly maslahatlardan ugur alyp, milli naharlarymyzy, milli aşpezlik däp-dessurlaryny ösdürmek, ýurdumyzyň welaýatlarynda tagamlary taýýarlamagyň aýratynlyklaryny açyp görkezmek we olaryň häzirki zaman dünýäsi üçin elýeterli bolmagyny üpjün etmek häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biridir. 

 

Laçyn JANMAMMEDOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky 
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
Türkmenabat agrosenagat orta hünär 
okuw mekdebiniň talyby.