Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /“Ulugdepe” ýadygärligi
  24.04.2020
1081
“Ulugdepe” ýadygärligi

     Türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň şaýady bolan gadymy ýadygärliklere, medeni miras gymmatlyklaryna aýawly çemeleşmek, olary düýpli öwrenmek hem-de abat ýagdaýda geljekki nesillere ýetirmek meselelerine hormatly Prezidentimiz elmydama üns berip gelýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe taryhy ýadygärlikleri gorap saklamagyň, ylmy esasda öwrenmegiň we rejelemegiň düýpli hukuk binýady döredildi.

         Halkyň geçmiş mirasynyň ajaýyp nusgalarynyň aýawly saklanylýan we öwrenilýän ylmy-medeni ojaklary bolan häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän ülkäni öwreniş muzeýleriniň her welaýatda gurulmagy we işläp başlamagy, taryhy-medeni miras meseleleri bilen baglanyşykly yzygiderli geçirilýän halkara ylmy maslahatlar munuň aýdyň subutnamasydyr.

         Ulugdepe arheologiýa ýadygärligi soňky on ýylyň dowamynda içgin öwrenilip, barha uly meşhurlyga eýe bolýan gymmatly ýadygärlikdir. Bu taryhy-arheologiýa ýadygärlik türkmenleriň gadymy ata-babalarynyň örän irki zamanda (b.e.öňki III-II müňýyllyklarda) irki demir eýýamy diýilýän döwürde ýaşan ilatly menzil-mekanydyr. Ýadygärlik Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak şäherçesinden 4 km günortada, Kelet çaýynyň sag kenar ýakasynda ýerleşýär. Adyndan belli bolşy ýaly, bu ýadygärlik uzak asyrlaryň dowamynda yzygiderli ýaşaýyş dowam eden baý medeni gatlakly 15 (on bäş) gektar çemesi meýdanly, birmahallar köşgi-eýwanly şäher kysmy bolup oturan, häzirki günlerde bolsa diňe “agzy açylan syrly sandyk” ýaly taryhy-ylmy maglumatlaryň, medeni gymmatlyklaryň özboluşly bir dünýäsidir. Sebäbi, 2001-nji ýyldan bäri bu ýerde alnyp barylýan gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda Ulugdepeden maddy we ruhy medeniýetiň maglumatlaryny özünde jemleýän örän köp arheologik tapyndylar ýüze çykaryldy.

         Geçen asyryň 60-njy ýyllarynda belli arheolog W.I.Sarianidi we merhum alym E.Masimow tarapyndan barlanylyp we baý medeni gatlakly gymmatly arheologiýa ýadygärligi diýlip ykrar edilen Ulugdepäniň mälim bolmadyk syrlary şugünki günlerde türkmen-fransuz arheologiýa ekspedisiýasy tarapyndan içgin öwrenilýär. Bu ýerde gazuw-agtaryş işlerini alyp barýan arheologiýa ekspedisiýasynyň düzüminde diňe bir taryhçy arheologlar däl, eýsem geomorfologlar, gadymy dünýäniň ösümlik hem haýwanat dünýäsi boýunça iş alyp barýan alymlaryň, sungaty öwrenijileriň, keramikaçylaryň, rejeleýjileriň we beýlekileriň bar bolmagy ýadygärligi köptaraplaýyn öwrenmäge mümkinçilik döredýär.

         Ýadygärligiň merkezi böleginden gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda ini-boýy kyrk metre barabar bolan inedördül köşgüň galyndylary ýüze çykaryldy. Gurluşyk işleriniň öňürti ýörite taýýarlanan belent tekizligiň üstünde diwarlarynyň galyňlygy iki metr çemesi bolan çig kerpiçden gurlan ajaýyp köşgüň galyndysynyň ýüze çykarylmagy bu ýadygärligiň binagärlik sungat eseri hökmünde-de gymmatyny artdyrýar. Köşgüň töweregine aýlanýan içki dälizine daş düşelip, üsti suwalypdyr.aşaky gatynda ýerzemin jaýlary bolup, olarda azyk önümleri saklanypdyr. Bu köşgüň galyndylaryny öwrenýän binagär alymlar aslynda onuň ýerzeminli we iki gatly ymarat bolandygyny çaklaýarlar.

         Merkezi köşgüň - galanyň töwerek-daşyny gurşap alýan ýene bir daşky gala diwarynyň we gorag küňreli giň derwezesiniň bolandygy mälim edildi. Bu gurluşyk galyndylary b.e.öňki 1500-1300-nji ýyllara degişlidir. Emma ýadygärligiň aşaky medeni gatlaklary (eneolit) mis-bürünç eýýamlaryna degişli bolup, şol gatlaklardan tapylýan täsin tapyndylar bu mesgeniň dowamly ýaşaýyş merkezi bolandygyndan habar berýär.

         Bu ýadygärlikden tapylan bürünç eýýamyna we irki demir eýýamyna degişli tapyndylar (humlar, küýze gap-gaçlar, möhürler, heýkeller, tumarlar, peýkam uçlary we ş.m.) Günorta Türkmenistanyň gadymy medeni ojaklary hasaplanylýan Änew, Namazgadepe, Garadepe, Altyndepe ýaly meşhur ýadygärlikleriň özara baglanyşyklaryny, gatnaşyklaryny ylmy esasda yzarlamaga, derňäp seljermäge giň mümkinçilikleri açýar. Sebäbi tapyndylaryň daşky görnüşlerinde, nagyş bezeglerinde we beýleki aýtarynlyklarynda özara meňzeşlikleriň döwürleýin dowam edendigini kesgitläp bolýar. Ulugdepe medeni gatlaklarynyň köpdügi we tapyndylara baýlygy sebäpli, dürli ugurdan iş alyp barýan alymlara we gadymyýeti öwreniji talyplar üçin «miras hazynasy» hökmünde hyzmat etmäge ukyplydyr. Eýýäm Ulugdepeden tapylan gymmatly arheologiýa tapyndylarynyň ýüzlerçesi Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde,Türkmenistanyň Milli “Ak bugdaý” muzeýinde, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde öz mynasyp ornuny tapdy.

         Meşhur Ulugdepäni gözi bilen görmäge höwes edýän syýahatçylaryň, taryhçy alymlaryň, okuwçy ýaşlaryň, daşary ýurtly raýatlaryň sany barha artýar. Geljekde bu gymmatly ýadygärligiň çäginde uly bolmadyk arheologiýa muzeýini döretmek meýilleşdirilýär. Bu möhüm ähmiýetli iş amala aşyrylandan soň, bu ýere gelenler türkmeniň geçmiş mirasynyň ajaýyp nusgasy bolan Ulugdepedäki köşk-ymaratynyň galyndylaryny we bu ýerde ýaşan ilatyň ykdysady we medeni durmuşy hakynda gürrüň berýän sungat eserleriniň ençemesini buýsanç we uly gyzyklanma bilen synlarlar.