logo

Latest news:
✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦ ✦ Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň binýatlyk esaslary ✦ ✦ Bagşy Döwletgeldi Ökdirow ✦ ✦ Seulda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Buharestde ýylyň şygaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi ✦ ✦ TDYDI-de Startup bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Telekeçilik — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji ✦
Home / Interesting /Ukynyň hilini ýokarlandyrmak üçin teklipler
  10.06.2022
1717
Ukynyň hilini ýokarlandyrmak üçin teklipler

Günüň takmynan üçden bir bölegini uklap geçirýäris. Şeýlelik bilen ortaça adam ömrüniň 25 ýylyny uklap geçirýär. Täze doglan çaga günde 14-17 sagat uklamaly bolsa-da, bu görkeziji garranymyzdan soň kem-kemden azalýar. Aslyna seredenimizde adam üçin günde 7-9 sagat uky gerek bolup durýar. Şeýle-de bolsa, uzak wagtlap uklamagymyz, ukymyzyň ýokarydygyny aňlatmaýar.

Stress, ukynyň hiline ýaramaz täsir edýän faktorlaryň biridir. Mysal üçin, emosional prosesler, köpçülik, iş durmuşy ýa-da saglyk meseleleri ýaly ýagdaýlar gündelik durmuşda stres duýmagymyza sebäp bolup bilýär. Stress uklamagy kynlaşdyrýar we ukynyň hilini peseldýär, şol bir wagtyň özünde ýeterlik uky we pes hilli uky stressi ýokarlandyrýar.

Ukynyň hilini ýokarlandyrmak üçin maslahatlar:

- Howa arassa bolanda 10 minut, bulutly günlerde 20 minut, juda bulutly günlerde 30-60 minutlap güneşde gezim ediň!

- Her gün şol bir wagtda ýatyp, şol bir wagtda turmaga endik ediniň!

- Agşam 10-dan, ir sagat 4-e çenli ýagty yşyklandyryşlardan gaça duruň!

- Ýatmazdan 1-2 sagat öň kofe içmezlik, uky üçin örän zerurdyr;

- Gündizki ukynyň wagty 90 minutdan geçmeli däl!

Mundan başga-da, lukmanyňyz bilen maslahatlaşyp, ukyny ýeňilleşdirýän, uky yzygiderliligini anyklaýan we maslahat berýän dürli ykjam programmalary ulanyp we dürli dynç alyş usullaryndan peýdalanyp bilersiňiz.

Aýgül GURBANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.