Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦ ✦ Mugallymlar häzirki zaman pedagogikasyny öwrenýär ✦ ✦ “Kids Expo 2024”: Türkmen wekiliýeti halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär ✦ ✦ Täze bilim sebitlerinde hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen talyplarynyň Halkara taslama bäsleşiklerinde üstünligi ✦ ✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Türkmenistanyň ilkinji generaly
  04.05.2020
937
Türkmenistanyň ilkinji generaly

       Halkymyzyň şöhratly taryhy edermenlige, watansöýüjilige, halallyga, mertlige ýugrulan. Geçmişde Watany goramakda deňsiz-taýsyz gahrymançylyk görkezen beýik şahslarymyzyň il-ýurda wepalylyk duýgusy içinden eriş-argaç bolup geçýän nusgalyk ömürleri aňymyzda ebedilik orun alan. Geçen asyrda ýaşap geçen, özüni ilkinji türkmen generaly diýip ykrar etdirmegi başaran Bagşy Annahalowiç Ataýewiň hem watansöýüjilige ýugrulan ömri buýsanç bilen ýatlarlyklydyr.

       Bagşy Ataýew 1909-njy ýylda şol wagtky Bäherden raýonynyň Daýna obasynda (häzirki wagtda Daýna obasy Magtymguly etrabyna degişli) eneden dogulýar. Bagşy ilki oba mekdebini okaýar, soň Bäherdende ýerleşýän mekdep internatynda bilim alýar. B.Ataýew internady tamamlandan soň Aşgabat şäherindäki ýörite orta bilim berýän mugallymçylyk mekdebine (pedtehnikuma), soňra Aşgabadyň ylmy mugallymçylyk (pedagogik) institutyna okuwa girip, olary üstünlikli tamamlaýar. Okuwyny tamamlap, meýletin harby gulluga gidýär. Ol harby gullugyny Aşgabatda ýerleşen 1-nji atyjylar diwiziýasynda geçýär. Bagşy harby gullugyny tamamlansoň, gulluk eden ýerinde işe galýar. Ol uruş döwründe Moskwada  M.W.Frunze adyndaky Harby akademiýany gaýybana okaýar. Urşuň başlan wagty Bagşy kapitan harby derejede we Aşgabatdaky 83-nji atyjylar diwizisiýasynyň 247 polkunyň karargähiniň başlygy wezipesinde işleýärdi. 1941-nji ýylyň dekabrynda ony gyssagly Türküstan harby okrugyna çagyrýarlar we Aşgabatda döredilen 87-nji aýratyn türkmen atyjylar brigadasyny oňa tabşyrýarlar hem-de şol ýerde goşun bölümine ýolbaşçylyk etmegi ynanýarlar. Ol ilki watandaşlarymyzyň köpüsiniň şöhratly söweşjeň ýoly bolan Nowgoroddan Berline çenli, soňlugy bilen 76-njy atyjylar diwiziýasy diýlip atlandyrylan dessin bölümçäniň başlygy, soňra brigadanyň karargähiniň başlygy bolýar.

     Uruş weteranlary bilen guralan duşuşykda weteranlaryň biri öz söweş ýoly, uruş ýyllarynyň durmuşy, türkmen ýigitleriniň uruşda görkezen gahrymançylygy barada beren gürrüňleriniň dowamynda Bagşy Ataýew barada hem şeýle belläp geçdi: «... Sowet Soýuzynyň Marşaly G.K.Žukow uruş tamamlanandan soň B.Ataýewi ýanyna çagyryp, oňa Berlinde galmalydygyny aýdýar. Şonda B.Ataýew özüniň sada türkmen ýigididigini, ol ýurduň ýerli halkynyň dilini bilmeýändigini beýan edýär. Marşal G.K.Žukow şonda I.W.Staliniň hut öz buýrugy esasynda şeýle jogapkärli ýere ugradylýandygyny, onuň hem sebäbiniň urşuň ýalynly meýdanlarynda türkmen ýigitleriniň ähli kynçylyklara döz gelendiklerini, olaryň deňsiz-taýsyz gaýduwsyzlyk, edermenlik hem-de gahrymançylyk görkezendiklerini, şol sanda B.Ataýewiň özüniň hem uruş meýdanynda duşmana garşy söweşip, tabynlygyndaky esgerlere mukaddes Watany söýmegiň nusgalyk ýoluny görkezendigini, şonuň üçin hem bu wezipäniň oňa ynanylandygyny aýdýar.

      Dogrudan hem urşuň söweş meýdanlarynda gaýduwsyz türkmen ýigitleri hem güýç taýdan has agdyklyk eden, dişine çenli ýaraglanan faşizme garşy berk söweşipdirler, çabga deý ýagýan gülläniň öňünde döş gerip, Watany gorapdyrlar. Şol uruşda Bagşy Ataýew hem türkmen ýigidine mahsus mertlik görkezdi, il-ýurduna wepalydygyny subut etdi. Ol tabynlygyndaky esgerlere: «Agalar, iniler, eziz doganlar! Siz Watanyň mert, gaýduwsyz ogullarysyňyz, halkyň ar-namysynyň goragçysysyňyz. Biziň yzymyzda mähriban ata-enelerimiz, uýalarymyz, ýarlarymyz, çagalarymyz bar. Biz duşmany olara tarap geçirmeli däldiris!» diýip ýüzlenmek bilen olary ýeňişe ruhlandyrýardy, öz watansöýüjiligi bilen görelde görkezip, olara ýolbaşçylyk edýärdi. Men bu wakalaryň gözli şaýady boldum».

      Uruş weteranynyň B.Ataýew barada beren bu gürrüňleri hemmelerde uly täsir galdyrdy. Heniz Orta Aziýa harby okrugynda işleýärka hem B.Ataýew bilen dostlukly gatnaşykda bolan general A.W.Terentýewiň bellemegine görä, polkownik B.Ataýew uruşdan soň Berliniň bir etrabyna harby komendant edilip bellenilýär. Ol bu wezipede ukyp-başarnygyny görkezip, weýran bolan Berlini dikeltmekde örän köp işleri alyp barýar. Berlinde iki ýyl ýaşanyndan soň ol döwlet tarapyndan yzyna Türkmenistana çagyrylýar. Köp ýyllaryň dowamynda Bagşy Ataýew Türkmenistanyň ýokary hökümet wezipelerinde ak ýürekden zähmet çekipdir. Bagşy Ataýew ýaşan ömründe iliň hem ýurduň öňünde bitiren işleri üçin söweşjeň ordendir medallar, hormat hatlary, şeýle hem «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medaly bilen sylaglanýar.

       Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň baý taryhynda il-ýurt öňünde är işlerini bitiren beýik gerçeklerimiziň ömür ýoluny içgin öwrenmäge, ony geljekki nesillere ýetirmäge giň mümkinçilik açdy. Häzirki wagtda bu ugurda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Geçmişde bütin ömründe ähli ukyp-başarnygyny halkyň ykbalyna, Watanyň asudalygyna bagş eden türkmen gaýduwsyz ogullarynyň bitiren taryhy işleri baradaky maglumatlaryň halka ýetirilmegi bolsa, ösüp gelýän ýaşlarda şöhratly taryhymyza bolan buýsanç, guwanç duýgularyny kemala getirýär, olaryň bedew bady bilen günsaýyn gülläp ösýän eziz Watanymyza, mähriban halkymyza synmajak wepalylyk duýgularyny ösdürýär.