logo

Latest news:
✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦ ✦ Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň binýatlyk esaslary ✦ ✦ Bagşy Döwletgeldi Ökdirow ✦
Home / Science and Education /Türkmenistan tarapyndan daşary döwletlerde gurlan bilim edaralary
  09.05.2025
1216
Türkmenistan tarapyndan daşary döwletlerde gurlan bilim edaralary

Dünýäniň çalt özgerýän bilim giňişliginde ýurtlaryň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýan esasy sütünleriň biri hem halkara bilim gatnaşyklarydyr. Türkmenistan bu ugurda soňky ýyllarda aýratyn tapawutlanyp, diňe bir halkara olimpiadalarda ýaş nesilleriň üstünlikleri bilen däl, eýsem daşary ýurtlarda gurlan döwrebap mekdepler arkaly hem dünýä jemgyýetçiligine täzeçe hyzmat edýär.

 

Ýurdumyzyň okuwçylarynyň we talyplarynyň halkara ders olimpiadalarynda gazanýan üstünlikleri diňe bir bireýniň ýeňşi däl, eýsem, ýurduň bilim ulgamynyň hiliniň we mümkinçilikleriniň dünýä derejesindäki subutnamasydyr. Bu bäsleşiklere türkmenistanly ýaşlaryň yzygiderli gatnaşmagy, olaryň zehininiň, taýýarlygynyň we döredijilik mümkinçilikleriniň giňdigini görkezýär. Şeýle hem Türkmenistan soňky ýyllarda halkara bäsleşikleriniň, bilim çäreliniň geçirilýän merkezine öwrülýär. Bu ýagdaý diňe bir bilim taýdan däl, eýsem medeni taýdan hem ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarmaga mümkinçilik döredýär.

 

Bu mümkinçilikleriň beýany hökmünde daşary ýurtlarda gurlan türkmen mekdepleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. 2018-nji ýylda Russiýanyň Astrahan oblastyndaky Funtowo obasynda 190 orunlyk Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebiň açylmagy, hem-de 2024-nji ýylda Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda ýerleşýän Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde 540 okuwça niýetlenen Magtymguly adyndaky orta mekdebiň işe girizilmegi, bilim arkaly dostluk köprüleriniň gurulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu mekdepler diňe bir bilim bermek bilen çäklenmän, ýaş nesliň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmäge hem giň ýol açýar.

 

Bilim gatnaşyklarynyň giňelmegi bilen birlikde, ylmy hyzmatdaşlyklar hem täze many-mazmuna eýe bolýar. Türkmenistanyň ylmy jemgyýeti soňky ýyllarda düýpli ösüşlere eýe boldy. Alymlaryň netijeli işlemegi üçin döredilen şertler, ylmy barlaglaryň möçberiniň giňeldilmegi we halkara hyzmatdaşlyklaryň artmagy – bularyň ählisi ýurduň ylmy taýdan hem dünýä bilen sazlaşykly gatnaşyk gurýandygyny görkezýär. Munuň bilen baglanyşyklylykda kabul edilen strategiýalar we meýilnamalar, bilimiň, ylmyň we önümçiligiň özara baglanyşykly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir.

 

Bilim diňe bir okuw jaýynyň diwarlarynyň içinde däl, eýsem, halklaryň arasynda parahatçylykly gatnaşygyň, özara düşünişmegiň hem çeşmesidir. Türkmenistanda gurlan daşary ýurt mekdepleri hem şol umumadamzat gymmatlyklarynyň hyzmatynda durýar. Bu ugurda edilýän işler diňe bir ýaş nesliň geljegine däl, eýsem dünýäniň ösüşine goşulýan gymmatly paýdyr.

Altynaý Ýagşyýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň mugallymy