logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Politics /Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda pikir alyşma duşuşygy geçirildi
  15.03.2024
727
Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda pikir alyşma duşuşygy geçirildi

Türkmen wekilýeti Awstriýanyň Wena şäherinde Awstriýanyň Federal ykdysady palatasynda bilelikdäki işewürlik duşuşyklaryny geçirdi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministri R. Meredow ýolbaşçylyk etdi.


Awstriýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen "tegelek stol" görnüşinde geçirilen pikir alyşmalarda Türkmenistanyň ykdysady kuwwatlyklary barada giňişleýin maglumat berildi.Türkmenistanyň gaýtadan işleýän senagat önümleriniň eksportdaky paýyny artdyrmak bilen bir hatarda, energiýa eksportyny diwersifikasiýa etmek syýasatyny dowam etdirmegine awstriýaly hyzmatdaşlaryň ünsi çekildi. 


Amaly özara gatnaşyklara ünsi çekýän meseleler alyp maslahatlaşmalara başlamazdan ozal, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylarynyň Awstriýanyň Federal ykdysady palatasynyň wise-prezidenti Filip Gadi bilen kiçi düzümde duşuşygy geçirildi. Soňra türkmen wekiliýetiniň beýleki agzalary we Awstriýanyň onlarça kompaniýasynyň wekilleri gepleşiklere goşuldy.


Häzirki wagtda ýurdumyzyň eksportynda Uglewodorod serişdelerinden alnan girdejiler ýurda goşmaça gymmaty bolan pudaklary ösdürmäge işjeň maýa goýmaga mümkinçilik berýär. 2023-nji ýylyň ahyrynda ykdysadyýete goýlan maýa goýumlar 11 milliard ABŞ dollaryndan gowrak boldy, bu 2022-nji ýyldakydan 7,8% ýokarydyr. Maýa goýum we işewürlik gurşawyny gowulandyrmak bilen, Türkmenistan önümçilik kärhanalaryna göni maliýe maýa goýumlary görnüşinde daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin şertleri döredýär. 


Jennet RÖWŞENOWA,
S.Seýdi adyndaky türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynyň mugallymy.