Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦ ✦ Mugallymlar häzirki zaman pedagogikasyny öwrenýär ✦ ✦ “Kids Expo 2024”: Türkmen wekiliýeti halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär ✦ ✦ Täze bilim sebitlerinde hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen talyplarynyň Halkara taslama bäsleşiklerinde üstünligi ✦ ✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Türkmeniň Batyr ogly Çopan Kir
  29.04.2020
2636
Türkmeniň Batyr ogly Çopan Kir

      Türkmenler Watan, ar-namys gymmatlygyny ähli zatdan ýokarda goýýan halk. Ata-babalarymyz dost diýip gelene öýüniň töründen orun beripdirler. Emma, ýaman niýet bilen Watan topragyna aýak basana berk gaýtawul bermegi başarypdyrlar. Muny ýurt goragynda alnyp barlan söweşlerde pederlerimiziň görkezen watansöýüjiligi hem subut edýär.

      Il-güniň bähbitleri üçin ata çykan, Watan topragynyň daban ýerini mukaddes saýyp, şöhratly taryhymyzda XIX asyrda nusgalyk yz galdyran meşhur şahsyýetleriň biri hem Çopan Kir (hakyky ady Ulugberdi) Gadymy Büzmeýiniň Garadaşaýak obasynda 1816-njy ýylda Garaja batyryň hem-de Oguldöwlet ejäniň maşgalasynda dünýä inýär. Il arasynda Çopan kir, Çopan batyr, Çopan şir adyny alan bu merdana ynsanyň rowaýata öwrülen at-owazasy halkyň hakydasynda ebedilik ýaşaýar. Çopan kir ady oňa, kir tiresinden bolany, çopan ady bolsa ýaşlygyndan çopançylyk edeni üçin goýlupdyr diýlip, halk arasynda aýdylýar.

       Çopan kir gorky-ürküni bilmeýän, garyba galkan, ýetime ýelken, halkyna gala, duşmana bela bolan şir ýürekli, namysjaň, tüýs türkmeniň gözsüz batyr, ýiti akylly, dury paýhasly, kesgin pikirli, ygrarly goç ýigidi bolup kemala gelýär. Çopan kir ýaşlykdan gijelerine şöwür çekmegi, aw awlamagy gowy görer ekeni. Ol heniz 13-14 ýaşly ýetginjekkä ýörişe äkidilipdir. Çopan kiriň halkyň arasynda ýaşlykdan abraýy artypdyr. Ol dürli döwürlerde Bäherdeniň Akdepesiniň tokly obasynda, Bamynyň gaýrasyndaky Näzdepede, Arçmanda, Bäherdeniň özünde ýaşapdyr. Çopan kir Watany goramakda, halk bähbitli işlerde elmydama öňdäki hatarlarda bolupdyr. Ol 1858-nji ýylda Garrygala, 1861-nji ýylda Mary uruşlaryna gatnaşypdyr. Çopan kir Garrygala urşunda öçmejek yz galdyran meşhur serkerdeleriň biridir. Ol bu uruşda tä soňky demine çenli türkmeniň goç ýigitlerine batyrlygyň, edermenligiň, durnuklylygyň ajaýyp nusgasyny görkezip, görelde bolupdyr.

       Çopan kir ýaşan döwründe özüni halkyň hanlyga saýlamak baradaky tekliplerini kabul etmändir. Ol Nurberdi hanyň hanlyga saýlanmagyny makullapdyr, goldapdyr. Çopan kir Nurberdi hanyň iň ýakyn, ynamdar egindeşleriniň biridir. Nurberdi han geňeşde-de, söweşde-de Çopan kiri öz ýanyndan aýyrmandyr. Ol Nurberdi han saýlananyndan soň tä ömrüniň ahyryna çenli Ahalteke hanlygynyň söweş hereketleriniň baş serkerdesi bolupdyr. Söweş hereketleri babatynda hökmany suratda Çopan kire sala salnyp, geňeş-maslahat edilipdir. Çopan kiriň serkerdeliginde söweşe gidýän ýigitler hemişe has ynamly, has arkaly, erkin duýupdyrlar. Çopan kir öz ýaşan döwründe il-ulusyň ar-namysy, ýurt abadançylygy ugrunda göreşip gelipdir. Çopan kir türkmen halkynyň ýene-de bir batyr ogly bolan Dykma serdar bilen hem ýakyn aragatnaşykda bolupdyr. Dykma serdar ýüze çykýan meseleler babatynda ilki Çopan kir bilen maslahatlaşypdyr.

       Çopan kir ýigide zerur bolan uruş tälimlerini ösüp gelýän ýigitlere öwredipdir, olara yzygiderli tälimleri beripdir. Türkmeniň Gara batyr, Paşşy serdar, Gul Jenew serdar, Nury ýetim, Baýly han, Kemal ýetim, Berdimyrat han, Akberdi han, Magtymguly han, Döwlet beg ýaly ençeme Watana, halka wepaly edermen ogullary Çopan kiriň terbiýesini alan ýigitlerdir.

       Çopan kir 1871-nji ýylda Gökdepe etrabynyň dag içindäki Germab galasynda güýçleri agdyklyk eden duşmanlar bilen bolan söweşde şehit bolupdyr. Germab jülgesindäki Mürze dagynyň gündogar tarapyndaky Zawuň eteginde Çopan batyryň wepat bolan ýeriniň daşyna haýat aýlanyp, ol ýerde goýlan ýadygärlik ýazgy hem muňa şaýatlyk edýär. Çopan kir ömrüniň agramly bölegini Bäherden, Arçman sebitlerinde geçirensoň, ondan nyşan hökmünde Arçman obasynda «Çopan haýat» diýen ýer ady, Degirmen dagynyň ileri ýüzünde «Çopan süren» diýilýän diň, şonuň ýaly-da Bäherdende «Çopan kärizi» diýlen käriz, Çopan kiriň ýaşan öýi we at ýatagy saklanyp galypdyr. Şeýle hem, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Garadaşaýak ýaşaýyş toplumynyň we Bäherden şäheriniň degişli köçesine Çopan kiriň ady dakylan.