logo

Latest news:
✦ Medeniýet hepdeligi: galkynyşyň we ösüşiň baýramy ✦ ✦ Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlady ✦ ✦ Ahalteke bedewleri — türkmen halkynyň buýsanjy ✦ ✦ Täze ylalaşyklar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar ✦ ✦ Türkmenistan-Malaýziýa forumynda energiýa hyzmatdaşlygy üns merkezinde ✦ ✦ Anwar Ibrahim Aşgabatda Malaýziýanyň diasporasy bilen duşuşdy ✦ ✦ Gadymyýetden gözbaş alýan sungat ✦ ✦ Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ylmy üstünlikleri ✦ ✦ Paýtagtymyzda Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Azerbaýjan Respublikasynda halkara maslahat geçirildi ✦
Home / Culture /Türkmeniň aw tazysy
  27.11.2021
1685
Türkmeniň aw tazysy

Tazyly aw etmegiň lezzetiniň el guşly aw etmekden üns çekijiliginden köp bolmasa, az däldigi jedelsizdir. Baryp XIX asyrda syýahatçylaryň biri M.I.Bogdanow “Hywa oazisiniň we Gyzylgum çölüniň tebigatynyň oçerkleri” atly kitabynda türkmen tazylary hakynda şeýle ýazýar: “Itleriň aratapawudyny bilýän her kes türkmen tazysynyň oňat nusgalylygyna göz aýlap, onuň ussatlar tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen we garyndylardan ykjam goralyp saklanylýan arassa ganly tohumdygyny görenden, oýlanman, ýaýdanman aýdar: tazy şeýle derejede ýetişdirilen hakyky, arassa tohumdyr. Türkmeniň öz tazysy hakynda edýän aladasy söýgüli argamagy (tohum aty) aladasyndan az däldir. Türkmenler öz itleri bilen seýrek we juda göwünsiz aýrylyşýarlar, olar diýseň uly gadyr-gymmat goýýarlar”.

Türkmen tazylarynyň barmaklarynyň aralary örän seýrek tüýli, ýylmanak ýüňlidir. Guýrugynda beýlekilere garanda ýeňil, çalaja görünýän seçegi bar, kellesi süýri, gulaklary uzyn, ýüpek gulpakly. Arkasy örän çeýe, gözleri uly, ýanyp duran janly we adatdan daşary nuranadyr.

Tazy bolmalysy ýaly saklanylanda, awda eýesine sekiz-dokuz ýyl hyzmat edip biler. Umuman tazynyň ömrüniň ortaça dowamlylygy on üç-on bäş ýyldyr. Yssy günlerde ony düýe süýdi bilen bakýarlar. Gyşyň sowugyndan goramak üçin bolsa oňa keçeden jul tikýärler. Gaýnadylan, bişirlen et bilen bakýarlar. Ol gapdaldan seredeniňde şeýle görünýär- aw guşy çalasyn gaçýan towşana ýel berip, onuň tizligini sähelçe kemeldýär, bu bolsa ýüwrük tazylar üçin ýeterlikdir. Ýöne her näçe çalasyn bolsalar-da, aw möwsüminde otlaryň gögermegi tazylara çöl towşanyny kowup ýetmäge kynçylyk döreder, ýagny gök otdan doýan towşan soň taza aňsat eýgertmeýär.

Halkymyzyň awçylyk däbinde tilkilerdir şagallary we şuňa meňzeş haýwanlary tutmakda tazynyň ulanylýan halatlary az däl. Laçyn we tazy bilen aw awlamak däbi köp wagtyň geçmegi bilen tejribe edilen we awyň häzirki zaman kadalaryna laýyk gelýän halk sungatydyr.