logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Culture /Türkmen topragyndaky taryhy ýerleriň öwrenilişi we gorap saklanylyşy
  02.04.2020
1401
Türkmen topragyndaky taryhy ýerleriň öwrenilişi we gorap saklanylyşy

       Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe taryhy we medeni ýadygärliklerini öwrenmek, gorap saklamak we rejelemek ulgamynda gaýra goýulmasyz işler üstünlikli amala aşyrylýar. Biziň döwletimizde geçen gysga döwrüň dowamynda ,,Milli taryhy medeni mirasyň obýektini goramak hakynda”, ,,Muzeýler we muzeý işi hakynda”, ,,Medeniýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Mälim bolşy ýaly, mähriban diýarymyzda sekiz sany taryhy-medeni goraghanalary – ýadygärlikleri öwrenmek, goramak hem-de rejelemek işleri alyp barýarlar. Şolaryň biri hem ,,Abiwert”  taryhy-medeni döwlet  goraghanasydyr. Günorta Türkmenistanyň Gäwers düzlügünden tä Mäne-Çäçe ýaýlalaryna çenli uzalyp gidýän aralykdaky taryhy-arheologiýa ýadygärlikleriniň 203 sanysyny öz goramagynda saklaýar. Goraghananyň  hünärmenleriniň işjeň gatnaşmagynda XI aayr binagärlik ýadygärligi Mäne baba kümmetinde 2005-nji ýylda arheologiýa-öwreniş we rejeleýiş berkidiş işleri geçirildi. XIX asyr Kaka medresesiniň esasy bölegi gaýtadan dikeldildi. Şeýle hem indi köp wagt bäri Ulugdepe arheologiýa ýadygärliginde türkmen-fransuz, Ýylgyndepe ýadygärliginde türkmen-rus, Monjukdepe ýadygärliginde türkmen-german halkara arheologiýa ekspedisyýalary gazuw-agtaryş işlerini alyp barýarlar. Bu işlere ,,Abiwerd” taryhy-medeni döwlet goraghanasy ýolbaşçylyk edýär. Geçen ýylyň dowamynda goraghananyň muzeý gaznasyna 500-den köpräk taryhy tapyndy  jemlendi.