Toprak, ýer mukaddeslige deňelýär.Bu toprakda bitýän, öndürilýän dürli ir-iýmişler, önümler, ösümlikler ynsan ýaşaýşynyň aýrylmaz bölegini emele getirýär.Mukaddes türkmen topragynyň asty, üsti baýlykdyr, melhemdir.Türkmen topragynda bitýän her bir ösümlik özüniň dermanlyk, iýmitlik aýratynlyklary bilen tapawutlanýar.
Türkmenistanda ösýän 3000-den gowrak ýokary derejeli ösümlik görnüşiniň 600-den gowragy derman ösümliklerdir. Ysmanak, narpyz, selme,semzek, atgulak ýaly birnäçe otlar gadymdan bäri türkmen saçagyny bezäp gelipdir. Hemmeulanylýan derman serişdeleriň ýarsyna golaýy ösümliklerden alynýar. Derman otlaryň,aýratyn hem, käbir keselleri bejermekde ähmiýeti uludyr. Mysal üçin, ýürek-damar kesellerini bejerýän dermanlaryň 80 göterimi, bagyr we aşgazan-içege kesellerini bejerýänleriniň 75 göterimi ösümliklerden alynýar. Bulardan başga hem aýal kesellerine garşy peýdalanylýan serişdeleriň 80 göterimi, gakylyk goparyjy we soguljanlara garşy ulanylýanlaryň bolsa 70 göterimi derman ösümliklerden öndürilýär.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýörite Derman ösümlikleri instituty işleýär. Halkymyzy otlardan ýasalan ýerli derman bilen elýeterli üpjün etmäge mümkinçilik döredýär.
Şeýle naýbaşy ösümlikleriň biri hem müň derde derman bolan üzärlikdir. Gadymy döwürlerden bäri halk tebiрçiliginde, lukmançylygynda giňden ulanylyp gelýän üzärlik häzirki wagtda hem ynsanyýet üçin wajyp ösümlikleriň biridir.Dünýä lukmançylygynda uly seslenme tapan we giň ulanylyşa eýe bolan bu ösümlik barada “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy ensiklopedik kitabynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow giňişleýin nygtap geçýär.
Halkymyz tutumly işiň başyny tutjak bolanda, täze gelin öýe gelende, täze ulag alanda, täze jaýa göçende, doglan bäbejigi bäbekhanadan getirende, ýatagyndaky mallarynyň köşekläp, owlak guzulap, göleläp, köpelen wagtlarynda “Gözden-dilden, bela-beterden gorasyn” şeýle-de maşgalada biri dümewlese ondan başga birine ýokuşmasyn diýip, üzärlik tütedipdirler. Ilkibaşda uly bolmadyk çukurjyk gazylyp, şolarda üzärligi ýakyp tütedipdirler. Häzirki wagtda bu babatda metaldan ýasalan gaplar, çanaklar we beýlekiler ulanylýar.
Üzärligiň tüssesi syrkow-sökelleri bejermekde möhüm ähmiýete eýedir. Üzärligiň köküni gaýnadyp, onuň suwuny içmekbilen, gyzzyrma keselinden saplanypdyrlar. Lukman Hekimiň aýtmagyna görä, guradylmadyk üzärlik bilen aýagyň guragyrysyndan ýa-da bogun agyrlaryndan saplanyp bolýar. Guradylan üzärlikden çaý demläp,sowuklamany, garaguş agyryny, böwrek keselini, agzy çaýkap dişagyryny, daşyndan çalyp gözagyryny bejeripdir.
Ýokardaky aýdylanlar üzärligiň ýüz ärlik dermanlyk güýjüniň bardygyny, türkmen topragynyň astynyň-da, üstüniň-de hazynadygyny subut edýär.