Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦ ✦ Mugallymlar häzirki zaman pedagogikasyny öwrenýär ✦ ✦ “Kids Expo 2024”: Türkmen wekiliýeti halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär ✦ ✦ Täze bilim sebitlerinde hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen talyplarynyň Halkara taslama bäsleşiklerinde üstünligi ✦ ✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Türkmen tebigaty barada
  06.03.2020
3224
Türkmen tebigaty barada

     Türkmenistanyň tebigaty baý we özboluşlydyr. Türkmenistany güneşli ýurt diýip ýerlikli belleýärler. Ýylyň dowamynda ol 250 gün gök asmanymyzda şöhle saçyp durýar. Türkmenistanyň özboluşly ekoulgamlary, haýwanat we ösümlik dünýäsiniň müňlerçe görnüşleri bar, bu görnüşleriň ençemesi diňe türkmen topragynda duş gelýär.

    Häzirki wagtda ýurduň çäginde biodürlüligiň, esasan hem Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikleriň we haýwanlaryň seýrek duş gelýän görnüşleriniň sanyny dikeltmek boýunça işleri amala aşyrýan 9 sany döwlet tebigy goraghanalary hereket edýär. Goralýan çäkleriň umumy meýdany iki million gektardan geçýär.

      Türkmenistanyň ösümlik dünýäsinde 3000-den gowrak görnüşleri bardyr we bu ösümlikleriň 13% diňe Türkmenistanda duş gelýär. Şeýle-de Türkmenistanda pes derejeli ösümlikleriň we kömelekleriň 4000 görnüşi duş gelýär. Ýurtda ýabany ösýän miweli, ir-iýmişli, hoşboý ysly, tagamly we bal beriji ösümlikler ilaty gymmat bahaly iýmit önümleri bilen üpjün etmek üçin çig mal görnüşinde azyk senagatynda we derman senagatynda peýdalanylyp bilner.

      Ýabany miweli we hoz agaçlarynyň tokaýlyklary ýa-da dünýäde gymmatly tokaýlaryň biri hasaplanýan dag ýapgytlaryndaky arça tokaýlyklary diýjekmi, ýa-da sawanna görnüşli selçeň ýerleşen pisselikler, çöldäki sazak tokaýlyklary, derýa boýundaky jeňňellikler diýjekmi, umuman Türkmenistanda bar bolan gaýtalanmajak tebigat aýratynlyklarynyň ählisini sanap geçerden köpdir.

       Türkmenistanyň haýwanat dünýäsi hem edil şonuň ýaly köp dürlüdir. Ýurduň haýwanat dünýäsini oňurgaly haýwanlaryň 700-den gowrak görnüşi we oňurgasyz haýwanlaryň 12000-den az bolmadyk görnüşi düzýär. Köpetdagda sebit boýunça alajagaplaňyň iň köp sanly toplumy ýaýrandyr, bu ýerde dag gerişlerinde umgalaryň we aýraklaryň sürileri gezýärler. Bathyzda gulanlary Ýer ýüzünde diňe bir ýitip gitmekden saklanyp galmagyna däl-de, eýsem olaryň sanynyň artdyrmagyna hem mümkinçilik döredi. Şeýle hem, bu ýerde keýikleriň we aýraklaryň köp sanly sürilerine, syrtlan we möjek ýaly ýyrtyjy haýwanlara, bürgüt, gajar, dazzarkel, maslykçy, ütelgi, çyparbaş laçyn ýaly ýyrtyjy guşlaryň dürli görnüşlerine duş gelmek bolýar. Bathyzyň tebigy ekoulgamlary Köýtendag döwlet tebigy goraghanasy bilen bir hatarda, sähra we dag ekoulgamlarynyň ajaýyp ýerlerini özünde jemleýän tebigy toplumlar hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna goşmak üçin hödürlendi.

     Ýurduň meýdanynyň 80%-ni tutýan çöllük ýerlerde haýwanat dünýäsiniň köp görnüşleri biologik deňagramlylygyň dürs sazlaşygy netijesinde özlerini oňat duýýarlar. Yssy hem gurak howa şertlerinde ösümlikleriň özboluşly görnüşleri emele gelip, olar topragyň çuň gatlaklaryndan jana şypaly çyglylygy almaga, jöwzaly tomusda özüniň ösüşini wagtlaýyn togtatmaga we gysga wagtlaýyn rehnetli ýazda dynuwsyz ösmäge we güllemäge ukyplydyrlar.

     Emma şeýle-de bolsa, Türkmenisatanyň tebigatyyň gözel köpdürlüligi ýaşaýşyň esasyny düzýän suwuň bol ýerlerinde has giň we doly açylýar, salkyn dag eteklerinde, derýa jülgelerinde, dürli tebigy zolaklaryň kesişýän ýerlerinde hakyky ýaşaýyş möwç alýar.

      Türkmenistanyň daglary we dag eteklerindäki düzlikleri ýurduň umumy meýdanynyň 20%-ni tutýarlar. Türkmenistanyň günortasynda, gündogarynda we günbatarynda Köpetdag, Köýtendag we Balkan daglary ýerleşýärler. Eger-de öwrüm-öwrüm dag ýodalaryndan ýöreseň, onda her öwrümde, her täze ädimde dereleriň, dag ýapgytlarynyň, dag çemenlikleriniň, dury suwly derýajyklaryň we şarlawuklaryň gaýtalanmajak gözelliklerine duş gelýärsiň.

       Hazaryň kenar ýakasyna baryp görmezden Türkmenistanyň tebigy landşaftlaryna doly göz ýetirmek mümkin däl. Hazar deňzi – dünýä ummany bilen arabaglanyşygy bolmadyk, Ýer ýüzinde iň uly, akmaýan şor suwly köldür. Bu ýerde Hazar deňziniň endemigi bolan hazar düwlenleri ýaşaýar. Deňziň kenarynda gyzylgazlary, gotanlary, ördekleri, çarlaklary we başga-da köp guşlary görmek bolýar.

       Tebigatyň bu ajaýyp gözeliklerini 1932-nji ýylda döredilen Hazar döwlet tebigy goraghanasynda synlap bolýar. Goraghanada guşlaryň 300-den gowrak görnüşleri duş gelýär. Hazar deňziniň kenarlary köp sanly göçýän guşlaryň gyşlaýan ýeri hökmünde bellidir. Şeýle hem, deňiziň türkmen bölegi guşlaryň uçup geçýän dünýäde iň wajyp migrasiýa ýollarynyň biri bolmak bilen, bu ýerde Merkezi-Aziýa we Gündogar-Afrika migrasiýa ýollary kesişýär. Gyşlaýan guşlaryň umumy sany 200 münden geçýär. Bu sebäpden, goraghananyň düzümine girýän Türkmenbaşy aýlagy 2009-njy ýylda Ramsar konwensiýasynyň halkara ähmiýetli suwly batgalyk ýerleriň sanawyna girizidi.

         Hazar deňziniň türkmen kenary diňe bir mineral baýlyklary bilen däl-de, eýsem ekologiýa taýdan arassa deňiz suwy we dynç almak üçin amatly şertleri bilen hem meşhurdyr. Hazar deňziniň kenarynda „Awaza“ Milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi bu zolakda durmuşa geçirilýän giň möçberli taslamalar adamlaryň dynç almagy üçin amatly şertleriň döredilmegine we gaýtalanmajak deňiz ekoulgamyny gorap saklamaga gönükdirilendir.