Dünýäde diňe Türkmenistanyň Sünt-Hasardag döwlet goraghanasynda ösýän Türkmen selmelegi-mährigoýa (Mandragora turcomanica Mizg.) täsin ösümlikleriň biridir.
Günorta-Günbatar Köpetdagyň miweli agaç we ot ösümliklerine örän baýdygyny görkezdi. 1936-njy ýylda akademik N.I.Wawilow Garrygala häzirki Magtymguly etrabynyň ösümlik dünýäsi bilen tanşýar. Alym bu etrabyň gurak subtropiki zolakda gymmatly miweli ösümlikleriň ojaklarynyň biridir diýen netijä gelýär. Sebitiň çäklerinde örän täsin bolan ösümligiň, ýagny ylym üçin täze görnüş bolan türkmen selmeleginiň tapylmagy goraghana döretmek meselesini çaltlandyrdy. Örän seýrek we gymmatly bolan bu ösümlik goralmaga örän mätäçdi. Geçen asyryň 44-nji ýylyň dekabr aýnyň 31-de türkmen selmeleginiň osýan ýerlerini goramak maksady bilen «Türkmen mandragorasy» goraghanasy döredilýär. Şol döwürde bu seýrek ösümligiň sany 600 nusgalykdan geçmeýärdi.
Ýöne aýratyn ösümligi goramaklyk garaşylýan netijäni bermedi. Selmelek doly ýitip gitmek howpy astyndady. Ösümlikleriň tebigy genofondy çürt-kesik azalýardy. Günorta-Günbatar Köpetdagyň haýwanat dünýäsi hem görnüş taýdan garyplaşýardy. 1951-nji ýylda goraghananyň hereket etmegi ýatyryldy.
1977-nji ýylyň dekabr aýynyň 2-de Köpetdag goraghanasynyň garamagynda Sünt-Hasardag bölümi döredilýär we 1978-nji ýylyň 20-nji dekabrynda ady agzalan bölümiň binýadynda adybir, ýagny Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasy döredilýär. Günorta-Günbatar Köpetdagda goraghananyň döredilmegi sebitiň özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýuwaş-ýuwaşdan dikeldilip başlanmagyna itergi berdi.
Türkmen halky asyrlar boýy ylham çeşmesi hasaplanýan gözel tebigatymyzy gorapdyr we tebigat täsinliklerini özüniň medeniýetine, däp-dessurlaryna ornaşdyrypdyr. Şeýle melhemleriň biri hem türkmen selmelegidir (mandragora tursomanica). Ol biziň ýurdumyzyň günorta-günbatarynda (Şyblan, Dagdanly, Ýekeçynar, Altybaý, Hozly, Çohagaç), Merkezi (Sarymsakly) Köpetdagda toýunsow, oňat yzgarly eňňitlerde, agaç we gyrymsy agaç ösümlikleriň arasynda duş gelýär. Biologiki aýratynlygy boýunça bu ösümlik ir ýaz tohumlary bilen köpelýär, dekabrdan marta çenli gülleýär, aprelde-maýda miweleýär. Türkmen selmelegi az öwrenilen görnüş bolup, onuň köküniň uzynlygy 60 sm-dir. Miwesiniň reňki sary bolup onuň diametri 2-3 sm-re barabardyr. Ýaşylymtyl ak güli bu görnüşe gözellik berýär. Ol rahatlandyryjy, agyryny köşeşdiriji, gan basyşy kadalaşdyryjy, ganyň düzümindäki süýjini peseldiji, aşgazan-içege kesellerini bejermekde, deri kesellerinde, bogun agyryda şeýle-de birnäçe kesellerde melhem bolýandygy halk lukmançylygynda tassyklanyldy.
Türkmenleriň arasynda selmelek diýlip atlandyrylýan mandragora ösümligi her bir jähtden dünýädäki beýleki mandragoralaryň ählisi bilen bäsleşip biljek. Ortaýer deňziniň kenarlarynda hem-de onuň sebitlerindäki adalarda bitýän mandragoralaryň görnüşleri hem olaryň häsiýetleriniň käbir taraplary adamlar üçin örän gadymdan bäri mälimdir.
Seýrek duş gelýän hem-de örän özboluşly bolan bu ösümlik barasynda halk arasynda her hili ynançlar, rowaýatlar köpden bäri dowam edip gelýärdi. Gadym wagtlarda bu ösümligi köwläp, onuň adam durkuny ýatladyp duran köküni toprakdan çykarmak üçin, ýörite bilmeli zatlar bar diýlip ykrar edilipdir.
Eger şeýdilmese bu iş howply hasap edilipdir. Ýene bir ýerde bu ösümligiň adyny söýgi meselesi bilen baglanyşdyrsalar, Siriýadyr Türkiýe ýaly ýurtlarda önelgesiz zenanlar heniz-henizlerem mandragoranyň köküni perzentli bolmagyň dogasy hasaplaýarlar.
«Mandragoranyň köküni ele salyp bilen adam hiç mahal garramaýar, ol adama söýgi, mähir, baýlyk getirýär» - diýip, ýürek bilen ynanýan halklar-da ýok däl. Olaryň pikiriçe, mandragoranyň köki çagasy bolmaýan aýallara zürýat berýärmişin, adamy gözden-dilden, her hili bela-beterlerden gorap saklaýarmyşyn diýip ynanýar.
Soňraky geçirilen ylmy barlaglar selmelegiň biologik taýdan-da, hojalyk babatdan-da uly ähmiýetiniň bardygyny subut etdi. Ýöne ýerden däl türkmen selmelegini-mährigoýany (mandragorany) Türkmenistanyň ýabany ösümlikleriniň arasynda miweli, iýmişli we dermanlyk ösümlik häsiýetiniň bolmagyna görä «türkmen ženşeni» diýip hem atlandyrylýar.
Mandragora esasan dermanlyk serişde hökmünde ulanylýar. Onuň miwesiniň köp bölegi alkaloidlerden ybaratdyr. Özi-de şol alkaloidler ösümligiň diňe bir ýapragynda ýa-da miwesinde däl-de, eýsem baldagynda-da bardyr. Selmelegiň ýakymly ysy, owadan iri-iri miwesi bolýar. Ýöne ol kemsiz bişip ýetişenden soň iýilýär. Türkmen selmeligi barada giňişleýin maglumatlar Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy köp jiltli ensiklopediki kitabynda bellenip geçilýär.
Häzirki wagtda «Saglyk» maksatnamasyny durmuşa geçirmekde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy ensiklopediki kitaby uly nazary we amaly ähmiýete eýedir.
Bize şeýle ajaýyp zamanada okamaga, işlemäge, halal zähmet çekmäge ylym bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip beren Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, başy dik, il bähbitli ýurt ähmiýetli işleri elmydama rowaç alsyn.
Enwer MEREDOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
biologiýa we ony okatmagyň usulyýeti
kafedrasynyň mugallymy.