logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /Türkmen pissesi kesellere durnuklylygy güýçlendirýär
  15.02.2023
1541
Türkmen pissesi kesellere durnuklylygy güýçlendirýär

Iýilýän iýmitde möwsümleýin ter gök-miweleriň bolmagy sepgidiň ýaramaz täsirini ýeňip geçmäge ýardam berýär. Şeýle hem düzüminde kalsiý we belok bolan süýt, ýogurt, gatyk, peýnir, ýumurtga, et, towuk eti we balyk bedene haýyrly önümlerdir. Hozlar - hoz, badam, pytnyk we pisse köp kesellerde peýdalydyr. Olardan pisse barada aýratyn durup geçeliň! 

Pisse gadym döwürlerden bäri dermanlyk serişde hökmünde ulanylyp gelinýär. Gadymy döwürlerde pisse bilen üsgülewük, ýürek bulanma, gaýtarma, içege agyrylary we bagyr keselleri bejerilipdir. Häzirki zaman lukmançylygynda pisse hozy ysgynsyzlykda, döş kesellerinde we ganazlykda ulanylýar.

Ylmy nukdaý-nazardan pisse maňzy antioksidant, antibakterial, antiwirus, sowuklama garşy, çişlere garşy, agyry azaldyjy we antidiabetik häsiýetlere eýedir.

Türkmenistanda pissäniň iki görnüşi – Bathyz pissesi we adaty pisse ösýär. Eýran bilen ABŞ pisse ýetişdirmekde dünýä liderleri bolsa-da, ýurdumyzyň günortasynda ösýän hytaýlylaryň «bagt hozy» diýip atlandyrýan pissesi hili babatda belli eýran pisselerinden pes däl.

Soňky dört ýylda türkmen hünärmenleri pisse we badam agaçlaryny ýetişdirmek boýunça ylmy-amaly işleri alyp barýarlar. Her ýyl olaryň nahallary ekilip, ekilenlere ideg edilýär. Bathyz goraghanasynda türkmen pissesiniň tebigy iri massiwi bar. Pisse agajy gurakçylyga örän çydamly hasaplanýar, onuň boýy 6 — 7 metre, kähalatlarda 10 metre çenli ýetýär. Ýapraklary açyk ýaşyl reňkli bolup, gülleri sübselik şekilli gül topbagynda jemlenendir. 60 — 80 ýaşly pisseler köp hasylly hasaplanýar.

Ýokary kaloriýaly pissäniň ýagjymak maňzynda magniý, sink, kaliý, marganes, mis, fosfor, şeýle hem B topar witaminleri ýa-da belogy siňdirmäge we ýaglary gidirmäge mümkinçilik berýän, ýagny alyş-çalyşda esasy madda - biotin bar. Pissäniň düzüminde seleniň köp bolmagy bedeniň kesellere garşy durnuklylygyny güýçlendirýär, eger-de bedene agyr metallaryň duzy täsir edýän bolsa, şol element zäherlenmäniň öňüni alýar.

Pisseden aňryçäk peýda almak üçin günde 15-e golaý pisse iýiň. Çagalara ýediden köp pisse bermäň. 

 

Döwrangeldi SAPAROW,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw
mekdebiniň talyby.