Türkmen halysy özüniň ajaýyp keşbi bilen dünýä bellidir. Ol özüniň reňki, nusgasy, berkligi we mäkämligi bilen tapawutlanýar. Türkmen halky halyny özüniň köp dürli ajaýyp nagyşlarydyr nusgalary bilen örän köp asyrlardan bäri dokap gelýärler. Türkmen halysynyň her bir inedördül metrinde millionlarça çitim bolup, ol ozüniň berkligi we durnuklugylygy bilen meşhurdyr. Ol goýunyň dürli görnüşdäki ýüňlerinden dokalýar. Türkmen halysy bu - sungatyň ajaýyp öwüşginlerini özünde jemleýän sungat ussatlary – türkmen zenanlarynyň el hünäridir. Türkmen zenanlary özleriniň milliligini Teke, Ýomut, Saryk, Çowdur, Ärsary haly göllerinde jemlemek bilen, al-ýaşyl öwüsýän baýyrlaryny, ürgün çägeli çöllerini, guba gazly deňizdir derýalarynyň reňklerini onda beýan edipdirler. Dünýäniň her bir halky öýüniň törüni bezeýän türkmen halysyna guwanyp, onuň ajaýyp owadanlygyndan lezzet alýar. Ol her bir öýe mähir, eşret we gelşik berýär.
Ajaýyp hem gaýtalanmaz şekilleri özünde jemleýän türkmen halylaryna seredip, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda şeýle inçe senedi döredendiklerine haýran galýarsyň. Türkmen halyçy gelin-gyzlary hiç hili ölçeg birlikleri bolmazdan anyk çyzgy kadalara boýun egýän we ajaýyplylygy bilen tapawutlanýan dürli halylary döredipdir. Türkmen halylary tutuş dünýäde özüniň gözelligi, berkligi, çeýeligi we ajaýyplylygy bilen tapawutlanýandyr.
Türkmen gülleriniň, otlarynyň, daragtlardyr, gyrymsy agaçlarynyň köpüsi –diňe belli bir ýere mahsus bolan ösümlikler bolup, şolaryň özi-de haly reňklerine seýrek duş gelýän öwüşgini berýär. Bu ösümliklerden öçmejek boýaglar taýýarlanylýar. Şeýle hem haly göllerine siňe syn edeniňde onda örän baý deňsiz-taýsyz äheňler bardyr.
Topragyň gury gatlagyny ýaryp çykan otlaryň inçejik baldaklarynda ýaşaýşa bolan, gör nähili teşnelik bar. Olar haly nagyşlarynyň çitimlerini aňlatsa, meýdan gülleriniň okarasyndaky gizlenip ýatan çuňluklar bu abstrakt nagyşlara diňe bir reňk ýa-da forma bermän, eýsem halynyň üstüniň tüýjümekligi gül ýapraklarynyň näzikligini ýatladýar.
Halynyň nagyşlarynda ösüntgileriň buýralary, gül ýapraklarynyň ýumşak konturlary, ýapraklaryň ornuny çalyşmagy, baldak, miweler çitilipdir. Ýöne türkmen halysynyň merkezi böleginde, adatça romb görnüşli dörtburç göller ýerleşdirilip, olar ekin meýdanlaryny, ýeriň bereketini, zähmetsöýerligi we bagtyýarlygy alamatlandyrýandyr.
Gör, nähili täsinlik bilen halynyň meýdanynda gül şekilleriniň arasynda beýleki ösüntgiler, gunçalar, baldaklar we kökler ýerleşdirilipdir.
Çitim yzyna çitim döräp, çeper elli halyçy ýaradyjy ýaly, öz dünýäsini halynyň ýüzünde döredýär. Baýyrlar we daglar onuň gaýmasy, soňsuz ýodajyklar onuň ýüplügi, otlar onuň tüýjümek üsti, derýalar we şaglawuklar onuň düşegi, şol düşekde bolsa güller açylypdyr, kebelekler uçup ýör, agaçlar kök urup otyr, guşlaryň sürüsi asmana galýar, tolkunlar kenara urulýar, bularyň ahlisini halynyň ýüzünde ýerleşdirip başaran halyçy zenandyr.
Ine, näme sebäpden haly türkmen üçin gündelik ýa-da adaty zatlar däl. Çünki ol agaçlary, otlary, adamlary ekleýän, özünde uly güýji saklaýan Zeminiň ýaşaýşy bilen dem alýar. Çünki haly gündogarda bägül gülleriň şasy hökmünde ýaşap gelýär. Syn edip görseňiz bu göz baglaýjy gülde onuň ýapraklarynda säher çygynyň damjalary bar ýalydyr. Ine, ol uzyn baldaklarynyň üstünde ygşyldap, onuň atyr ysynyň tolkunlary ýüregiň çuňuna ornaýar. Nagyş salmagyň tehniki usullary, reňkleriň köpdürliligi, çitimleriň adalgasy halkyň taryhynyň döwürlerinde bolan etniki ýagdaýlar, goňşy halklar bilen gadymy we häzirki zaman gatnaşyklar onda öz beýanyny tapypdyr. Asyrlaryň dowamynda türkmen halysyna “Syrlardan dokalan gözellik” diýip at beripdirler. Gadym zamanlarda iň gizlin hatlary hala, kilimlere birnäçe şekillerin üsti bilen çitip, ony gerekli ýerlerine ýetirmegi-de başarypdyrlar. Halyçylar tebigy reňkleri ýerli ösümliklerden alypdyrlar. Esasy goýy gyzyl reňki çöpboýadan alyp, şunlukda, ýörite berkidiji dermanlar bilen ýüplüklere gan ýaly melemtil gyzyl ýa-da garamtyl ülje öwüşginlerini beripdirler. Sary reňki sary çöp diýen otdan, meläni nar gabygyndan alypdyrlar. Ýaşyly çekize we üzüm sirkesi bilen garylan mis gyryndysyndan ýasapdyrlar. Ýüň ýüplükleri reňklemek üçin soganyň gabygy, üzüm şahasynyň baldagy, ýowşan, zirk, guradylan nar gabygy, ýaňy bişip başlan hozuň gabygy hem peýdalanylypdyr. Şeýlelikde bu işler asyrdan asyrlara geçip biziň günlerimize ýetip gelipdir. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen halyçylyk sungatyny ösdürmekde täze öwüşginler berildi.Ýurdumyzda döwrebap haly dokalýan fabrikler gurduryp berildi.
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň
mugallymy Akjagül Ataýewa