logo

Latest news:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Home / Culture /Türkmen halysy
  11.02.2022
1501
Türkmen halysy

Halyçylyk sungaty türkmen halkynyň göz guwanjy el hünäri başarnyklygy hökmünde irki döwürlerden gelýän halk döredijiliginiň iň gymmatly ýadygärligi hökmünde XIX asyrda hem rowaçlanypdyr. “Turanyň iň gözel önümi” hökmünde suratlandyrylýan nepis türkmen halylarynyň dürli-dürli gölleri bu döwürde hem dokalypdyr. Teke gölli, salyr gölli, saryk gölli, ýomut gölli, ärsary gölli, çowdyr gölli diýip atlandyrypdyr. Her tiräniň özüniň öz boluşly nagyşlary gölleri bolupdyr. Türkmen halylary gündogaryň ýurtlarynda we ýewropanyň, amerikanyň ýurtlarynda gadyr gymmaty çäksiz bolup dünýä bazarynda XIX asyrda “Buhara halysy” ady bilen meşhurlyk gazanypdyr. Halyçylyk türkmen halkynyň amaly haşam sungatynyň has gadymy görnüşleriniň biri hasaplanýar. Halyçylyk sungaty öz gözbaşyny gadymy geçmişiň jümmüşinden alyp gaýdýar hem-de baryp V müň ýyl mundan ozal türkmen halylarynyň dokalandygy äşgär edildi. Summar jülgesindäki Parhaý diýen ýerde giçki bürünç eýýamyna degişli mazarystanlykda arheologik gazuw agtaryş işleri geçirilen mahalynda, alymlar baý we dürli görnüşdäki haly önümçiliginde ulanylan materiallary toplapdyrlar, munyň özi şol ýerlerde ýaşan gadymy ilatyň durmuşyna degişli köp zatlary anyklamaga mümkinçilik döretdi. 1947-nji ýylda Altaýdaky gazyryk diýen depede ýerleşen gadymy mazarlykda gazuw agtaryş işleri geçirilende türkmen halysyny haýran galdyryjy nusgasy ýüze çykaryldy. Radio uglerodly usuly ulanmak arkaly onuň 2400 ýyl mundan ozal dokalandygy kesgitlenildi. Bu tüýjümek halynyň şunça wagtlap ýatsada känbir zaýalanmandygy diýseň haýran galdyrýar. Onuň möçberi 183X200 sm 1 inedördül diametr syklygy 3600 çitinden ybaratdyr. Häzirki wagtda bu haly Sankt-Peterburgdaky ermitažyň gaznalarynda saklanýar. Halylar barada XVIII asyrda ýaşan Wenesiýaly Marko Polanyň ýazgylarynda ýatlanylýar.