Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Türkmen halk artisti Artyk Jallyýewiň durmuşyndan
  18.02.2021
571
Türkmen halk artisti Artyk Jallyýewiň durmuşyndan

 

      Diňe bir türkmen medeniýeti üçin däl, eýsem Orta Aziýanyň we Gazagystanyň medeniýeti, kino sungaty üçin ömrüni bagyşlanlaryň biri-de Türkmenistanyň halk artisti Artyk Jallyýewdir.

       Gözel paýtagtymyň günbatar-günortasynda ýerleşýän, gür baglyga bürenip oturan Bagyr obasynda doglan, şol obada-da kemala gelen Artyk Jallyýew Daşkent şäherinde aktýorlyk ugrundan institutda bilim alyp, ata Watana dolanyp gelenden soň, öz tebigy zehini bilen hakyky kino ýyldyzyna öwrüldi.

      Halk içinde Artyk Jally ady bilen şöhrat gazanan bu türkmen aktýory, ömrüniň ahyryna çenli orta Aziýanyň ýurtlarynyň, Russiýanyň we Belarus Respublikasynyň kinostudiýalarynyň dürli çeper filmlerinde 200-e golaý keşbi janlandyrdy. Aktýor şol filmlerde baýlaryň, hanlaryň keşplerini janlandyranam bolsa, halk köpçüligi onuň döreden gahrymanlaryny çuňňur söýgi bilen kabul edýärdi. Mysal üçin, ol «Şükür bagşy» kinofilminde Çapyk hanyň hem-de Mämmetýar hanyň keşplerini, «Säherdäki atlylar» atly türkmen kinofilminde Bekmyrat baýyň, «Gyzylgumuň ýodalary» atly özbek çeper kinofilminde Jüneýt hanyň, gazak doganlarymyzyň döreden «Soltan beý Bars» atly çeper filminde türkmen serkerdesiniň keşplerini ussatlyk bilen janlandyrdy.

      Artyk Jallyýewiň kino sungatynda döreden gahrymanlary barada ozal köp ýazyldy. Biz bolsa, bu gün onuň durmuşdaky keşbinden käbir wakalary ýatlamakçy.

...Hyýrsyz, «Gylyjyndan gan damyp duran» diýdirýän keşbi döretmegiň ussady Artyk Jallyýewiň hoşgylawlylygynyň, ynsanperwerliginiň hem aňyrsyna ýeterli däldi.

«Şükür bagşy» kinofilmini surata düşürmäge köpsanly adam aatnaşýar. Artvk Jallv şol döwürler Soýuz derejesinde meşhurlyk gazanan, abraýly kinoaktýor bolansoň, gazak telewideniýesi ol filmiň Artyk Jally bilen bagly käbir parçalaryny medeniýet täzeliklerinde tomaşaçylara ýetirýär.

...Gazak sähralygynda tomsuna şol filmiň düşürilýän günleriniň birinde, Gün öýleden agansoň, aktýorlar dynç almak üçin dikilen çadyrlara girýärler. Şol wagt bir gara «Wolga» Artyk Jally dagynyň çadyrynyň ýanyna gelip saklanýar. Maşyndan düşen gazak sürüjisi salam berip: «Haýsyňyz Artyk Jallyýewiç bolýaňyz!» diýip soraýar. Artyk Jally özüni tanadansoň: «Hormatlanýan bir ýaşuly sizi myhmançylyga çagyryp, ynha maşyn ugratdy!» diýipdir. «Hödür-kerem bar bolsa, ýok diýmeris!» diýip, Artyk Jally maşyna münýär.

Ýolda Artyk Jally-ha sürüjiden özüni kimiň myhmançylyga çagyrandygyny soramandyr, sürüji hem aýtmandyr.

Gara «Wolga» şäheriň kaşaň howlularynyň biriniň agzyna baranda, derweze awtomatik ýagdaýda açylýar hem-de maşyn howla girip, owadan binanyň öňünde saklanýar.

Artyk Jally muňa haýran galyp: «Walla, men kim, meni bu ýere beýle derejeläp, gadyrdanlyk bilen çagyrýan kimkä?!» diýip oýlanýar-da, maşyndan düşýär. Onýança-da, kaşaň ymaratdan bir gazak ýigidi, gazak gelni hem-de iki sany çaga çykyp, aktýory güler ýüz bilen garşylaýarlar. Aňyrdan gelen ol gazak ýigidi: «Artyk däde, salowmaleýkim!» diýip, türkmençe şalamlaşýar. Artyk Jally oňa üns bilen seredip, onuň filmiň surata düşürilýän ýeriniň häkimi Aman Tuleýewdigini bilip galýar. Onýança-da aktýor bilen Aman Tuleýewiň gelini-de, çagalary-da türkmençe salamlaşýarlar.

«Görüp otursam, Aman Tuleýew türkmenistanly gazaklardan, özi hem, gelni-de, çagalary-da türkmen dilinde arassa gürleýän ekenler!» diýip, Artyk Jally soňra gürrüň beripdi. Aman Tuleýew ol gün saçagy giňden ýazyp, türkmen aktýoryna ýokary derejede myhmansöýerlik görkezýär.

Şondan soň her gün diýen ýaly Artyk Jallynyň kino surata düşýän ýerine şäherden ak, gara «Wolga» maşynlary gelip, Artyk Jallyny myhmançylyga äkidip başlaýarlar. Çünki Aman Tuleýew welaýatyň jogapkär adamlaryna meşhur kinoaktýor Artyk Jallyny myhmançylyga çagyryp, oňa gazak halkynyň myhmansöýerligini görkezmegi tabşyran ekeni.

«Kino surata düşürilip Türkmenistana gaýtjak günümiň öň ýanyndaky agşam: Aman Tuleýew meniň üçin restoranda hoşlaşyk naharyny berdi.

Dabaranyň başynda onuň özi söz sözläp, türkmen-gazak dostlugyny has hem pugtalandyrmaga mümkinçilik berýän kinofilmde surata düşendigime hoşallyk bildirdi hem-de sözini şeýle jemledi:

Artyk aga, surata düşmegi şowly tamamlandygyňyz üçin, men size bir gazak žylkysyny (žylky - türkmençe ýylky, ýagny at) berýän - diýdi.

Gazak doganlarymyzdan, ol welaýatda jogapkär adamlardan birnäçesi meniň şanyma ýagşy arzuwlar edip, olaryň her biri maňa bir žylkyny sowgat berdi.

Hoşlaşygyň ahyrynda özüme söz berenlerinde men: «Hormatly gazak doganlar! Filmiň şowly çykmagy hem-de özüme ynanylan keşbi döretmek üçiň elimden gelenini etdim. Myhmansöýerligiňiz üçin sag boluň! Doganlar, siz maňa munça žylkyny sowgat berdiňiz welin, meniň žylkylarym görüp otursam, bir ýylky sürüsi boldy. Munça žylky sürüsini taşlap, hiç ýere gidesim hem gelenok. Bolmasa, şu ýerde žylky çopany bolup galyp, öz žylkylarymy bakaýsammykam?!» diýenimde, gazak doganlarymyz: «Gal, gal!» diýip gülüşdiler» diýip, Artyk Jallyýew gürrüň bererdi.

Artyk Jallyýew türkmen soltanlarynyň, şalarynyň keşplerini kinoda janlandyrmagy arzuw edýärdi. Ol 2000-nji ýylda 67 ýaşynda dünýäden ötdi.