Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ 12-nji awgust - Hazar deňziniň güni! ✦ ✦ Hereketleriň maksatnamalaryny milli syýasatlara ornaşdyrmagyň strategiýalary işlenilýär ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksadyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek boýunça ugurdaş çäreler geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Parlament forumy ✦ ✦ Awaza 2025: Hususy pudagyň forumy ✦ ✦ LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň 3-nji maslahaty dünýä metbugatynda ✦ ✦ Awazada medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet dabarasy ✦ ✦ Hazarýaka döwletleriň ekologik gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň üçünji maslahaty jemlendi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Türkmen-german hyzmatdaşlygynyň dostlukly hyzmatdaşlygy
  24.11.2023
494
Türkmen-german hyzmatdaşlygynyň dostlukly hyzmatdaşlygy

Türkmenistan bilen GFR-iň arasyndaky gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Geçen döwürde ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde-de, abraýly halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň, ÝHHG-niň we beýleki düzümleriň ugry boýunça, şeýle hem Ýewropa Bileleşigi bilen özara hereketleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän doly möçberli hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly syýasy esas hem-de kadalaşdyryjy-hukuk binýady döredildi.

 

 

Geçen ýyllarda Türkmenistan we Germaniýa giň gerimli ugurlary gurşap alýan däp bolan hyzmatdaşlyga özara hoşniýetli erki hem-de ygrarlylygyny görkezip gelýärler. Munuň subutnamasy hökmünde özara bähbitli hyzmatdaşlygy öňe ilerletmäge ýardam berýän dürli derejelerdäki gatnaşyklary görkezip bolar. Ýaňy ýakynda şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Germaniýa Federatiw Respublikasyna bolan iş saparynyň dowamynda köpýyllyk gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek, onuň täze, geljegi uly ugurlaryny kesgitlemek meselelerine garaldy. Türkmen bazarynda Germaniýanyň birnäçe öňdebaryjy kompaniýalary öňden bäri we üstünlikli işläp gelýär. Şolaryň hatarynda oba hojalyk tehnikalaryny esasy öndürijileriň biri bolan “CLAAS” kompaniýasy bar. Bütin dünýä meşhur bu kysymdaky ýokary tehnologiýalary traktorlar we kombaýnlar ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde özüni oňat tarapdan görkezdi. 2012-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýanynda “CLAAS” kompaniýasynyň okuw merkeziniň açylandygy hem bellärliklidir. Milli obasenagat toplumyny sanlylaşdyrmak babatda häzir telematik ulgamy ulanmak arkaly ekerançylygy takyk alyp barmak üçin tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda hyzmatdaşlyk örän möhüm bolup durýar. Ýer ýüzüniň çar künjeginde işgärleriniň 12 müňüsi bolan kompaniýanyň dolanyşygy geçen ýylda 4,9 milliard ýewro baryp ýetipdir. Şunda 2010-njy ýyldan bäri «CLAAS» kompaniýasyndan Türkmenistanyň oba we suw hojalyk pudagy üçin umumy bahasy 468 million ýewrodan gowrak traktordyr kombaýnlaryň satyn alnandygyny hem bellemek gerek.

 

 

Maglumatlara görä, Germaniýa diňe geçen ýylyň dowamynda umumy bahasy 1,576 milliard ýewro deň bolan harydy eksport etdi... Ine, hut şeýle şertler hem «Uly ýediligiň» bu ýurdy bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýänleriň barha artmagyna getirýär. Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlyk hem döwletara gatnaşyklaryň ähli ulgamlarynda, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda üstünlikli ösdürilýär. Häzirki wagtda biziň ýurtlarymyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirýärler. 2023-nji ýylyň 28-29-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Berlin şäherinde iş saparynda bolup, ilkinji gezek döwlet Baştutanlarynyň derejesinde geçirilýän «Merkezi Aziýa — Germaniýa» sammitine gatnaşdy, galyberse-de ýurduň ýokary wezipeli ýolbaşçylary, şol sanda Prezident Frank-Walter Ştaýnmaýer we Federal kansler Olaf Şols bilen ikiçäk gepleşikleri geçirdi.  Şol sammitde çykyş eden Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň täze köptaraplaýyn formaty döretmek başlangyjyny goldaýandygyny hem-de gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny belledi.

 

 

Diňe bir ol hem däl eýsem 2023-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Berlinde, Germaniýanyň ykdysadyýetiniň gündogar komitetiniň howandarlygynda Humboldt Carre Berlin kongres merkeziniň mejlisler zalynda türkmen-nemes işewür forumy geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynyň wekilleri we beýleki döwlet edaralary, şeýle hem ýurduň telekeçileri gatnaşdy.Türkmen-German işewürlik forumy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin möhüm waka öwrüldi. German we Türkmen taraplarynyň 200-den gowrak wekilini birleşdiren bu forum ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädim boldy.

 

 

Işewür forumyň dowamynda Türkmenistanyň wekilleri, Germaniýanyň Ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýolbaşçylary, dünýä belli nemes kompaniýalary, iri bank we maliýe guramalary bilen birnäçe duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň daşary ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy maliýe we bank guramalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek, sanly tehnologiýalary, elektron bank işini we bu ugurda beýleki ileri tutulýan ugurlary ornaşdyrmakda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek boldy.

 

 

Gülbahar ÖWEZNYÝAZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.