Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanda CIET-2025 forumy geçiriler ✦ ✦ Ženewada bitaraplyk meselelerine bagyşlanan halkara forum geçirildi ✦ ✦ BMG-niň Baş Assambleýasy «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamany kabul etdi ✦ ✦ «Mahmyt Kaşgarlynyň Diwany lugat at-türk atly eserinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň orny» atly halkara ylmy maslahat geçirildi ✦ ✦ Daşkent şäherinde “Aşyk bolmuşam” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ Daşkentde “Magtymguly – dünýäniň akyldary we onuň pelsepesiniň häzirki döwürdäki ähmiýeti” atly maslahat geçirildi ✦ ✦ Himiýa boýunça halkara bäsleşikde türkmen talyplarynyň üstünligi ✦ ✦ Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I. Blinnikow adyndaky altyn medaly gowşuryldy ✦ ✦ Daşary ýurt dillerini öwretmekde innowasion tehnologiýalaryň orny ✦ ✦ Türkmenabatda täze himiýa toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Türkmen alabaýy
  20.04.2021
1095
Türkmen alabaýy

        Türkmen alabaýy dünýädäki iň köne tohumlaryň biri bolup, diňe bir bu tohumyň aslyny we ösüşini suratlandyrman, eýsem bu tohumyň taryhyny medeni hadysa hökmünde ýüze çykarýar. Türkmen alabaýy ahalteke atlarymyz we gawumynymyz ýaly milli nyşanlarymyzyň hatarynda asyrlara uzalyp gidýär. Türkmen medeniýetiniň nusgawy keşpleriniň her biri milli medeniýetimiziň aýratyn bir gatlagyny düzýär. Olar sazlaşygy we gözelligi aňladýan keşpler we türkmen halkynyň material we ruhy gymmatlygydyr.

      Bu batyr itler daşyndan wagşy görünse-de, olary gowy tanaýanlar bu itleriň daşky sypatynyň aslynda nepis alada mätäç bolan ýumşak ýüregiň gizlenendigini bilýärler. Alabaýlar çagalar bilen ýumşakdyr, bu bolsa olara maşgalada hakyky ornuny tapmaga ýol berýär. Goragçy it hökmünde olaryň deňi ýokdur (türmen çopanlary muny gowy bilýärler) hem-de öz eýesini we öýüni goramak üçin elinde baryny edýärler.

Bu häsiýetler tohum seçgileriniň üsti bilen müňlerçe ýyllaryň dowamynda döräpdir. Bu tohumyň birnäçe ady bar – türkmen alabaýy, merkezi aziýa çopan iti we türkmen möjek iti. Professional tohumçylaryň hasaplamalaryna görä bu tohumyň asly 3000-6000 ýyla uzalyp gidýär.

Türkmenistanly arheologlar bu wepaly çopan itleriniň gadymy suratlaryny tapdylar. Gulagy we guýrugy kesilen itleriň ýere siňen keşpleri Altyndepe we Goňurdepe (200NULL) ýaly meşhur arheologik ýerlerden dürli döwürlere degişlileri tapyldy.

Türkmen halky itlere uly sarpa goýýar. Arheologlara görä adamzat siwilizasiýanyň 5-nji ojagy we zoroastrizm öýi bolan margianadan dabara bilen jaýlanan alabaýyň gubury tapyldy.

Awestada öwgili epitetler bilen suratlandyrylan we keramatly diýlip bellenen bu itler akyl taýdan adama ýakyndyr. Itleriň nusgawy hormaty Marguşdan tapylan guburlarda hem görünýär.

Arheologlar alabaýlaryň uruş iti bolandygyna we olaryň gahryman hökmünde jaýlanandygyna ynanýarlar. Özlerini hem ölümden soň alabaýlaryň gorajakdygyna umyt edipdirler.

Köne nusaýdan tapylan pars ritonlarynyň birinde uly alabaýyň keşbi çekilendir. Alabaýyň dürli döwürlerde dürli şekillerde döredilen keşpleri Aşgabadyň muzeýlerinde saklanylýar.

Daňdanakanyň orta asyrlara degişli ýerleriniň birinde alabaýyň kiçijek heýkeli tapyldy.

Häzir bu dünýäde iň köp ýaýran tohumlaryň biridir. Häzirki wagtda Ýewropa we Merkezi Aziýa çopan itine uly gyzyklanma bildirýärler. Türkmenistanda alabaýyň tohumy it tohumçylary tarapyndan başga tohumlar bilen garyşdyrman arassa saklanyp gelýär.

Alabaý iti öýlerde saklanylýar we süri ýerlerinde goragçy hökmünde ýetişdirilýär. Türkmen çopan iti özüniň ýumşaklygy, asudalygy, akyllylygy, batyrlygy we özbaşdaklygy bilen bellidir. Türkmen alabaýy öz teritoriýasyny berk goraýar we howpa batyrgaý jogap berýär.

Biziň günlerimizde Merkezi Aziýa çopan iti iň naýbaşy it tohumlarynyň biridir.