logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Türk alymynyň Magtymguly hakynda ýazan täze kitaby neşir edildi
  08.07.2023
1421
Türk alymynyň Magtymguly hakynda ýazan täze kitaby neşir edildi

      Türkiýeli professor, filologiýa ylymlarynyň doktory Ahmet Buranyň «Sözi ganatlandyran şahyr – Magtymguly» atly täze kitaby Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň goldaw bermegi esasynda Türk medeniýetine hyzmat gaznasy tarapyndan neşir edildi. Türk alymy 300 sahypadan ybarat bolan bu kitabynyň, aslynda, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna niýetlenilip ýazylandygyny, ýöne beýik türkmen akyldarynyň döredijiliginde halk agzybirligi, erkinligi we jebisligi, ýurt asudalygy, abadançylygy we parahatçylygy, hem-de garaşsyz döwlet gurmak, berkarar diýar bolmak ýaly umumadamzat ähmiýetli düşünjeleriň eriç-argaç bolup geçýändigi sebäpli, Türkiýe Respublikasynyň döredilmeginiň 100 ýyllygyna bagyşlanylyp neşir edilendigini dile getirýär.Türkiýeli professor, filologiýa ylymlarynyň doktory Ahmet Buran özüniň III bölümden ybarat bolan «Sözi ganatlandyran şahyr – Magtymguly» atly täze kitabynda şahyryň ylmy terjimehaly – durmuş ýoly, baý döredijilik mirasy dogrusynda düýpli ylmy gözlegleriniň netijesine esaslanýan ylmy pikir-garaýyşlaryny türk okyjylary üçin düşnükli bolar ýaly örän sada ylmy dilde, diýseňçeper beýan edýär.«Sözi ganatlandyran şahyr – Magtymguly» atly täze kitabyň «Magtymgulynyň düşünje dünýäsi», «Magtymguly we türk aýdyňlanmasy», «Magtymguly we türkmen aýdyňlanmasy», «Magtymgulynyň edebi kişiligi weşygyrlary», «Magtymgulynyň diwany we nusgalary», «Magtymgulynyň şygyrlarynda dil we uslyp» ýaly mowzuklary diýseň özüne çekiji bolup, awtoryň beýik Pyragynyň döredijiligine ylmy nukdaýnazardan has içgin çemeleşip, oňa çuňňur ylmy düşündirişleri berendigini, şahyryň poeziýasynyň özboluşlylygyny we milli aýratynlyklaryny, eserleriniň ynsanperwer ideýalaryny giňden açyp görkezendigini aýan edýär.

Toýly JÄNÄDOW
Mary nebitgaz orta hünär
okuw mekdebiniň uçurymy