logo

Soňky täzelikler:
✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦ ✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Topragyň bejerilşiniň görnüşleri we usullary
  06.01.2024
1521
Topragyň bejerilşiniň görnüşleri we usullary

Ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmeklik üçin topragyň bejergi işleri dowam edýär. Ilki bilen ekin ekiljek ýeriň topragyny barlagdan geçirmeli, suwaryş işleri geçirleninden soňra sürüm işleri alynyp barylýar. Toprak bejergisiniñ köp sanly usullaryndan peýdalanmak bolar. Toprak bejergisiniň öňünde durýan wezipelere baglylykda onuň usullaryny adatça: esasy we ýüzleý bejergä bölýärler. Bulardan başgada oba hojalyk ekinleriniň aýratynlyklaryna we ýerli toprak-howa şertlerine görä toprak bejergisiniň adaty bolmadyk ýörite usullaryny hem peýdalanyp bolar.

 

 

Esasy bejergi diýilip - ekinleriň hasyly ýygnalandan soň topragy geljekki ekişe taýýarlamak maksady bilen geçirilýan iň çuň toprak bejergisine aýdylýar. Bu bejergide topragyň sürümli gatlagy tutuşlygyna diýen ýaly bejerilýär we oňa sürüm diýilýär.

 

 

Toprak bejergisiniň bu usuly sürülýän gatlagyň agdarylmagyny, owradylmagyny we ýumşadylmagyny talap edýär. Sürüm işlerini dürli kysymly azallaryň kömegi bilen ýerine ýetirilýär. Sürülýän ýerlerde topragyň agdarylyşy we ýumşadylyş derejesi abzalyň gönükdirlişine we azalyň görnüşine (egikligine) baglydyr.

 

 

Saýitjan MUHAMMEDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
2-nji ýyl talyby.