Toprakda bejergi geçirmegiň maksady topragy gurplandyrmakdan ybaratdyr. Ýerlerde sürüm geçirilende öňki azalçaly azallar bilen bellenilen möhletlerde we bellenilen çuňluklarda sürülmeli. Şonda topragyň keseligine kesilip giden gatlagy bütin böleginde birmeňzeş gyradeň bolmalydyr. Sürümiň çuňlugynyň bellenilenden 5%-den artyk tapawut etmegine ýol berilmeli däldir:
- topragyň gatlagy doly agdarylmalydyr. Munuň özi ýerde galan ähli haşal ot çöpleriň we şypallaryň, şeyle hem mineral we ýerli dökünleriň topraga çuň garylmagy üçin zerurdyr;
- agdarylan toprak gatlagy bir-biriniň üstüne ýaplanyp gider ýaly, sürim agregaty mandy galdyrman göni ýoremelidir;
- sürülen meýdandan beýik serpme gerişleriň we giň keşleriň bolmazlygy üçin, gömüji enjamlary ilki topragyny içine agdaryp,soňra bolsa daşyny agdaryp sürýärler;
- timarlamany bellenilen agrotehniki möhletlerde we bellenilen çuňlukda geçirmeli;
- topragyň ýokarky gatlagynyň kesekleriniň owunjak bolmagyny we topragyň gyradeň çuňlukda ýumşadylmagyny gazanmaly;
- ýumşadylan ýokarky gatlagyň gerişiňiň beýikligi 4sm-den geçmeli däl;
- haşal otlary doly kesilmelidir;
- ilkinji timarlamany esasy sürümiň ugrunyň tersine geçirmeli. Şondan soňky her gezekki timarlaýyş bolsa özünden öňkiniň ugruna keseligine edip geçirmeli;
Ýer dyrmyklara şu aşakdaky agrotehniki talaplar edilýär:
- sürümden öň topragyň ýüzüni azyndan 3-4 sm çuňlukda ýumşadyp, sürümiň ýokarky gatlagyny ownugrak digir-digir topraga öwürmeli;
- uly tokda kesekleri 3sm-den uly etmän owradyp gitmeli;
- gapaklanan topragyň gapagyny aýyrmaly;
-haşal ot çöpleri aýyryp taşlamaly;
- sürümde emele gelen toprak gerişlerini düzmeli;
Ýumşadyjylar işlände olar ýerleriň topraklaryny ýumşadyp hapa haşal otlaryň köklerini kesip gitmelidir.
Topraga bejergi berýän maşynlar şu aşakdakylar bolup, olary toparlara bölýärler: azallar, timarlaýjylar, ýer dyrmyklar, ýumşadyjylar we katoklar. Azallar umumy we ýörite işde ulanylýanlara bölýärler. Korpuslarynyň sany boýunça 1-den 11 korpusa çenli bolup bilýärler. Dakylyş usuly boýunça tirkeme, ýarym asma we asma azallara bolünýär. Umumy işde ulanylýan azallar 27sm-e çenli galdyryp gitmek üçin niýetlenendir. Ýörite işde ulanylýan azallar aýratyn bellenen işleri ýerine ýetirmek üçin niýetlenýär. Korpuslaryň görnüşi boýunça serpgiçli, serpgiçsiz we kesik bolup bilýärler. Diskli, rotorly azallar hereketi traktorlaryň kuwwat alyş okundan alyp işleýärler. Timarlaýjylar topragy ýumşadyp, haşal otlary aýyrmak, dökün dökmek we ekinleriň düýbüni tümmeklemek üçin ulanylýar. Timarlaýjylar tutuşlaýyn topragy ýumşadyp hapahaşal otlaryň köklerini kesip hatar aralarynda işleýän timarlaýjylara bölünýärler. Ýer dyrmyklar dişli, pružinli, diskli bolýarlar. Agramlary boýunça ýeňil, orta agramda we agyr dyrmyklara bölýärler. Ýumşadyjy diskli we ýer demirli bolýarlar. Dakylyşy boýunça asma, ýarym asma we tirkeme bolup bilýärler. Katoklar sürilen ýerlere topragyň tokga keseklerini owratmak we asma, ýarym asma we tirkeme bolup bilýärler. Katoklar sürilen ýerlere topragyň tokga keseklerini owratmak we dykyz toprak gatlagyny döretmek (bu sürümli ýeriň suw düzümini gowulandyrmak üçin topragyň aşaky gatlagyna geçmäge ýardam edýär), dersi we gök dökünleri depgilemek, toprakda ýagynlaryň döreden gapagyny aýyrmak üçin ulanylýar.
Aýsona SEÝIDOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agrohimiýa we topragy öwreniş hünäriniň
2-nji ýyl talyby.