logo

Soňky täzelikler:
✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦ ✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Tomusda ýüze nähili ideg etmeli?
  02.06.2023
3839
Tomusda ýüze nähili ideg etmeli?

Tomus möwsüminde derä ultramelewşe  şöhleler, tozan, ýylylyk, deňiz suwy ýaly negatiw faktorlar täsir edýär. Bularyň ählisi tebigy goragy bozýar, deriniň çişmegine, gözenekleriň ulalmagyna, ýüzüň guraklaşmagyna, giperpigmentasiýa sebäp bolup biler. Bu faktorlaryň hemmesi diňe tomusda däl-de ýylyň ähli möwsüminde  derä yzygiderli täsir edýän bolsa öýjükleriň ölüp bedeniň garramagyna getirýär.

Güne ýanmak tebigat tarapdan berilýär. Gün şöhleleriniň aşagynda goraýjy pigment melonin işjeň ýagdaýda öndürilýär we reňkiň üýtgemegine sebäp bolýar. Öýjükler ultramelewşe şöhlelerine zyýanly diýip kabul edýärler. Eger-de deri ýumşak bolsa reaksiýa şonça-da negatiw bolýar. Şonuň üçin ýüzleriň derisine ultramelewşe şöhle zyýanly täsir edýär. Sebäbi ýüzüň derisi ýuka we has ýumşak deri hasap edilýär. Günden gelýän alfa we beta şöhleleri derini inçeldýär, guradýar we çeýeligi peseldýär, ýygyrtlara sebäp bolýar.

Gyzgyn howada deri köp bölünip çykýar. Bu bolsa gahar-gazaba sebäp bolýar. Bu ýagdaýlara garşy birnäçe çäreler görülmelidir. Tomus wagtynyň esasy düzgüni- agressiw önümlerden doly ýüz öwürmekdir. Tomusda ýeňil köpük, süýt, çekize, tonik we antibakterial suwlary yzygiderli ulanmaly. Esasan ulanylýan kremler günden goraýjy bolsa has gowy. Ýüzüňi günde azyndan iki gezek ýuwmak has zerurdyr.

Glikolik we salisil turşulyklary we kosmetik serişdeleri az ulanmaly. Ýüzüň dodaklary deriniň beýleki böleklerine seredende tiz güne ýanýar. Şonuň üçin dürli ýumşadyjy balzamlary ulanmaly. Olar dodaklary zeperlenmeden, ýarylmadan, poslamadan goraýar.

Tomsuň yssysynda ýüzüňi tozandan arassalamak üçin ýüz tonikleri sowadyjylarda saklamaly. «Eсobeauty» amatly spreý önümleri bar: düzüminde organiki gül we çopantelpek suwy, köp mukdarda antioksidantlar bar. Olary gyzgyn howada çalmak maslahat berilýär.

Täze miwelerden we gök önümlerden ýüzlere ýapgylar taýýarlamak deriniň saglygy üçin amatly maýa goýumdyr. Esasan hem tomusda saýlaw gaty uly we bahalar arzan bolanda C witamine baý gök önümleri: apelsin, papaýa, ýertudana ýaly önümlere göz aýlamaly.

Ýaz aýlary ýüzlere gara maskalary ýapmak maslahat berilmeýär. Sebäbi olar ýüzüň öýjükleriniň giňelmegine sebäp bolýar. Ýene-de gowy ýapgylaryň biri bolan Aloe Wera ekstratyna ulanmak maslahat berilýär. Ýüzler, ýakymly salkynlaýar we düwürtiklerini aýyrýar. 

 

Ýagşygül ÝAGŞYMYRADOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 
Agronomçylyk fakultetiniň talyby.