logo

Soňky täzelikler:
✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /TOHI-de "Açyk gapylar" günleri geçiriler
  28.03.2024
999
TOHI-de "Açyk gapylar" günleri geçiriler

Türkmen oba hojalyk instituty 2024-2025-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary 2024-nji ýylyň 30-njy martynda, 13-nji aprelinde we 11-nji maýynda «Açyk gapylar» gününe çagyrýar.

 

«Açyk gapylar» günleri görkezilen salgylarda sagat 10:00-da başlanýar:

 

Daşoguz welaýatynyň ýaşlary üçin: Türkmen oba hojalyk institutynda. Salgysy: Daşoguz ş., Ruhnama köçesiniň 94-nji jaýy. Telefonlary: 800322-9-33-92, 800322-9-40-68.

 

Lebap welaýatynyň ýaşlary üçin: Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde. Salgysy: Türkmenabat ş., Zelili köçesiniň 1-nji «A» jaýy. Telefonlary: 800422-9-89-56, 800422-9-87-71, 800422-9-88-12.

 

Mary welaýatynyň ýaşlary üçin: Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde. Salgysy: Baýramaly ş., Talyplar köçesiniň 1-nji jaýy. Telefonlary: 800564-6-38-19, 800564-6-07-84.

 

Türkmen oba hojalyk instituty baradaky maglumatlar bilen www.tohi.edu.tm web saýtyndan hem tanşyp bilersiňiz.

 

«Açyk gapylar» günlerinde ýaşlara ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan işler, şeýle hem hünärler we taýýarlyk ugurlary, okuw-usuly, ylmy-barlag, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak babatda döredilen şertler barada giňişleýin maglumat berler.