Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Terbiýe mekdebi
  25.02.2023
913
Terbiýe mekdebi

Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli bitirýän dünýä nusgalyk beýik işleriniň netijesinde, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Berkarar döwlet islärin» diýen arzuwy hasyl boldy. Bu gün Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan watanymyzyň bagtyýar raýatlary halal zähmetiniň hözirini görüp, asuda, abadan durmuşda agzybir ýaşaýarlar.

Türkmen halky aslyny halallykdan alyp gaýdan halk. Halallygy özlerine ýol-ýörelge edinen ata-babalarymyz öz perzentleriniň Watana, il-halka gerekli ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin halal lukma iýdiripdirler. Halal lukma iýip, halal terbiýe alan ynsan durmuşda aňsat haramlyga baş goşmandyr.

Ene – atasynyň halal lukmasyny iýip, olaryň gowy göreldesine eýerip kemala gelen perzent kämillik ýaşyna ýetenden soň özüni gowy tarapdan görkezip başlaýar. Ynsan ogly heniz çagajyk wagty köpçülikde, orta mekdepde ýa işde «Pylanynyň ogly, Pylanynyň gyzy» - diýip çagany ata-enesiniň üsti bilen tanaýarlar. Ol çaga ulalyp kämillik ýaşyna ýetenden soň islendik ugur boýunça özüniň gowy häsiýetlerini, ukyp – başarnyklaryny görkezip, watana, il-güne wepaly şahsyýet bolanlygynda onuň ene-atasyny toýda, märekede «Pylanynyň kakasy, pylanynyň ejesi» – diýip şol perzendiniň üsti bilen tanaýarlar. Adam ýaşy bir çene baran wagty perzendiniň üstünlikleriniň üsti bilen il içinde tanalmagy ullakan abraý we onuň halal zähmeti bilen ýetişdiren daragtynyň hiç wagt egsilmejek miwesidir.

Eger-de ynsan öz nebsine özi häkim bolup, öz nebsine buýrup bilse, onda ol synagdan geçen kämil ynsan hasaplanýar. Emma adamyň nebsi rüstem gelse, onda ol adam öz nebsine boýun bolup, onuň guluna öwrülýär. Şonuň üçin hem türkmençilikde «nebsim agyrýar», «nebsi öňüne düşen», «nebsiniň guly» - diýen ýaly söz düzümleriniň hem halkymyzyň arasynda giňden ulanylýandygyny hemmämiz bilýäris.

Gündogaryň akyldarlarynyň biri: «Gün ýalpyldap, şöhle saçyp durka hiç kimem oňa dogry seredip bilmez, emma öňüni bulut tutdugy, uly iliň gözi şondadyr». – diýip belleýär. Türkmençilikde «Iliň gözünden düşen» – diýen jümle hem bar. Halk seniň her bir rowaç işiňi hasaba alyp durmaz, ýöne eden ýalňyş hereketiňi derrew görer. Gowy adamlardan ýaman adamlary köp tanaýarlar, köpem ýazgarýarlar. Goýberen ýalňyşyňy düzetmek üçin soňra seniň eden ähli gowy işleriň hem ýetmez. Şonuň üçin pederlerimiz «Eý ynsan balasy, durmuşda ýalňyşma» – diýýär.

Her bir adamyň durmuşdaky orny, abraýy onuň özüni alyp barşynda, jemgyýetçilik işlerine gatnaşygynda we her bir edýän hereketlerinde jemlenýär. Özüňi alyp barmagyň kadalaryny dogry berjaý etmek, gündelik etmeli işiň mazmunyny, yzygiderliligini dogry kesgitlemek her bir adamyň durmuşda, işde we maşgalada mynasyp ornuny tapmagyna kömek edýär.

Adamkärçilige orun beren adam durmuşda hemişe sylag-hormata, at-abraýa, belent derejä eýe bolýar. Pederlerimiziň «Adam alasy içinde, haýwan alasy daşynda» – diýip örän jaýdar aýdylan sözi bar. Elbetde haýwanlar her bir hereketi instinkt boýunça edýärler. Adam bolsa her bir hereketi ýa-da hereketsizligi etmek üçin pikirlenip, netije çykarmaga ukyply ýaradylan. Adamynyň duýgy-düşünjeliligini göz öňünde tutup, onda mekirlik, ýalançylyk, ikiýüzlülik  we beýleki häsiýetleri adamzadyň tebigatynda duş gelip bilýän ýagdaýlardyr. Şoňa görä-de adamlaryň nädogry hereketleriniň öňünde jogap bermekleri, jemgyýetde tertipsizligiň öňüni almak zerurlygynyň döreýänligini göz öňünde tutup, kanunçylygy, administratiw, jenaýat kodekslerini we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döretmek zerurlygy ýüze çykypdyr. Şonuň üçin hem her bir eden işiňe kanunyň öňünde jogap bermelidir. 

Şahyryň: 
Il ýanynda gadry kändir edebiň,
Halk biler dürs ýa-da ters iş edeniň,
Erkine goýbermän nebsiň eşegin,
Duşamak üçinem mertlik gerekdir. 


Ýa-da, 
Bu dünýäniň manysy oýun oýnap utmak däl,
Bu dünýäniň manysy maldan ýüküň tutmak däl,
Bendesiniň bezegi-ýagşy gylyk, ýagşy päl,
Şuny mydam aňyňda aýlap sakla adamzat.
 

Diýlişi ýaly, biziň ählimiz öz nebsimize özümiz häkim bolup, halal zähmetimiz bilen eziz watanymyza, mähriban halkymyza gulluk etmelidiris. Biz Gahryman Arkadagymyzyň «Watan goragy mukaddesdir» atly kitabynda (238 sahypa) «Watansöýüjiligiňiz, zähmetsöýerligiňiz, kiçigöwünliligiňiz bilen uly hormata mynasyp bolmalysyňyz» diýen sözlerinden ugur alyp arassa halal zähmetimiz bilen ata-watanymyza, mähriban halkymyza, Hormatly Belent Serkerdebaşymyza ak ýürekden gulluk ederis.

 

Annamuhammet MÄTIÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň
harby gullukçysy, leýtenant.