Hawa, «Terbiýe bagtyň gözbaşy» diýlende ilki bilen mährem ene-mamalarymyz göz öňüňe gelýär. Ömri ýagşylyga ýaran bolup ýaşamak, terbiýeli bolup özüňden soňky nesle görüm-görelde görkezmek enelerimiziň edep mekdebi bolup ykbalymyzda orun alýar. Eneler perzentlerine durmuşyň manysyny, ýagşy bilen ýamany tapawutlandyrmagy, mukaddesliklere sarpa goýmagy ata-babalaryň döwletli ýörelgelerini dowam etdirmegi, maşgala gymmatlyklaryny ahlak-edep düzgünlerini öwredýärler. Mährem enäniň öwüt-nesihatlary bilen kemala gelen adam öz durmuş ýolunda her bir täze işe ýapyşanyňda «Ejem näme maslahat bererdikä, özi bolsa nähili çözgüt tapdyrdyka» - diýip oýa batanyny duýman galýandyr. Eneler bize iň gözel sözler bilen durmuşda ähli kynçylygy adamkärçilik mertebesi, mertlik, zähmetsöýerlik bilen ýeňip geçmegi öwredýärler. Söz edebi bagtlylyk duýgusy hem ene gujagyndan, maşgala ojagyndan gözbaş alýar. Çaganyň göwni-gözi doly, hoş sözli bolup ýetişmeginde enäniň görüm-göreldesiniň belli bahasy ýokdur. Eneler bize durmuşa ýylgyryp seretmegi öwredýärler. Edep-ekram, haýa-şerim maşgala bagty çuňňur manyny özünde jemleýär. Bu ugurda döredilen nakyllardyr, atalar sözi, şeýle-de nusgawy edebiýatymyzyň dürdänelerinde gymmatly orna eýedir. Eneler hemişelik mekdep. Olar misli edep-ekram kitaby ýalydyr. Şonuň üçi olardan hemişe öwrenip ýörmeli. Ene-ata belent mukaddeslik Ol hemişe ýüze sylynmaly derejä mynasyp. Muny mirasgär Atda Gurbangeldiniň «Eşrepi» atly kitabyndaky şu setirler hem doly tassyk edýär:
Ýagşy zady görmek jennet diýseler,
Köpler ony görmekligiň yşkynda.
Görüp ýüzüňe syl eneň-ataňy,
Jennetiň bar görki şolaň keşbinde.
Ene-ata daragt, perzent-ogul-gyz onuň miwesi, ömrüniň dowamy, ogul-gyz edepli, edenli, görüm-göreldeli bolsa ata-enäniň ömri gülleýşe eýe bolýar. Bu babatda şu setirleri aýtmak isleýärin:
Ojak başyň gelşigi - ýaraşykly maşgala,
Gara başyň gelşigi - iner ogul baş gala.
Eneler maşgala mirasynyň goragçylarydyr. Muny durmuşyň dürli pursatlarynda görmek bolýar. Milli Liderimiziň – Gahryman Arkadagymyzyň käbesi, hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Serdarymyzyň enesi Ogulabat ejäniň manyly ömrüni il-ýurduna, mähriban ojagyna, nesil terbiýesine bagyş eden mähriban ynsan. Onuň ömür ýoly, durmuşy nesiller üçin görelde mekdebine öwrüldi. Alty çaganyň enesi Ogulabat eje perzentleriniň iň gowy gylyk-häsiýetlerini özünde jemlemegi, watansöýüji hemmetaraplaýyn kämil, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri üçin kän tagalla etdi. Gahryman Arkadagymyz hem Arkadagly Serdarymyz hem durmuş basgançaklaryny öz ene-atasynyň görelde sapaklary bilen başlady. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly iň gowy gylyk-häsiýetler başarnyklar eneleriň mähirli bakyşy, yhlasy aladasy bilen perzendine geçýär. Hormatly Arkadagymyz «Perzent daragt bolsa, kökleri ata-enedir. Daragtyň saýasyda, miwesi-de köklerine baglydyr» - diýýär. Ine, şundan hem Ogulabat ejäniň biziň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň kemala gelmeginde nähili uly hyzmatlary bitirendigi düşnüklidir. Ogulabat eje milli gymmatlyklarymyzyň döwrebap derejede ösdürilmeginde, halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýörelgeleriniň dowam etdirilmeginde el işlerine juda ussat halypa hökmünde bu beýik sungaty nesillere geçirmekde, mynasyp şägirtleri ýetişdirmekde taýsyz hyzmatlary bitirdi. Häzirki ýaşlar üçin onuň asylly zähmeti görüm-göreldedir. Elinden çykan işleri bahasyna ýetip bolmajak nusgadyr. Nesilleri ýetişdirmek, milli gymmatlyklary dowam etdirmek we ösdürmek baradaky şular ýaly köptaraply işleri bilen Ogulabat ejäniň ömür ýoly türkmen zenanlary üçin beýik mekdepdir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys!» - diýen parasatly sözleri ata-ene, maşgala mukaddesligiň bütin halkyň mertebesi bilen berk baglanşyklydygyny tassyklaýar. Halka, Watana, maşgala ojagyna wepadarlygyň ýaş nesli iň asylly däpler esasynda terbiýelemegiň, milli ýörelgeleri, milli sungaty söýmegiň goramagyň we dowam etdirmegiň hiç mahal unudylmajak nusgasyny görkezen Ogulabat eje hakyndaky nurana ýatlamalar biziň kalplarymyzda ebedilik saklanar.
Mähri ALIÝEWA,
Kaka etrap Ylym we bilim işgärleriniň
etrap Geňeşiniň işgäri.