Irki döwürlerden bäri asman giňişligi bilen ýakyndan adamlar gyzyklanyp gelipdir. Her gün dogup batýan Güni, gijesine görnüp, gündiz gaýyp bolýan ýyldyzlary we Aýy öwrenmek üçin birnäçe işleri tagalla edipdirler. Asman jisimlerini ýakyndan görmäge mümkinçilik berýän teleskoplar peýda bolmanka, adamlar haýsy ýyldyzyň haýsy ýerde ýerleşýändigini, haýsy ýyldyzyň bolsa haçan peýda bolýandygyny, ýyldyza seretmek arkaly ileri-gaýrany kesgitläp bilmegi başarypdyrlar. Teleskoplaryň peýda bolmagy netijesinde bolsa, Gün, Aý we ýyldyzlardan başgada asman jisimleriniň hem bardygyny anyklamaga şert döredipdir. Eýsem, teleskop haçan oýlanyp tapyldyka? Häzirki wagtda iň giň ýaýran teleskop optiki teleskoplar hasaplanýar.
Bu enjamlar uzakdaky asman jisimlerinden gelýän şöhleleri toplap, şol jisimleri ulaldyp görkezýär. Teleskoplar hem beýleki oýlap tapyşlar ýaly dürli ýyllaryň dowamynda kämilleşdirilipdir. Şol sebäpli hem teleskopy ilkinji oýlap tapan hökmünde belli bir adamy atlandyrmak kyn bolup durýar. Şeýle-de bolsa, Niderlandly Hans Lippersgeýiň teleskop oýlap tapandygy üçin ilkinji gezek patent almaga ýüz tutan hasaplanýar. Lippersgeýiň 1608-nji ýylda biri daşyna, beýlekisi içine tarap güberçekli iki sany linzanyň bir trubkanyň içine ýerleşdirilen enjamyny oýlap tapýar. Lippersgeýiň oýlap tapan bu enjamyny köp adamlar ilkinji teleskop diýip hasaplaýarlar onuň bolsa ilkinji oýlap tapan teleskopy jisimleri üç esse ulaldyp görkezýän eken.
Galileo Galileý teleskop ýasamak bilen meşgullananlaryň ýene biri hasaplanyp ol 1609-njy ýylda Lippersgeýiň teleskopyny has-da kämilleşdirýär we ony asman jisimlerini öwrenmek üçin ulanan ilkinji adam bolýar. 30 esse ulaldyp görkezýän teleskopy bilen Galileý Aýyň ýüzündäki kraterleri ýakyndan görýär. Şeýle hem Ýupiteriň dört sany hemrasyny we Saturnyň halkalaryny açýar. Ol bize görünýänden has köp ýyldyzyň bardygyny we Ýeriň Günüň daşynda belli orbitada aýlanýandygyny anyklaýar. Germaniýaly astronom Iogan Kepler 1630-njy ýylda iki linzaly has dury görkezýän teleskopy döredipdir. 1700-nji ýyllara çenli öndürilen teleskoplaryň ählisinde şekiliň gyrasy bulanyk görünýän eken. Dürli reňkdäki şöhleler linzadan geçenlerinde bu bulanyk reňkli çyzyklar başgaça döwülmegi sebäpli ýüze çykýan eken. Isaak Nýuton bolsa deň derejede döwülmeýän bu şöhleleri toplamak üçin aýnaly teleskop ýasaýar. Häzirki wagtda ulanylýan teleskoplaryň hemmesi diýen ýaly aýnaly teleskoplardyr.
Aýmyrat AHMEDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.