logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /“Tejenli ýüpekçiler pellehanada”
  15.06.2022
1139
“Tejenli ýüpekçiler pellehanada”

    Tejen etrabynyň ýüpekçileri şu günlerde pile öndürmek möwsümini guramaçylykly alyp barýarlar. Ýüpek gurçuklaryny idetmäge irgözinden girişen etrabyň tejribeli ýüpekçileri öňdäki hatarda piläni kabul ediş nokatlaryna tabşyrýarlar. Etrabyň zähmetkeşleri ýüpek gurçugynyň 1000 gutusyny ylmy esasynda idetmek arkaly piläniň 40 tonnasyny taýýarlamagy maksat edinýärler. Ýüpek gurçugyny idetmekde zerur bolan ähli çäreleriň öz wagtynda we degişli talaplara laýyk ýola goýulmagy bu gün bol piläniň kemala gelmeginiň esasy şertine öwrüldi. Şu günler etrabyň pile kabul ediş we guradyş kärhanasyna gelýän piläniň arasynda reňkli görnüşleriniň hem bardygyny aýratyn bellemek gerek. Pile dokma senagatynda gymmatly çig mal bolup durýar. Şol sebäpli, onuň hiliniň ýokary bolmagyna we etrabyň pile kabul ediş hem-de guradyş kärhanasyna gelip gowuşýan piläni kabul etmek, şeýle-de arassalamak işlerine aýratyn üns berilýär. 

      Ýyllaryň dowamynda tejribe toplan ýüpekçileriň arasynda 200 kilogramdan geçirip pile tabşyranlary hem barmak büküp sanardan kän. Şu ýyl howa şertleriniň amatly gelmegi, tutlaryň we gurçuklary idetmek üçin jaýlaryň ýeterlik bolmagy zähmet üstünliginiň gazanylmagyna giň ýol açdy. Tejenli ýüpekçileriň arzyly pellehana ýakynlaşýandyklaryny aýtmak gerek. Olaryň çeken yhlasly zähmetiniň ýerine düşýändigine gündelik taýýarlanyp, kabul ediş we guradyş kärhanasyna tabşyrylýan piläniň möçberiniň artýandygy hem şaýatlyk edýär.