Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Elektron söwda ulgamy - bazar hojalygynyň täze görnüşi ✦ ✦ Maglumat jemgyýetiniň strategiki ugurlary ✦ ✦ Dünýä logistikasynda sanly ulgamyň ähmiýeti ✦ ✦ Halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry ✦ ✦ Sanly tehnologiýanyň daşary ýurt dillerini öwrenmekde ähmiýeti ✦ ✦ Nebit-gaz ulgamy ösüşlere beslenýär ✦ ✦ Arap ykdysady hyzmatdaşlygy forumynyň üçünji mejlisi geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanda bank hyzmatlarynyň sanly görnüşleri ✦ ✦ Ýeriň daşynda magnit meýdanynyň täsiri güýçlenýär ✦ ✦ Dünýä 6G ulgamyna geçýär ✦
Baş sahypa / Tebigat /Tebigaty goramak - döwrüň möhüm ugry
  13.06.2023
502
Tebigaty goramak - döwrüň möhüm ugry

Üstünliklere beslenýän «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda daşky gurşawy goramak boýunça gazanylýan uly sepgitler we bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy täze derejä çykýar. Bu ugurda alnyp barlan işleriň netijeleri Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başy başlan we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän döwlet ekologiýa maksatnamalarynyň, taslamalarynyň durmuşa geçirilişinde ýetilen üstünlikler hem-de sepgitler bilen giň dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmaga gönükdirilen çäre bolup durýar. Eziz ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak boýunça alyp barýan işleri, abraýly sebit we halkara guramalaryň, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi bilen ýola goýlan gatnaşyklar netijeli bolup hyzmat edýär. Adamzadyň abadan durmuşy durnukly ösüş we ekologik howpsuzlyk halkara hyzmatdaşlyk bilen pugta baglanyşyklydyr. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulmak bilen, durnukly ösüş babatda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde goýlan meseleleri çözmäge jogapkärçilikli çemeleşýär. Daşky gurşawy goramak ulgamyndaky netijeli hyzmatdaşlyk we özara halkara baglanyşyk ählumumy ekologik meseleleri dünýäniň ýöriteleşdirilen guramalary we dünýä döwletleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlykda çözmek başlangyjy bilen çykyş edýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şeýle hem oba hojalygyny daşky gurşaw täsirlerine uýgunlaşan usullar esasynda ösdürmek, azyk howpsuzlygyny berkitmek boýunça maksatlara ýetmekde döwletimiziň ähli tagallalary işjeň goldaýar. Sebitde daşky gurşaw boýunça möhüm işleriň geçirilmeginde öňdebaryjy ýurtlaryň biri hökmünde Türkmenistan Watanymyzyň daşky gurşawyň üýtgemegi boýunça geçirilýän işlere özüniň goşandyny goşýar. Bu boýunça türkmen alymlarynyň we hünärmenleriniň öňdebaryjy tejribeleri, tebigatymyzyň baý biodürlüligini gorap saklamaga we artdyrmaga, ekologik abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen möhüm maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde ýetilen üstünlikler aýdyň mysaldyr. Tebigy mümkinçilikleriň oýlanyşykly ulanylmagy, «ýaşyl» energetikada ylmyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy, ekologik taýdan arassa tehnologiýalar esasynda önümçiligiň döwrebaplaşdyrylmagy ägirt uly syýahatçylyk we dynç alyş mümkinçilikleriniň ýerlikli ulanylmagy bilen baglanyşyklydyr. Mundan başga-da Aralýaka sebitde döräp biljek tebigy ýagdaýlara garşy göreşmek boýunça soňky ýyllarda alnyp barylýan taslamalarda diňe bir ylmy usullar ulanylman, eýsem, ýokary derejeli döwrebap tehnologiýalaryň hem ornaşdyrylmagy babatda işler ýola goýulýar. Bu tehnologiýalar esasynda alnan maglumatlar arkaly sanly ulgamyň üsti bilen gözegçiligi alyp barmak, biodürlüligi gorap saklamaga gönükdirilen milli meýilnamalary gysga wagtyň içinde işläp taýýarlamak mümkin bolup durýar. Ýurdumyzda ylymda gazanylanlaryň, suw serişdelerini tygşytlaýan döwrebap tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna suwuň netijeli ulanylmagyna we ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, ilaty arassa suw bilen üpjün etmek maksady bilen, netijeli işler alnyp barylýar. Tebigaty goramak pudagynda alnyp barylýan netijeli işleriň hatarynda degişli meseleleri ylmyň, tehnologiýanyň gazananlary we innowasion çemeleşmeler esasynda öwrenmek boýunça durmuşa geçirilýän iri suw taslamalaryny görkezmek bolar. 

 

Gyzylgül GYLYÇGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň 4-nji ýyl talyby.