Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Paýtagtymyzyň “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Tebigatdan ylham alýan nakgaş ✦ ✦ Nakgaşyň peýzažlarynda tebigatyň waspy ✦ ✦ Bereketli pile hasyly — halal zähmetiň miwesidir ✦ ✦ Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynda dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Ýewropa Bileleşigi bilen sanly söwda hyzmatdaşlygy ✦ ✦ Türkmenistan sebitleýin demir ýol geçelgesiniň merkezinde ✦ ✦ Milli gymmatlyklary birleşdirýän baýram ✦ ✦ Haşal otlary arassalamakda asyrlardan bäri ulanylýan tejribeler ✦ ✦ Türkmen küştçülerinden​ ýene bir ýeňiş ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Tebigatdan ylham alýan nakgaş
  22.05.2025
32
Tebigatdan ylham alýan nakgaş

Garaşsyz Türkmenistanyň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, binagärligiň, dizaýnyň we sungaty öwrenişiň ösmegine 1994-nji ýylyň ýanwarynda esaslandyrylan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň açylmagy mundan beýläk ösmegine badalga berdi. Bu ýokary okuw mekdebiniň zehinli uçurymy we mugallymy, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Amanhumammet Ataballyýewiň nakgaşlyk eserleri milli gymmatlyklarymyzy, medeni mirasymyzy, Diýarymyzyň gözel peýzažlaryny wasp edýär.

 

A. Ataballyýew 1977-nji ýylyň 24-nji fewralynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Hasyl obasynda eneden bolýar. 1994–1999-njy ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky  Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde Annadurdy Almämmedowyň, Hally Annaçaryýewiň, Babageldi Owganowyň halypaçylygynda nakgaşlygyň inçe tärlerini öwrenýär. Bilimini artdyrmak üçin ol 1999–2005-nji ýyllaryň aralygynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň halk suratkeşi, taryhy nakgaşlygynyň ussady Aman Amangeldiýewiň halypaçylyk etmeginde bilim alýar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyny tamamlandan soňra, ol 2005–2007-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň N. Saryýew adyndaky çagalar sungat mekdebinde zähmet çekýär. 2007-nji ýyldan bäri bolsa, ol Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy bolup, talyp ýaşlara galam we reňk bilen surat çekmäge öwredýär.

 

1997-nji ýyldan bäri A. Ataballyýew Türkmenistanyň çeperçilik we halkara sergilere gatnaşyp gelýär. Suratkeşiň eserleri Türkmenistanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň we beýleki ýurtlarynyň şahsy ýygyndylarynda ýerleşýär. 2010-njy ýyldan bäri ol Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasydyr.

 

2012-nji ýylda suratkeş Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi bolýar. Bäsleşige gatnaşdyran “Bedewler Gökderede”, “Toraňňy”, “Oba ýakasy”, “Manaman daglary”, “Bokurdak obasy”, “Öýle çagy” ýaly eserlerinde ol dürli reňk çözgüdi bilen milli tebigatymyzyň özboluşlylygyny şöhlelendirýär.

 

Reňkleriň sazlaşygyny örän ussatlyk bilen berip bilýän A. Ataballyýew türkmen nakgaşçylygynyň taryhynda peýzažçy suratkeş bolup girjekdigi şübhesizdir. Onuň peýzažlarynda, esasan, impressionizm stiliň çeper aýratynlyklary peýdalanylyp, adamlaryň duýgylaryna aralaşýar. Ol diňe bir çylşyrymly reňkleriň sazlaşygyny doly we dogry ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem, döredýän eserlerinde keşp täsirleriniň esasy serişdesini ýüze çykarmagy başarýan zehinli suratkeşdir. Ol öz eserlerinde suratyň tebigy bolmagyna we reňkleriň dürli öwüşgini bilen biri-birine sazlaşygyny döretmäge çalyşýar.

 

Suratkeş heniz şägirtkä, ýagny Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda okap ýören döwründe özüniň peýzaž eserleri bilen tapawutlanyp, ökde peýzažçylaryň biri bolupdyr. Peýzaž çekmek nakgaşyň hemişe gowy görüp halaýan žanrydyr. Çeperçilik akademiýada tomusky tejribelik döwründe çekilen “Nohur oba” (2001), “Garry Nohur” (2001), “Nohur gaýalar” (2001), “Garrygala” (2002), “Gerkez” (2002) ýaly nakgaşlyk eserleri özboluşly çeperçilik stili bilen tapawutlanýar. A. Ataballyýewiň “Gerkez” (2002) atly eserini belli fransuz postimpressionisti Pol Sezannyň “Sent-Wiktuar dagyň öňündäki ýol” (1900 ý. töweregi) atly nakgaşlyk eseri bilen deňeşdirip bolýar.

 

Nakgaşyň “Kenarda” (2003), “Çeleken” (2003), “Çeleken kenary” (2003) ýaly deňiz peýzažlarynda Balkan welaýatyndaky Hazar (öňki Çeleken) şäheriniň deňiz kenarynyň täsirli keşbi, gämileri, gaýyklary, ýaşaýyş jaýlary plener nakgaşlygynyň çeper serişdeleri bilen ýazylyp, ol öz gözi bilen gören zatlaryny hakykylyk bilen suratlandyrypdyr, reňkleriň inçe öwüşginlerini, ýagtylygyň we kölegeleriň oýnuny görkezip bilipdir.

 

Nakgaşyň “Günortan” (2011) atly eserinde kölüň ýanyna gelen düýeleriň şekili açyk pöwrize, mawy, ýaşyl, benewşe reňklerden düzülen peýzažyň ýerliginde çekilmegi ertekileriň jadyly dünýäsini ýatladýar. 2019-njy ýylda suratkeşiň döreden “Gurtly köli” atly eserinde altynsow, gülgüne reňkli asmanyň ýerliginde rahat, ümsüm ýatan köli mawy, gök, benewşe öwüşginleri arkaly şekillendirýär.

 

Suratkeşiň döredijiliginde Ahal welaýatynyň oba peýzažlarynda düýeleriň keşbi  uly orun tutýar. “Oba ýakasy” (2010) atly eserinde Günüň ýaşyp barýan wagtynda Garagum sährasynda düýe sürüsi örä çykan pursady şekillendirilýär. Amanmuhammet Ataballyýewiň «Bokurdak obasy» (2012), “Bokurdak. Etýud” (2018) atly işlerinde Bokurdak obasynda bolýan gündeki oba durmuşy suratlandyrýar. Nakgaşyň “Bahar pasly” (2015), “Gökdere” (2019) ýaly Köpetdagyň etegini suratlandyrýan peýzažlarynda ýaşyl, sary, gülgüne, benewşe reňkler bilen öwsüp duran agaçlaryň ýapraklary owadan sazlaşygy döredýär. “Toraňňy” (2009) atly peýzažynda ýoluň gyrasynda hatar-hatar bolup duran toraňňylaryň sütünleri dik görnüşde gaýtalanyp, esere özboluşly ritm berýär. Suratkeş Gün şöhlesinden gelýän ýagtylygyň täsirlerini agaçlaryň kölegelerinde ýüze çykarýar. Suratkeşiň bu eserini fransuz impressionisti Klod Moneniň “Derekler” (1892) atly eseri bilen deňeşdirip bolýar. Eserleriň ikisinde hem agaçlaryň ýokarky püri ýaşyl reňklerde berlip, kese ölçege salnan taslamada ýerleşdirilýär.  

 

Tebigatyň täsin görnüşlerinden ylham alýan nakgaş Watanymyzyň peýzažlaryny halkymyzyň gündeki durmuşy bilen baglanyşdyrýar. Açyk howada çekilen suratlar adam bilen tebigatyň, binagärlik ýadygärlikleriň  halkymyzyň taryhy geçmişi bilen bolan arabaglanyşygy duýulýar.

 

Jeren BALTAÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy,

Sona BEGMYRADOWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
5-nji ýyl talyby.