logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Täzelenýän energiýa 2025-nji ýyla çenli global energiýa pudagynda agdyklyk eder
  11.03.2023
908
Täzelenýän energiýa 2025-nji ýyla çenli global energiýa pudagynda agdyklyk eder

Halkara Energetika Guramasynyň (IEA) täze seljermesine görä, ýakyn ýyllarda dünýädäki täze elektrik üpjünçiliginiň hemmesi diýen ýaly täzelenýän we ýadro energiýasyndan düzüler. Bu bolsa gazylyp alynýan ýangyçlar ýakylandaky galyndyny azaldyp, howanyň hapalanmagynyň öňüni alar.

Uglerodsyz energiýa çeşmeleriniň 2025-nji ýyla çenli dünýäde täze elektrik isleginiň 90%-den gowragyny kanagatlandyrmagyna garaşylýar. Bularyň köpüsi gün, ýel we gidroenergetika ýaly täzelenýän çeşmelerden düzüler. Bu bolsa gazylyp alynýan ýangyçlaryň elektrik öndürmekde agdyklyk etmeginiň öňüni alar diýlip garaşylýar. Netijede, uglerod dioksidiniň zyňyndylary ahyrsoňy peselip biler.

Halkara Energetika Guramasy 2025-nji ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energiýanyň dünýädäki elektrik energiýasynyň 35%-ine eýe boljakdygyna garaşýar. Häzirki wagtda dünýädäki elektrik üpjünçiliginiň takmynan 10%-ini ýadro energiýasy, 20%-ini bolsa tebigy gaz emele getirýär.

Häzirki wagtda dünýädäki her bir ýurt diýen ýaly Pariž şertnamasynda kesgitlenen arassa energiýa maksatlaryna ýetmäge çalyşýar. Eger Global şertnamada kesgitlenen maksatlar dogry ýerine ýetirilse parnik gazlarynyň zyňyndylary 2050-nji ýyla çenli arassa nola düşmeli. Bu  bolsa howanyň üýtgemeginiň öňüni almakda möhüm ädim bolup durýar. 

 

Jennet NAZAROWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň talyby.