Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýewropa Bileleşiginiň medeniýet hepdeligi geçirilýär ✦ ✦ Bütindünýä durnukly ulag güni ✦ ✦ Daşary ýurt dilleri kämilleşdirilýär ✦ ✦ Körpe nesiller hakda alada ✦ ✦ Bitaraplyk — köňülleriň birligi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasynyň 70-den gowrak kompaniýasy sergä gatnaşarlar ✦ ✦ Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekillerini Hytaýdaky sergilere çagyrýarlar ✦ ✦ Kiýew şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Pekinde Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ Arkadag şäheri — gelejegiň şäheri ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Täze toplamalar bilen muzeý baýlaşýar
  26.07.2022
579
Täze toplamalar bilen muzeý baýlaşýar

Halkymyzyň nesilden-nesle geçip gelýän türkmen zergärçilik sungaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde täze ösüş ýoluna eýe boldy. Türkmen halkynyň zergärçilik sungaty ata-babalarymyzyň miras galdyran gymmatlyklarynyň iň tereň çeşmesidir. Hünärmentçiligiň zergärçilik sungaty birnäçe müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip, inçe sungat derejesine çenli ösüp ýetipdir. Häzirki günde duşýan milli şaý-seplerimiz türkmen zergärleriniň elinden çykan beýik sungatyň hakyky eserleridir. Türkmen zergärleri öz kärlerini diýseň oňat bilýändikleri, ýiti duýgurlygy, özleriniň döreden eserlerine ýürekden çemeleşýändikleri we gözel sungat eserinden edilýän talaplara laýyk gelýän bezeg şaý seplerini döretmegi başarýandyklary bilen saýlanýarlar. Zergärçilik sungatynyň önümi bolan türkmen milli şaý-sepleri özüniň inçeligi, nepisligi, içki sazlaşygy, gözelligi, baý mazmuna eýeligi bilen dünýä gymmatlyklarynyň sanawyna girdi we türkmen halkynyň müňýyllyklarda ýaňlanan ajaýyp kümüş owazy bolup ýaňadan äleme doldy.

Türkmenleriň zergärçilik sungaty dünýä döwletlerinde duş gelmeýän, özboluşly gaýtalanmajak medeniýetiniň seýrek nusgasydyr. Halkymyzyň geçmişde döreden, zenanlarymyzyň dakynan şaý-sepleriniň görnüşleri, olaryň ýasalyş aýratynlyklary, nagyş bilen bezeliş ýollary ir wagtlardan bäri alymlaryň ünsüni özüne çekip gelipdir. Muňa türkmen ylmynda ilkinjiler bolup taryhçylar, etnograflar, galyberse-de, daşary ýurtly syýahatçylar aýratyn uly üns beripdirler hem-de gymmatly ýazgylar galdyrypdyrlar. Olardan S.G.Gmeliniň, G.S.Kareliniň, N.N.Murawýowyň, A.Wamberiniň, G.Blokwiliň we beýlekileriň ýol ýazgylarynda türkmen şaý-sepleri hem-de olaryň aýratynlyklary barada köp maglumatlar getirilýär. Häzirki ajaýyp zamanamyzda-da, zergärçilik sungaty gadymy zergär ussatlarymyzyň işleri diňe bir halkymyzyň däl, eýsem dünýä halklarynyň ünsüni özüne çekýär. Türkmen zergärleriň ussatlyk bilen ýasan ýerligi kümüşden, ýüzüne altyn çaýylan naýbaşy şaý-bezegleri bütin dünýäniň iň uly muzeýleriniň bezegi boldy. Gadymy senetleriň özboluşly, gaýtalanmajak baýlyklary bilen içkin gyzyklanýan dünýä ýurtlaryndaky kolleksionerler olary uly gyzyklanma bilen toplaýarlar we öý muzeýlerini döredýärler, baýlaşdyrýarlar. Şeýle kolleksionerleriň birini mysal getirsek Şweýsariýa Konfederasiýasynyň raýaty hanym Natali Markarian-Fardany aýtmak bolar.

Muzeýiň taryhynda ýene-de bir uly begençli wakanyň şaýady bolduk. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine türkmen milli şaý-sepleriň toplamasy (kolleksiýasy) gelip gowuşdy. Bu toplumy 2019-njy ýylyň maý aýynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň raýaty hanym Natali Markarian-Fard Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasyna tabşyrdy we Türkmenistana sowgat hökmünde hemişelik iberýändigini aýtdy. Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhananyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramaçylykly işleri netijesinde bu gymmatly toplama 2021-nji ýylyň 20-nji maýynda Daşary işler ministrliginiň hünärmenleri tarapyndan Döwlet muzeýine tabşyryldy. Şol gymmatlyklaryň tabşyrylmagy mynasybetli Döwlet muzeýinde “Zergärçilik sungaty – milli mirasyň genji-hazynasy” atly sergi gurnaldy. Bu sergi 2022-nji ýylyň 25-nji iýulynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Muzeýde guralýan wagtlaýyn sergilerden tapawutlylykda bu sergi muzeýiň gaznahanalarynyň baýlaşdyrylmagyna bagyşlanyp, milli zergärçilik önümlerine degişli bezeg şaý-sepleriniň soňky ýyllarda gelip gowuşan toplamalary sergide görkezilýär.

Toplumyň esasyny zenan bezeg şaýlary maňlaýlyklaryň görnüşleri – egme, ganatly egmeler, şelpeli maňlaýlyk, öwürme maňlaýlyk, kerpiç maňlaýlyklar, saç bezegleri bolan – saçýüziler, asyklar, saçbaglar, saçujylar düzýär. Bulardan başga-da, boýna dakylýan bezegler – boýun bagy teňňelerden düzülip ýasalan dagdany, açarbaglar, tumarlaryň görnüşlerini synlamak bolýar. Zenan kolleksioner gyz-gelinleriň goşarlaryny bezeýän goşma bilezikleriň birnäçe görnüşleri we çapraz-çaňňalar, ýaşmakujylar bilen öz toplamasyny (kolleksiýasyny) örän baýlaşdyrypdyr. Diňe bir zenandyr çaga şaýlaryny ýygnamak bilen höweslenmän, türkmeniň bedew atlaryna niýetlenip ýasalan birnäçe zergärçilik eserleri gözlük, kümüş saply gamçylary hem öz toplamasyna ýygnapdyr. Milli saz guralymyz gopuzyň kümüş bezegli görnüşi ýeke-täk nusga bolup muzeý gaznasyna goşulmagy bolsa aýratyn bellärliklidir. Durmuş esbaplary – baş darak, ikbaşy, jöwher pyçaklar ýaly gymmatlyklaryň 80-den gowragy muzeý gaznasyny baýlaşdyrmagy aýratyn bellärliklidir.

Mundan başga-da, Hanym Natali Markarian – Fardyň türkmeniň kümüş bezeg önümlerini toplamagy, türkmen halkynyň milli mirasynyň dünýä ýüzünde uly gyzyklanma bilen öwrenilip ýygnalýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Gülälek MÄMIÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň
Döwlet muzeýiniň ylmy işgäri.