logo

Latest news:
✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi ✦ ✦ Gurbanlyk baýramy — ynsanperwerligiň we sahawatlylygyň baýramy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy ✦ ✦ Çagalaryň sözleýşini ösdürmegiň netijeli usullary ✦ ✦ Aziýa ösüş bankynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy ✦
Home / Interesting /Tawus kepderileri
  17.09.2023
1107
Tawus kepderileri

Kepderileriň iň gadymy we owadan we tohumlarynyň biri tawus kepderileridir. Bu guşlar ajaýyp görnüşi we üýtgeşik häsiýeti boýunça tapawutlanýar. Bu gözellikleriň watany takyk belli däl, ýöne taryhçylar bu hakda gadymy Hindistanyň ýazgylarynda tapypdyrlar. Olar tawus guşlarynyň hindi begleriniň köşklerinde ýaşap janly ,,bezeg’’ bolup hyzmat edendigine ynanýarlar.  Soňra bolsa tawus guşlary Angliýa eksport edilipdir we ol ýerden beýleki ýurtlara ýaýrapdyr. 

 

Germaniýadan we Gollandiýadan getirilen kepderiler seleksiýada möhüm rol oýnapdyr. XX asyryň birinji ýarymynda ol guşlar Russiýada peýda boldular. Seleksionerleriň şol döwürlerde öňünde durýan esasy maksady tawusa meňzeş kaşaň guýrukly kepderileri köpeltmek boldy.

 

Tawus kepderileriniň birnäçe görnüşleri bar. Olar biri-birinden ýelekleriniň reňki boýunça tapawutlanýar. Bu kepderileriň içinde iň meşhury çym ak kepderilerdir. Kepderiler bezeg görnüşi, asuda häsiýeti we sowuga ortaça häsiýeti bar, ýöne uzak uçuşlar üçin niýetlenen däldir. Köpeltmek işleri esasan daşky görnüşi gowulaşdyrmaga gönükdirilendir. Tebigaty boýunça bu guşlar gaty passiw we ýaltadyr.

 

Häzirki wagtda tawus guşlarynyň tohum üçin üç standart görnüşi bar: Rus, Amerikan, Wenger.

Kepderileriň käbir aýratynlyklary;
•    Kellesiniň kiçijik  we doly aýlawly hereket etmegi;
•    Ownuk ýalpyldawuk gözleriniň bolmagy;
•    Ak kepderilerde gözler hemişe gara-goňur reňklerde bolmagy;
•    Tawus guşlaryň tumşugy ownuk, sähelçe egrilendir. Onuň reňki ýelekleriň reňkine bagly bolmagy;
•    Guýrugy 30-50 ýeleklerden ybaratlygy.

Tawus kepderileri tor bilen berkidilen giň ýerde saklanylýar. Otagyň meýdany şahsyýetleriň sanyna görä hasaplanylýar. Her bir jübüt rahat ýaşamak üçin azyndan 1m3 ýer gerek. Bu kepderiler ýokary öndürijiligi bilen tapawutlanýar.

Aýnur SAPAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
Agroekologiýa hünäriniň II ýyl talyby.