logo

Latest news:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Home / Interesting /TÄSIN SUWOTY
  26.04.2022
1019
TÄSIN SUWOTY

         Bilşimiz ýaly, bizi gurşap alýan daşky dünýämiz özüniň florasy bilen gurşawy bezeýär we adamzadyň ünsüni yzygider özüne çekýär. Baý biodürlülige eýe bolan ösümlik dünýäsi özüniň ajaýyplygy, özboluşlylygy, täsin görüşliligi bilen tapawutlanýar. Şeýle täsin görnüşleriň biri-de kladaforalar maşgalasyna degişli bolan ýaşyl suwotydyr. Latynça ady Aegagropila Linnaei, ady hem ony açan şweýsariýaly alym K.Linneýiň hormatyna dakylan. Ýaşyl suwoty esasan hem süýji suwly köllerde, derýalarda duşmak bilen, temperaturasy 18-22º bolan suwlarda ösýär. Ol Ýewraziýa materiginde Ýuwaş ummanyndan tä Atlantik ummanyna çenli aralykda duşýar. Seýrek ýagdaýda bolsa Awstraliýada Sidneýiň kenarlarynda hem hasaba alnandyr.
         Daşky görnüşi boýunça şar şekilli bolan bu özboluşly suwoty göreni özüne çekýär. Onuň içi boş bolup, ýaşyl bölegi birnäçe galyňlykda bolýar. “Şarjagazy” kesip göreniňde biri-biri bilen berk baglanyşan inçe şahalanýan sapajyklardan ybarat ösüş zolaklaryny görmek bolýar. Şeýle-de bu suwoty akwariumçylykda hem giňden ulanylýar. Ol akwariumlarda diňe bir bezeg hökmünde däl, eýsem öz üstünden geçýän köp mukdardaky suwy arassalap süzýän tebigy süzgüçdir. Käbir akwaristler ony akwariumda diňe şar görnüşde ösdürmän, gaýçy bilen kesip tekiz görnüşinde hem ösdürýärler.

Aýjeren Illiýewa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby