Gyzyl ýüzli Kalakakari
Gülkünç ady bolan açyk gyzyl ýüzli maýmyn-Kalakakari .Alymlaryň pikiriçe, şeýle reňkiň bolmagy adaty bolmadyk pigmentasiýanyň hasabyna bolupdyr, netijede deriniň üsti bilen gan damarlarynyň gyzyl reňki görnipdir.Emma maýmyn ýyrtyjylara has köp üns berip başlansoň onyň beýle bolmagy uly kemçilik hasaplanypdyr.
Žiraf tomzagy
Planetamyzyň üýtgeşik jandarydyr.Täsin uzyn boýly bu tomzak žiraf tomzagy diýip atlandyrylýar.Bularyň esasy duş gelýän we ýaşaýan sebiti Madagaskardyr.Munyň ýaly görnüşde bolmagy bu tomzaklar üçin gaty oňaýsyz ýalydyr, emma bularyň şeýle bolmagy olara bir tarapdan peýdaly hasap edilýär .Bu tomzaklar sessiz we gaty ejizdirler şeýle görnüşiň bolmagy bilen käbir erkek tomzaklar, beýleki erkek tomzaklardan goranyp bilýärler.
Rinopithecus Striker (Ol hem burny gysylan maýmyn)
Geň ,gülkünç burny bolan maýmyna burny gysylan maýmyn adyny berýärler.Ýakynda, Mýanmada bu täsin jandaryň burnynyň şeýle bolmagynyň sebäbi doly öwrenildi. Ýagny bular howuzlarda ýüzmek üçin burnuny şeýle ýagdaýa öwürmeli bolýarlar, çünki burun deşikleriniň uly bolmagy bularyň burnuna suwuň aňsatlyk bilen girmegine sebäp bolýar we şol zerarly dem almagy asgyrmagy kynlaşýan eken.
Ýaltajalar
Bular gaty täsin we gyzykly haýwanlar hasaplanýar ,olaryň käbiri biziň durmuşymyza gabanjaňlyk edýär eken. Olar esasan Merkezi we Günorta Amerikanyň tokaýlarynda ýaşaýarlar.Ýaltajalar bütin gün hereketsiz diýen ýaly agaç şahalaryndan asylyp ýatýarlar.Bir agaçda ýapraklar gutarýança iýýärler we diňe şondan soňra ýerlerini üýtgedýärler.Ýaltajalar bedeniniň galan bölegini gymyldatman kellelerini öwürip bilýärler .Olar örän mylaýym jandarlar bolup, özlerini hemişe düýşde hasaplap hemme zat edýän ýaly alyp barýarlar we günüň köp bölegini uklap geçirýändikleri üçin bar zady hakykat ýaly bilýärler.Bular ýeriň üstünde özlerini gowy duýmaýarlar.Sebäbi olardaky uzyn dyrnaklar we öň aýaklar ýöremäge päsgel döredipdir.
Damja şekilli balyk
Damja şekilli balyk (Psychrolutes marcidus )ýa-da muňa başgaça gynandyryjy ýa-da bir damja balyk diýilýär.Olar Awstraliýanyň we Tasmaniýanyň kenarlarynda ýaşaýarlar.Adamlar damja şekilli balygy seýrek görýärler, sebäbi bular esasanam 800 metre çenli çuňlukda ýaşaýarlar.Deňiz suwundan pes basyşa eýe bolan, bu balyk aňsatlyk bilen ýüzüp bilýär şeýle-de, onuň myşsalary suwuň dykyzlygyndan pes dykyzlygy bolan jele (ýag) birleşmeler maddasyndan düzülendir.Damja balygy adam iýmiti üçin amatly önüm bolup bilmeýär.Bular leňňeçler we beýleki jandarlaryň ýaşaýan sebitlerinde ýaşaýanlygy sebäpli torlara aňsatlyk bilen ilişýärler, şonuň esasynda bularyň ýitip gitme howpy hem ýokary hasaplanylýandyr.
Iň kiçi Marmoset
Maýmynlaryň we primatlaryň dünýädäki iň kiçi görnüşlerinden biridir.Bularyň uzynlygy 14-santimetrden, 20 santimetre çenli bolup, adam eline aňsatlyk bilen ýerleşip bilýär.Marmosetler esasan, Braziliýanyň günbataryndaky, Kolumbiýanyň günorta-gündogaryndaky we Ekwadoryň hem-de Perunyň günbatar sebitlerindäki tokaýlarda duş gelýärler.Bulara köplenç jübüt maýmyn diýilýär.Sebäbi bular adatça jübüt ýa-da kiçi topar bolup ýaşaýarlar(6 –a çenli ).Bular beýleki zatlaryň arasynda ýapraklar we mör-möjekler bilen iýmitlenýärler.Şol maksada niýetlenen dyrnaklary arkaly marmosetler agaçlara we daglara aňsatlyk bilen dyrmaşyp çykmagy başarýarlar.Bular örän eýjejik we özüne çekiji jandar bolanlygy sebäpli köplenç ýagdaýda, tokaýlarda däl-de, adamlaryň öýlerinde ýaşaýarlar.
Platypus
Platypus dürli haýwanlaryň toparyna meňzeýär.Bular süýdemdirijiler ýaly tüýli bedene, şeýle-de ördekler ýaly çüňke eýedirler.Erkek wekilleriniň arka aýaklarynda zäherli mäzleri bolýar, urkaçy wekilleri bolsa süýrenijiler we guşlar ýaly, ýumurtga goýýarlar.Bularyň esasy duş gelýän sebitleri Tasmaniýanyň, Awstraliýanyň günorta-gündogaryndaky köl we derýa akymlary hasaplanýar.Platypuslar suwuň astynda aw edýärler, bularyň çeýeligi we duýgyr tumşuklary aw etmegine uly ýardam edýär.Bu haýwanlar gymmatly sütüge eýeligi sebäpli ýitip barýan görnüş hasaplanýar.Şonuň üçin häzirki wagtda bular aýratyn gorag astynda saklanýandyr.
Tamarin
Tamarin- marmoset maýmyn.Bular esasan Günorta Amerikada, Braziliýanyň günbatarynda, Perunyň gündogarynda we Boliwiýanyň demirgazyk-gündogar sebitlerinde duş gelýärler.Agzy we uly göwrümli murtlary bolan bu maýmynlar, gaty gülkünç görünýärler, şol sebäpden bular dünýädäki özüne çekiji haýwanlaryň biri hasaplanýar.Bular üzümlere baý bolan tokaý sebitlerinde, Andes düzlüklerinde şeýle-de suwda ösýän agaçlarda ýaşamagy halaýarlar.
Fenek tilkisi
Fenek tilkisi täsin hem-de ýakymly jandar hasaplanýar.Bular esasan Demirgazyk Afrikanyň çöllerinde ýaşaýar.Fenek beýleki tilkilerden kiçi göwrümi we ullakan gulaklary bilen tapawutlanýar.Uzynlygy 15-santimetre çenli bolan gulaklary, bular üçin, diňe bir ownuk zatlary tutmaklygyň özboluşly serişdesi bolman , eýsem bedeni sowatmagyň gowy serişdesidir. Çünki çölde ýaşaýan bu tilkilerde der bölüp çykarýan mäzleri ýok, şol sebäpli giň gulaklara eýe bolmak bilen termoregulýasiýa hadysasyny aňsatlaşdyrmagy başarýarlar. Haýwanyň duýgur gulaklary gaty seslere çydap bilmeýär.Bu tilki bökmek ukyby bilen hem meşhurdyr kiçijik tilkijikler aňsatlyk bilen 70-120 sm öňe bökmegi başarýarlar.
Binturong
Wywerns maşgalasyna degişli bu süýdemdirijini Hindistanda, Nepalda, we Birmada ýagyş tokaýlarynda görüp bilersiňiz.Oňa başgaça “aýy pişigi” hem diýilýär.Binturong(Artictic Binturong) tegelek kelleli aýa gaty meňzeýär,ol diňe gulaklaryndaky uzynja tüýleri we dyrnaklary bilen tapawutlanýar.Beýleki kowumlary bilen deňeşdirilende bu aýylar guşlar balyklar ot görnüşleri bilen kemden- kem iýmitlenýärler.Günüň köp bölegini bu haýwanlar agaçlaryň şahalarynda uklap geçirýärler we garaňky düşende işjeň ýagdaýda bolýarlar.Agramy 10 kilograma barabar bolan Binturongyň gysga aýaklary agaçlaryň üstünde ýöremeklige düýbünden päsgel berýär.Şonuň üçin bular ýuwaş-ýuwaşdan şahadan-şaha geçmekligi üstünlikli başarýarlar.Şeýle hereketi amala aşyrmakda bulara güýçli aýaklary, ýiti dyrnaklary we uzynlygy 90 sm bolan guýrugy uly kömek berýär.Onuň guýrugy edil elleri ýaly şahalardan tutmaklyga ýardam edýär.Iň täsin aýratynlygy bu haýwanlar özlerinden patragyň ysyny bölüp çykarýarlar, şeýle-de guýrugynyň aşagynda ýerleşen mäzleri arkaly agaçlara bellik goýup öz kowumdaşlaryna maglumatlar berýän eken.
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby
Ruhsara Jumageldiýewa