Тürkmen halkynyň taryhy yzlaryny açyp görkezýän gymmatlyklarymyzyň toplanan ýeri bolan muzeýlerimize uly üns berilýär, çünki halkyň medeni mirasyny ösdürmek, geljekde ýaşlarda oňa bolan söýgini döretmek, milli mirasymyzy gorap saklamak üçin muzeýleriň ähmiýeti örän uludyr. Milli taryhy öwrenmek, halkymyzyň maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak we dünýäde wagyz etmek döwlet syýasatynyň örän möhüm ugurlarynyň biri bolup дурйар. Bu işleriň amala aşyrylmagynda taryhy gymmatlyklaryň aýawly saklanylýan ýerleri, ýurdumyzyň iri ylmy we aň-bilim merkezleri bolan muzeýlere aýratyn orun degişlidir.
Türkmenistanyň muzeý işiniň, onuň taryhynyň, medeniýetiniň, tebigy baýlyklarynyň bitewiligini görkezmek, türkmen halkynyň täze nesillerine watançylyk terbiýesini bermek, şeýle-de dünýä jemgyýetiniň gadymy türkmen halkynyň taryhy we watanymyz bilen tanyşdyrmakdan ybarat bolup durýar. Muzeý işiniň esasy biziň döwrümizde muzeýlere gelýänleriň sanynyň köpelmegi muzeýleriň halkymyzyň dünýägaraýşynyň we medeni derejesinde kämilleşmeginde edýän täsiri bilen tapawutlanman, eýsem, halkymyzyň taryhy-medeni mirasyna gyzyklanmasynyň artmagy bilen häsiýetlenýär. Muzeýler türkmen halkynyň baý medeni mirasyny wagyz etmekde möhüm orny eýeleýär. Muzeýlerde gyzykly taryhy maglumatlar nesilden-nesle geçirilip gelinýän maddy hem-de medeni gymmatlyklaryň dürli nusgalary bilen bir hatarda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan ägirt uly üstünlikleri barada gürrüň berýän maglumatlar görkezilýär. Muzeýlerde toplanan arheologiýa tapyndylary, gadymy lybaslar, ajaýyp halylar, zergärçilik işleri, öý goşlary, binagärçilik özboluşlyklarynyň şekilleri we kiçeldilen görnüşleri, sazçylyk sungatynda saz gurallarynyň, görnükli bagşylar, dessançylar barada taryhy maglumatlar ösüp gelýän ýaş nesle watançylyk terbiýesini bermäge gönükdirilýär.
Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halkynyň dürli wakalara iňňän baý taryhy bardyr. ХIХ asyrdan, has hem onuň ikinji ýarymyndan başlap türkmen topragy basybalyjylykly söweşleriň arenasyna öwrülipdir. Şeýle uruşlaryň iň bir gan döküşiklileriniň biri-de ХIХ asyryň 70-80-nji ýyllarynyň sepgidinde bolan meşhur Gökdepe söweşidir.
Müňýyllyklardan gözbaşyny alyp gaýdýan gojaman taryhymyzyň şaýatlyk etmegine görä, türkmen halky özüniň ata-babalaryndan dowam edip gelýän özboluşly milli däp-dessurlaryna, ruhy gymmatlyklaryna, dinine, diline uly sarpa goýýandygy, öz mukaddeslikleri üçin, gerek bolsa şirin janyny orta goýmagy başarýan halkdygy bilen dünýäde tanalýar. Gahryman Gökdepe galasynda Watan üçin şirin janlaryny gurban eden, duşmana garşy, mertlerçe söweşen gerçekler ýatyr.
Gökdepe galasynyň düýbi takmynan 1877-nji ýylda tutulypdyr diýen maglumatlar bar. Galanyň gurluşygyna Berdimyrat han bilen Orazmämmet han ýolbaşçylyk edipdir. Galanyň gurulmagy üçin Diňlidepäni saýlap alynmagynyň birnäçe sebäpleri bar, ýagny, depäniň üstüne çykyp galanyň daşynda bolup geçýän wakalara uzakdan gözegçilik etmek mümkinçiligi bolupdyr. Esasy sebäpleriň biri hem Sekizýabyň gollarynyň birnäçesi Diňlidepäniň golaýyndan geçipdir. Ruslar suwy kesäýen ýagdaýynda-da galanyň içinde süýji suwly guýulary gazmak mümkinçiligi bolupdyr.
Galanyň meýdany 100 gektar töweregi bolup, diwarlarynyň beýikligi 7 metre barabardyr. Diwarlarynyň teýiniň galyňlygy 10-11 metre çenli, ýokarsynyň galyňlygy 5-6 metre çenli bolup, iki atly araba ýöräp geçip bilmek mümkinçiligi bolupdyr. Galanyň diwarlarynyň uzynlygy 4378 metre ýetýär.
General Lomakiniň ýazan hatyny ahal-tekeler maslahatda okaýarlar. 1879-njy ýylyň 28-nji awgustynda Lomakiniň goşuny gelende gala doly gurlup gutarylmaýar. Şoňa garamazdan edermen ahalyň ilaty rus goşunlaryny gaýduwsyzlyk bilen yzyna gaýtarypdyrlar. Bu rus patyşasy üçin diýseň masgaraçylykly ýagdaý bolupdyr.
Rus patyşasy ikinji gezek harby ekspedisiýasyny gurnaýar. Oňa hem rus-türk urşunda ýakasyny tanadan general Skobelew naçalnik bellenýär. Skobelewiň goşuny gelýänçä galanyň gurluşygyny doly tamamlaýarlar. Gökdepe galasy 1879-njy ýylda bary-ýogy birnäçe aýyň dowamynda Diňlidepe töwereginde gurlypdyr. Gala tutuş ahalyň ilaty jemlenipdir. Galanyň çäginde 45 000-e golaý adam, 7 000-den 10 000-е çenli atly jemlenipdir. Men diýen urşa gatnaşan ýigitler 20-25 müňe golaý bolupdyr. Ýaraglar 2 sany mis topdan, 2 sany çoýun topdan (zenburek), 5 000 sany tüpeňden (olaryň 500-si çalt atýan tüpeň) ybarat bolupdyr. Galany goraýjylaryň galanlary bolsa gylyçlar, pyçaklar we gyrkylyklar bilen ýaraglanypdyr. Gökdepe galasyny zabt etmek üçin rus goşuny tarapyndan 45 rota, 11 ýüzlükler we eskadronlar, 11 sany karteçnisa, 4 sany mortira jemlenilipdir. Bütin gabawyň dowamynda 450 sany raketa, 607816 sany ok, 8657 top oky atylypdyr. Gökdepe galasy nädogry dörtburçluk şekilinde bolup, onuň birnäçe çykalgalary bolupdyr. Galanyň ýakynynda 3 sany kiçi galalar bolan. Olaryň atlary Pürli, Türküstan, Awçy galalarydyr. Ilki rus goşunlary şol galalary eýeläpdirler, soňra şol galalaryň diwarlarynyň üstüne çykyp, uly galanyň içindäki bolup geçýän wakalardan habarly bolupdyrlar.
Gökdepe söweşinde erkinlik, azatlyk, garaşsyzlyk üçin gara başlaryny orta goýan gerçeklerimiz nesillere edermenligiň, gaýduwsyzlygyň, batyrlygyň, watansöýüjiligiň belent nusgasyny miras goýupdyrlar.
Gokdepe söweşi öz ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryna görä ýaşamak, öz ykbalyňy kesgitlemek, öz ösüşiniň taryhy ýoly bilen öňe gitmek hukugy ugrunda biziň halkymyz üçin ýowuz synag boldy. Gökdepe galasynyň gahrymanlarynyň arasynda türkmen zenanlary, ýaşulylar we çagalar hem bolup, olar deň bolmadyk uruşda gaýduwsyz söweşip şehit boldylar. Bu gün olary tutuş dünýä bilýär, olaryň gahrymançylygy we edermenligi barada mukamlardyr sazlar düzülip, olaryň keşpleri ençeme sungat eserlerinde şekillendirildi. Şeýle-de, Gökdepe etrabynyň «Сапармырат хаjы» metjidiniň golaýynda ýadygärligiň bir bütewi binagärlik toplumynda gurlan «Gökdepe» milli muzeýi türkmen halkynyň öz edermen ata-babalaryna çuňňur hoşallygynyň, ruhubelenliginiň nyşanyna öwrüldi. Muzeýde rowaýata öwrülen wakanyň gahrymanlaryna bagyşlanan gymmatlyklaryň müňlerçesi biziň taryhymyzyň pajygaly sahypalarynyň biri hakynda gürrüň berýär.