logo

Latest news:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Home / Culture /Tämiz kalplaryň keşdesi
  03.12.2021
765
Tämiz kalplaryň keşdesi

Türkmen gelin-gyzlarynyň uz barmaklaryndan dörän el işleriniň arasynda mynasyp bolan keçeler şöhratly taryhymyzdan habar berýän ajaýyp senetdir. Milli mirasymyza Ülker ýyldyzy kimin nur çaýýan bu gymmatlykda zenan kalbynyň owazy ýaňlanýar. Türkmen zenanlarynyň ruhy dünýäsiniň gözelligini açýan bu sungatyň nagyşlarynyň, gülleriniň, alajalarynyň her biri pähim-paýhasa ýugrulan köňül aýdymy bolup jahana dolýar. Şonuň üçin türkmen keçeleriniň dünýäniň medeni mirasynyň sanawynda mynasyp orny bar.

Nepis halylarymyz kimin keçeler hem irki döwürlerde han-begleriň nazarynda bolupdyr. Owadan nagyşlary ýumşaklygy hem-de berkligi bilen birlikde, bu senediň saglyga peýdasy onuň gymmatyny beýgeldipdir.

Ene-mamalarymyzyň zehininden dörän bu “altyn hazynadan” susup aldygyňça, alasyň gelýär. Ugruny tapyp, “diline” düşünseň, el işleri bahasyz hazynadyr. Ak, sary, gülgün, al-ýaşyl, melewşe reňklere beslenen nagyşlaryň biri beýlekisini gaýtalamaz. Hersiniň öz dünýäsi, öz rowaýaty bar. Türkmen keçeleriniň “Älem”, “erikgül”, “çynar ýaprak”, “çarhypelek”, “tegbent”, “okgözi”, “alaja”, “içýanagyz”, “gylyçbil”, “käbeýol”... Ömür, ykbal, arzuw-hyýallar, durmuş synaglary, türkmen tebigatynyň gözellikleri ýaly nagyşlardan döredilen nepis keçeler henize çenli türkmen öýleriniň törüni bezeýär.

Zenan terbiýesinden bolan türkmeniň el işleriniň ählisi- halysy, keçesi, ketenisi, keşdesi, gaýmasy... çeper elli gyz-gelinleriň bezegidir. Olaryň çeper döredijiligi bilen kemala gelýän könelmejek nagyşlar halkymyzyň gadymy gymmatlarynyň aýrylmaz bölegi bolmak bilen birlikde, dünýä nusgalyk göreldedir.