Ahal province
logo

Latest news:
✦ Adamyň ýatkeşligi nähili işleýär? ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Zenanlar - durmuşyň gözelligi ✦ ✦ 8-nji mart — Halkara zenanlar güni! ✦ ✦ «Diplomatik protokol» okuwynyň jemleri jemlendi ✦ ✦ IFT 2026 maýa goýum forumyna taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanaty ✦ ✦ Aýdym-saz — ynsan kalbynyň syrdaşy ✦ ✦ Raşid Meredow Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti bilen gepleşikleri geçirdi ✦ ✦ Kitap — ruhy baýlygyň hazynasy ✦
Home / Science and Education /Tagty süleýmandyr üsti bedewiň!
  20.01.2021
1229
Tagty süleýmandyr üsti bedewiň!

       Bedew at ençeme asyrlardan bäri ýigidiň wepaly ýoldaşy, dosty we syrdaşy bolup gelýär. At öz eýesini ençeme hupbatlardan, söweşlerden aman alyp galypdyr. Zähmetsöýer ata-babalarymyz bedew ata ideg etmek, ony seýislemek ýaly işlere aýratyn üns beripdirler. Uzak ýoldan ýadap gelen aty suwa ýakmazdan ozal, biraz gezdiripdirler, endamyny tämizläpdirler. Ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän bu ýörelgeler biziň günlerimizde hem atşynaslarymyz we seýislerimiz tarapyndan doly berjaý edilýär. Ýurdumyzda atçylyk pudagynyň düzümini ösdürmek, arassa ganly ahalteke bedewleriniň sanyny artdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, sportuň atçylyk görnüşlerini wagyz etmek boýunça uly çäreler amala aşyrylýar. Olaryň hatarynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde häzirki zaman iri atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy, abraýly umumymilli bäsleşikleriň geçirilmegi munuň aýdyň şaýadydyr. Atçylyk sporty - bu adamyň ata doly düşünmegi we çapyksuwar bilen bilelikde hereket etmegidir. Atly sport, at çapmak ýaşlarda batyrlygy, ugurtapyjylygy, çalasynlygy we öz-özüňe erk etmegi terbiýeleýär. At münmek, atly syýahat gezelençler etmek bedeniňi sagdyn terbiýelemäge, akyl-paýhasyňy durlamaga, medeniýetli dynç almaga kömek edýär. At bilen ysnyşykly gatnaşykda bolmak adamlarda ata bolan ýakyn duýgyny oýarýar. Şonuň ýalyda, atyň ynsanyň ruhy we beden saglygyna ýardamy bolup, hassalary dikeltmekde uly ähmiýeti bardyr. Atly syýahat, gezelenç etmegiň, seýrana gitmegiň, umuman, at münmegiň göwün açmaga, psihologiýa taýdan dynç almaga, şonuň bilen birlikde ynsana diňe bir onuň daşyny gurşap alýan tebigatyň gaýtalanmaýan gözelliklerini synlamaga, olary öwrenmäge mümkinçilik bermän, eýsem, bedeniňi fiziki we ruhy taýdan taplamaga we berkitmäge, saglygyňy dikeltmäge edýän ýardamy hem örän uly bolup durýar. Atly gezelenç, syýahat edilende, beýleki tehniki ulag serişdeleri bilen barmasy kyn bolan tebigatyň ajaýyp künjeklerine: dag jülgelerine, gür tokaýlaryň arasyna, köldür derýalaryň kenarlaryna ýa-da gum depelerine aralaşmaga we şol ýerlerde tebigat gözellikleriniň arasynda dynç almaga mümkinçilik döreýär. Bäş müň ýyllyk taryhy bolan türkmen halkymyzyň ykbalynda ahalteke bedewlerimiz möhüm orny eýeläp gelipdir. Ata-babalarymyzyň döreden «Bedew at menzil keser», «Atym bar - ganatym bar», «At üstüne müneni tanar» ýaly nakyllary biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Häzirki wagtda döwletimizde sportuň dürli görnüşlerini ösdürmäge amatly şertleriň bardygyny nazarda tutup, atçylygy we atçylyk sportuny hemmetaraplaýyn kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär we onuň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak üçin bu ugra degişli kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmegi üpjün edilýär. Şol kadadan gözbaş alyp gaýdýan kadalaşdyryjy hukuk namalary esasynda bagtyýarlyk döwründe atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmegiň kanunçylyk esaslary pugtalandyrylýar.