logo

Latest news:
✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦ ✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦
Home / Culture /Şygyrlary aýdym bolan Pyragy
  18.04.2023
1198
Şygyrlary aýdym bolan Pyragy

Magtymguly Pyragynyň türkmen jemgyýetiniň edebi-ruhy durmuşynda eden düýpli öwrülişigi bagşyçylyk sungatynda has äşgär ýüze çykypdyr. Beýik Pyragynyň we onuň yzyny eýeren şahyrlaryň goşgulary bagşyçylyk sungatynyň rowaçlanyp, görlüp-eşidilmedik derejä – nusgawy derejä çykmagyna esas döredipdir. Türkmen ili şirinden-şirin owazly, dür manyly aýdymlara, mukamlara dolupdyr.

Magtymguly Pyragy şygyrlaryny halka düşnükli dilde ýazyp, beýleki şahyrlara hem görelde görkezipdir. Sada, saza gelip duran, üstesine-de akyl-paýhasa ýugrulan goşgular il içine örän çalt ýaýrapdyr. Teşne kalplara tenekar ýaly siňip barýan şygyrlara kyssaçylar, bagşylar ganat beripdir.

XVIII asyr, beýik Pyragynyň şygyrlary türkmenleriň ruhy durmuşyna düýpli öwrülişik girizipdir. Bagşylaryň repertuarynda dessanlar bilen bir hatarda tirme aýdymlary ymykly orun alypdyr. Magtymgulynyň sözlerine aýdylýan tirme aýdymlary hatda dessançy bagşylaryň repertuaryna-da ornaşypdyr. Akyldaryň şygyrlaryna ilatyň teşneligini tirmeçilerem, dessançylaram duýupdyrlar. Duýmaz ýalam bolmandyr: eger-de bagşy Pyragydan aýtmasa, ol bagşy hasap edilmändir. Şu ýagdaýda bagşylar onuň şygyrlaryny, öwüt-ündewlerini hut dessan aýdan ýaly aýdyp başlapdyrlar.

Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny dessan kysmynda aýtmak bagşyçylyk ýollarynyň ählisine mahsus bolupdyr. Bu, aýratyn hem teke, saryk-salyr, ärsary ýollary üçin ýörgünli eken. Ussat bagşylar aýdymlaryň arasynda akyldaryň, ýagşyzadalaryň durmuşyndan hekaýatlar aýdyp, märekäni gyzyklandyryp «bir gulaga» öwürmegi başarypdyrlar.

XIX asyryň ortalaryna çenli beýik Pyragydan we beýleki nusgawylardan aýtmak bagşylar üçin-de, diňleýjiler üçin-de gürrüňsiz eýerilýän kada öwrülipdir. Emma welin bagşylar dessanlardanam daşlaşmandyr. 

 

Ejebaý MÄMMÄÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.