logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi
  30.04.2026
1266
Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Buharest şäherindäki Agrar ylymlary we weterinar lukmançylygy uniwersitetinde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy bilen bilelikde gibrid görnüşde halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

 

Maslahata S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, A. Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň wekilleri, şeýle hem Rumyniýanyň öňdebaryjy degişli ylmy-bilim edaralarynyň, şol sanda Buharestdäki Agrar uniwersitetiň, Ion Ionesku de la Brad adyndaky Ýass tebigy ylymlar uniwersitetiniň, döwlet atçylyk hojalygynyň we Zetea weterinar klinikasynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

 

Çäre Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna hem-de ýylyň şygaryna bagyşlanyp, çykyşlarda milli atçylygy ösdürmegiň ähmiýeti, atçylyk sporty boýunça gazanylan üstünlikler we türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesi giňden beýan edildi.

 

Tegelek stoluň dowamynda atçylyk pudagyny ösdürmek, onuň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmak, durnukly dolandyryş meseleleri, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň üstünlikleri, şeýle hem weterinariýa we maldarçylyk ulgamyndaky häzirki zaman ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Şeýle-de gatnaşyjylara degişli prezentasiýalar we wideo materiallar görkezilip, türkmen bedewleriniň halk durmuşyndaky ornuny şöhlelendirýän sergi guraldy. Çäräniň jeminde onuň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we tejribe alyşmagy giňeltmekde möhüm ädim bolandygy bellenildi.