logo

Latest news:
✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦
Home / Culture /Şygyr äleminiň almaz täji
  14.04.2021
777
Şygyr äleminiň almaz täji

     Adamzat taryhynda akyldar şahyrlar, alymlar, kompozitorlaröz döredijilikleri bilen diňe bir döwre däl, diňe bir halka däl, eýsem tutuş ynsanyýete we ömre degişli ölmez-ýitmez eserleri bilen adyny möhürläpdirler. Şeýle şahslaryň biri “Halk pikiriniň jarçysy”, “Akyl dürüniň egsilmez hazynasy”, “Ynsanperwerlik mirasynyň ýokary basgançagy”, “Dünýä edebiýatynyň şamçyragy”, “Dünýä poeziýasynyň ummany” Magtymguly Pyragydyr. Onuň döreden eserlerini älemde tebigatyň bolluk bilen eçilen suwuna, dürli görnüşdäki janly-jandarlaryna, ösümlikler dünýäsine baý bolan ummana meňzedesim gelýär. “Dile gelen sözlerini köňül nagşy edip taraşlap şagladan” Magtymguly Pyragy şol atlary bermäge her bir jähetden mynasypdyr. Şahyryň ady tutulanda, ilkinji nobatda, mertebe, wepadarlyk, söýgi, durnuklylyk, agzybirlik ýaly sözler ýadyňa düşýär.

         Magtymguly Pyragydan soňky döwürlerde ýaşap geçen, belli ýazyjy Berddi Kerbabayew şeýle belläp geçýär: “Magtymguly söz bazarynda dellala aýlanyp, many bermekde biçimçä dönüp we gözel şygyr düzmekde çeper ýüwürdiji roluny oýnap, türkmen halkynyň geçmişi, geljegi we bütin durmuşy hakynda dynuwsyz pikir ýöredip, öz asyrdaşyna we soňraky geljeklere altyn hazyna galdyrdy”.

         Geçmişiň dürli syýahatçylaryndan we alymlaryndan başlap, häzirki zamanyň meşhur alymlaryna çenli tutuş iki asyryň dowamynda Magtymguly hakynda täze we dogry pikirleriň ýüzlerçesi aýdyldy. Olardan Magtymguly türkmeniň gymmatbaha daşlarynyň biri bolup, ol biziň zamanamyzda täze ýüzügiň gaşynda gözüňi gamaşdyryjy şöhlesi bilen lowurdaýar. Magtymgulynyň nähili ömür sürüp ötendigini häzir göz öňüne getirmek gaty kyn. Biz ol barada köp zatlary bilemizok, ýöne çak edýäris. Emma biz onuň şygyrlaryny okaýarys, bularda şahyr öz döwri barada taryhçy adama-da başartmajak ussatlyk bilen gürrüň berýär. Emma aýdylmagy gerek bolan pikirleriň henize çenli ýüzden bir bölegi hem aýdylmady. Sebäbi onuň poeziýasy Ýer ýaly sada, şonuň bilen bir wagtda-da ýeriň özi ýaly baý hem çylşyrymly. Bu barada:

Ýöne bir uly däl, juda uly sen,

Dag ogly, dag şiri Magtymguly sen!

Şonuň üçin saýlap daşlaň ulusyn,

Ýasadyk biz senden dagyş ýagşysyn!

Şeýdip, dag üstünde, dag bolda otur,

Kümüş dünýäbakyp, daňyňy atyr,

Geçse-de üstüňden müň-müňläp asyr,

Alarsyň alkyşdan paýyň ýagşysyn!

-diýip, Kerim Gurbannepesow öz goşgy setirlerinde tassyklaýar.

         Magtymguly Pyragynyň döredijiligi-düýpsiz umman, onuň her bir aýdan sözi diňe bir halka däl, eýsem, tutuş halka, olaryň ýüregine tiz aralaşýar. Bu şahyr türkmen halkynyň milli şahyry bolmak bilen bir hatarda, bütin adamzadyň akyldar şahyrydy. Çünki söz ussadynyň gozgaýan dünýewi we ylahy meseleleri, olaryň akyl-paýhasa eýlenen çözgütleri Ýer togalagyna guşak bolup guşalýar. Şahyryň ýazan şygyrlaryny okan özge halkyň wekilleri türkmen halkynyň ynsanperwer taglymlaryny we tutuş ynsanyýete degişli taglymlaryny görüp bilýärler.