Bu dünýäde söýgä uçramadyk, söýginiň käte güzabyny, käte-de lezzetini datmadyk adam barmyka?! Biziň pikirimizçe-de ýokdur. Emma söýgi bar, söýgi bar. Her "söýgä" söýgi diýmek hem dogry däl. Söýmek üçin adama näme gerek? Elbetde, ýürek gerek. Biz size ýüregi şygyra, mähriban halkymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza, baldan süýji şu zamanamyza bolan söýgüden joşup duran ynsan hakda kelam agyz aýtmakçy. Ol ynsan halypa şahyrymyz - Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa.
Gözel halypa bilen birnäçe gezek duşuşyp, söhbetdeş bolmak bagtyna eýe bolandygym üçin özümi iň bagtly ýaşlaryň biri hasaplaýaryn. Halypany her gezek görenimde gulagymda onuň birnäçe çykyşlarda okan şu ajaýyp goşgy setirleri ýaňlanýar:
Söýgi garramaýar, söýgi ölmeýär,
Biz nämüçin bärde, ol ölýän bolsa.
Adam özge zady gözläp gelmeýär,
Şonuň üçin gelýär, ol gelýän bolsa.
Gözel halypanyň şunuň ýaly durmuşy-pelsepewi goşgularyny okanyňda bütin dünýä, adamzada bolan kalpdaky söýgiň pürepürlenýär. Muňa Gahryman şahyrymyzyň ussatlygy, ýüregimize jüňk bolýan şeýle ajaýyp sözleri tapyp bilýänligi sebäp bolýar. Ussatlyk bolsa Gözel Şagulyýewada aňryýany bilen bar.
Gözel Şagulyýewanyň ady deýin, onuň şygryýet dünýäsi-de, kalp älemi-de gözel. Ol hemişe gözelligiň yşgynda. Ata-babalarymyzyň aýdan sözünde şeýle jümleler bar: "Adam içki dünýäsini nähili saklasa, daşky dünýäsi-de şonuň bilen çalymdaş bolýar". Gözel halypanyň içki dünýäsindäki gözellige bolan ymtylyşy onuň daşky dünýäsine-de öz täsirini ýetiripdir. Ol ýaşynyň bir çene baranlygyna garamazdan ne saglygyndan, ne-de gözelliginden zat ýitiripdir. Ol hemişe sagdyn we işeňňir ynsan.
Enem pahyr: "Ynsanyň göwni dyrnak ýaly bolýandyr. Ynsany begendirmegem, gynandyrmagam ýekeje söze bagly" diýerdi. Gözel halypanyň hem göwni şeýle. Ol durmuşda şeýle pespäl we kiçigöwünli. Muny onuň şu goşgy bentlerindenem aňmak bolýar:
Maňa ýylgyrmaga kän zat gerek däl,
Ýazy küýsäp açylmagy gülleriň.
Asuda ädimläp, assaja ýöräp,
Gelip, geçip durmaklygy günleriň.
Şol günler saklansa öýkä berilmän,
Ynjytmasak, ömre siňýän sallary.
Gezsek kän gynanman, artyk begenmän,
Dünýä-de halaýar aram hallary.
Diňletse salmalar aýdymly sazyn,
Guşlaryň goşuna goşulsam, gonsam.
Maňa näme gerek şulardan başga,
Siz bolsaňyz, araňyzda men bolsam.
Nähili ajaýyp setirler! Halypanyň ýüreginde okyja, Watana, il-halka bolan soňlanmajak söýgi bar. Muny onuň bilen ýüzbe-ýüz söhbetdeş bolan, onuň goşgularyny okan her bir ynsan duýýar.
Gahryman şahyrymyza ýyllar düşümli gelýär. Gözel halypanyň ýüregindäki joşup duran söýgüsinden dörän eserler bu ýyl hem "Arkadagly Serdar" atly kitapda toplandy. Bu ajaýyp eser halypanyň eserleriniň yzygider okyjylaryny ýürekden buýsandyrdy. Biz hem şygryýetiň şeýle owadan ýürekli Gözelini täze kitabynyň çapdan çykmagy hem-de ajaýyp sene - Gahryman şahyrymyzyň doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys we oňa mundan beýläk-de uzak ömür, jan saglygyny arzuwlaýarys. Doglan günüňiz gutly bolsun, Gözel halypa!
Maksat TAGANOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.