Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Bedew — türkmen halkynyň ganaty, döwrüň şygarynyň nyşany ✦ ✦ «Arkadag» futbol kluby Türkmenistanyň Kubogyny gazandy ✦ ✦ Agrobiotehnologiýa ugrunda halkara okuw sapary geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan bilen Özbegistanyň farm-tehnologiýalar ulgamynda strategik hyzmatdaşlygy ✦ ✦ Bilim ulgamynda sanly we innowasion tehnologiýalara bagyşlanan festiwal geçirildi. ✦ ✦ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda taryhy özgertmeler amala aşyryldy ✦ ✦ Energetika we ulag boýunça möhüm Kararnamalar kabul edildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy ✦ ✦ Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki derejesi hoşallyk döredýär ✦ ✦ Türkmen talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» diýen ada mynasyp boldy ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Suw ýaşaýşyň gözbaşy
  27.02.2021
858
Suw ýaşaýşyň gözbaşy

       Häzirki wagtda howanyň üýtgemegi netijesinde Ýer togalagynda suw baýlyklarynyň azalmagy bilen, tebigatyň peşgeşini gorap saklamak we tygşytly peýdalanmak zerurlygy ýüze çykdy. Halkara gatnaşyklary ulgamynda umumadamzat bähbitli ynsanperwer ýörelgelere berk eýerýän Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyz bu ekologiýa howpunyň netijelerini azaltmak ugrunda tagallalary birleşdirmek boýunça işjeň çykyş edip, bu ugurda abraýly halkara düzümleri, hususan-da, BMG bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär. Ýurdumyzyň alyp barýan suw diplomatiýasy dünýä jemgyýetçiliginde gyzgyn goldaw tapýar. Bu ugurdaky wajyp maksatlar suwdan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmakdan, suw serişdelerini sazlaşykly dolandyrmakdan we ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmekden ybaratdyr. Bu günki gün agyz suwunyň çeşmeleriniň ýetmezçiligi ähli adamzada howp salýan global meseleleriň birine öwrüldi. Häzirki wagtda şol global meseleleriň biri bolan Aral deňziniň hem ýaramaz täsirini aradan aýyrmak bilen baglanyşykly halkara ähmiýetli möhüm çözgütler kabul edilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasyndaky ýurdumyzyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem şeýle çözgütleriň aýdyň mysaly bolup durýar. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ekologik abadançylygy üpjün etmek üçin zerur çäreler amala aşyrylýar. Garagum sährasynda asyryň iň iri desgasyna öwrülen «A1tyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi ýurdumyzda tebigaty goramak boýunça durmuşa geçirilýän möhüm taslamalaryň aýdyň mysalydyr. Bu ägirt uly desganyň gurulmagynyň esasy maksady ýurdumyzyň suwarymly ekerançylyk ýerlerinden çykarylýan zeý suwlarynyň döredýän ýaramaz ýagdaýlarynyň öňüni almak üçin olary welaýatlaryň çäklerinden Garagum sährasyndaky tebigy Garaşor çöketligine ýygnap, bu ýerde ýaşaýyş üçin oňaýly şertleri döretmekden ybarat bolup durýar. «Altyn asyr» Türkmen köli topragyň şorlaşmagy, suw baýlyklarynyň hapalanmagy, ýerasty suwlaryň derejesiniň ýokary galmagy we suwarymly ýerleriň hem-de öri meýdanlaryň suwa basdyrylmagy bilen baglanyşykly wajyp ekologik meseleleriň çözgüdini tapmakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Ýurdumyzyň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary daşky gurşawy goramakdan, tebigata aýawly çemeleşmekden, onuň baýlyklaryny geljekki nesiller üçin gorap saklamakdan, halkymyzyň oňaýly durmuş şertlerini döretmek üçin ýer-suw serişdelerinden oýlanyşykly peýdalanmakdan ybaratdyr. Suw baýlyklaryny aýawly peýdalanmak bilen bagly durmuşa geçirilýän taslamalar we öňe sürülýän başlangyçlar bütin adamzadyň bähbitlerini göz öňünde tutmak bilen, geljekki nesilleriň bagtly durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.