logo

Soňky täzelikler:
✦ Maryda «Täze aý» haryt nyşanly süýt önümçiligi kärhanasy işe girizildi ✦ ✦ BMG: dünýäde klimat maksatlaryna ýetmek üçin görülýän çäreleri güýçlendirmek zerur ✦ ✦ BMG: El-Ninýo hadysasy soňky 40 ýylyň iň güýçli derejesine ýetip biler ✦ ✦ Aşgabatda türkmen alabaýyna we tazysyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Hytaýda geçiriljek dünýä çempionatynda çykyş eder ✦ ✦ «OGT 2026-da» nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe resminama gol çekildi ✦ ✦ CIET 2026 halkara sergisine 60 ýurtdan 800-den gowrak wekil gatnaşar ✦ ✦ «Ýürek Gadamy»: çagalaryň irki ösüşinde bilim we tejribe alyşmagyň ähmiýeti ✦ ✦ «Awazada» geçirilen halkara çäreleriniň ykdysady, syýasy we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki ähmiýeti ✦ ✦ «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara duşuşyklar — durnukly ösüşiň we özara ynanyşmagyň möhüm meýdançasy ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Suw suguny - täsin jandar
  19.10.2023
1322
Suw suguny - täsin jandar

    Janly tebigatyň täsin jandarlarynyň biri suw suguny, onuň beýle atlandyrylmagynyň esasy sebäbi suwuň köp bolan ýerlerinde ýaşaýandygy we şahynyň ýoklugydyr. Onuň daşky keşbi edil beýleki sugunlaryňka meňzeş emma  onuň erkeginiň ýokarky gyýak dişleri agzyndan daşyna çykyp durýar.

 

Bu täsin jandaryň iň köp duş gelýän ýeri gündogar Hytaý we Koreýadyr. Şeýle-de olaryň göçürilip äkidilip uýgunlaşdyrylan ýurtlary hem bardyr.

 

    Belläp geçişimiz ýaly bu suw sugunlary kölleriň we derýalaryň kenarlaryndaky, batgalyk ýerlerde, otluk jeňňelliklerde mesgen tutýarlar. Bu täsin jandarlar diňe ösümlikleriň ýapraklary we käbir kömelekler bilen iýmitlenýärler.

    Suw sugunynyň uzynlygy 1 metre çenli ýetýär, agramy 10-15 kilogram töwereginde, boýy bolsa 45-55 santimetrden geçmeýär. Olaryň reňki köplenç, gyzylymtyl-goňras bolup, beden ýüňi gysga, gyş paslynda has ösgün bolýar.

 

    Olaryň köpelýän döwri dekabr aýyndadyr. Bu jandarlar öz çagasyny 6 aýdan gowrak wagt göwresinde saklaýarlar. Soňra 1-2 kä halatlarda 3 sugun çagasy dogulýar. Olaryň çagasynyň aýaklanmasy üçin bir hepdeden gowrak wagt gerek bolýar.

 

Arazbagt GYÝTAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Weterinar lukmançylyk fakultetiniň
I ýyl talyby.