logo

Soňky täzelikler:
✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Şükür bagşynyň owazy
  03.05.2021
2266
Şükür bagşynyň owazy

     Şükür bagşynyň ady rowaýata öwrüldi. Ol saz çalyjy - dörediji ussat bolup, Türkmen sazynyň taryhynda uly yz galdyran adam.

     Onuň Eýran Hanynyň bagşysy bilen ýaryşyp, agasyny halas edişi dilden-dile geçip, biziň günlerimize ýetdi. Şükür bagşynyň atasy Dowada aga Gökdepe etrabynyň Hurmantgökje obasynda ýaşapdyr. Şüküriň atasy daýhançylyk bilen meşgul bolupdyr.

     Dowada aganyň 3 ogly bolýar. Ulysy Hojamämmet daýhançylyk bilen iş salysypdyr. Ortanjy ogly Hojamberdi yzçi bolupdyr. Dowada aganyň kiçi ogly Şükür sazanda bolupdyr. Şükür bagşynyň saz öwrenmekde ilkinji mugallam bolan Aly bagşydyr.

      Ol Şükür sazandanyň kämilleşmigine degerli ýardym edipdir. Şükür bagşy şol döwrüň ady belli sazandasy Garadäli gökleňden (sazanda hem dutar ýasaýan belli ussat) hem tälim alypdyr. Garadäli gökleň Şükür bagşa kümüş çaýylan oňat dutar ýasap beripdir. Beýik ussatdan pata alan Şükür bagşy Gökdepe, Mary, Hywa ülkelerinde saz çalyp, halka uly hyzmat edýär. Şükür bagşynyň köp sazlary entek näbelli bolsa-da onuň ilki döreden "Salmadan bökdüreni", “Söýli halany” şu güne çenli adamlary biperwaý galdyrmaýar.

     Şükür bagşy Gökdepe etrabynda dogulanam bolsa,bütün ömrüni Duşak obasynda geçirip, 1928 nji ýylda şol ýerde aradan çykýar.

     Türkmenler ýüzlerçe ýyl boýunça özüniň taryhy wakalaryny we isleglerini aýdymdyr ýa-da sazlary bilen beýan edip, nesilden- nesle geçiri., ýitirmändir. Netije alsak, onda Tamdyrany dogry çalmak we onuň owazy, manysy hakynda düşünişmek üçin bolsa, sazlaryň kim we näme waka degişlidigini bilsek has hem gowy bolardy.

      Şükür bagşy hakda 1963-nji ýylda Polat Mansurowyň Şükür bagşy filmi çykdy.