logo

Latest news:
✦ Medeniýet hepdeligi: galkynyşyň we ösüşiň baýramy ✦ ✦ Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlady ✦ ✦ Ahalteke bedewleri — türkmen halkynyň buýsanjy ✦ ✦ Täze ylalaşyklar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar ✦ ✦ Türkmenistan-Malaýziýa forumynda energiýa hyzmatdaşlygy üns merkezinde ✦ ✦ Anwar Ibrahim Aşgabatda Malaýziýanyň diasporasy bilen duşuşdy ✦ ✦ Gadymyýetden gözbaş alýan sungat ✦ ✦ Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ylmy üstünlikleri ✦ ✦ Paýtagtymyzda Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Azerbaýjan Respublikasynda halkara maslahat geçirildi ✦
Home / Health /Şugundyryň peýdasy
  15.05.2022
7052
Şugundyryň peýdasy

Gün nuruny bolluk bilen eçilensoň, sahawatly topragymyzda gök we bakja önümleriniň arasynda derde derman häsiýetligi köpdür. Ýylyň dowamynda saçaklarymyzy bezeýän şugundyr adamyň saglygy üçin örän peýdalydyr. Şugundyr witamine we mineral maddalara örän baýdyr. Ony iýmitiň dürli görnüşinde ulanyp bolýar. Şugundyryň düzüminde köp sanly demir, şeýle hem deňagramly derejede kalsiý we natriý bar. Onuň süzüminde B topara degişli ýokumlar-da köpdür. Ýokumlaryň hut şol topary dyrnaklaryň, saçlaryň berk we deriniň sagdyn bolmagyna, nerw ulgamynyň dogry işlemegine täsir edýär. Ol düzüminde saklanýan sinkiň we ýoduň mukdary boýunça gök önümleriň arasynda öňdäki orunda durýar.
         Şugundyr böwregiň, bagryň, gan-damar ulgamynyň arassalanmagyna kömek edýär, şeýle hem gan damarlaryň diwarjyklaryny berkidýär. Bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar, gan aýlanyşyny gowlandyrýar. Düzüminde bar bolan ýokumlar ganazlygy bejermäge ýardam edýär. Şugundyr iç gatamada diýseň peýdaly bolup, içegede näsazlyklar ýüze çykanda hem giňden peýdalanylýar. Gan basyşyny kadalaşdyrýar. Önümiň düzüminde kaloriýanyň az bolmagy ony berhizde hem ulanmaga mümkinçilik döredýär. Şugundyry buglap iýmek has-da peýdalydyr.