logo

Soňky täzelikler:
✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Sportuň taryhyndan
  30.03.2024
782
Sportuň taryhyndan

Antiki döwürde hem adamlar sport bilen meşgullanypdyrlar. Platon döwletde ýaşlaryň taýýarlanylmagynda, döwlet adamy edilip ýetişmeginde sporta uly üns bermelidigini belläp geçipdir. B.e.öň 5000-nji ýyllarda “sumerler” tarapynda ilkinji sport bilen meşgullanmak işi ýola goýlupdyr.


 

Sport bilen meşgullanmak hem bedeni, hem-de aklyňy durlamaga, sazlamaga ýardam edýär. Yzygiderli sport bilen meşgullanmak saglyk ýagdaýyňyzyň gowulanmagyna, kesellemek howpunyň azalmagyna getirer. Günüň dowamynda azyndan 30 minut sport bilen meşgullanmak  ýürek-damar keselleriniň 60% öňüni alýandygyny alymlar belläp geçdiler.


 

Häzirki wagtda dünýäniň birnäçe dilinde ulanylýan “Sport” sözi latynlaryň “di sport” sözünden gelip çykypdyr.  Has takygy “Dis Portare” sözüniň gysgaldylmagy netijesinde biziň ulanýan “sport” sözümize öwrülendir. Dis Portare sözüniň manysy bolsa işden uzaklaşmak, dynç almak maksatly öwrenilen endik diýen manyny berýär. Boş wagtlaryňda dynç almak maksady bilen oýnalýan oýuna, öwrenen endigimize sport diýip bileris. 


 

Sport bu belli bir şertlerde, düzgünlerde dynç almak, güýç sarp etmek bilen bagly bedeniňi terbiýelemekdir. Sport halklaryň, döwletleriň arasynda dostlugy, bilelikde iş ýöretmegi hem ýola goýýar.

                                                                                 

Maýsa HALLYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň 
Türkmenabat agrosenagat orta 
hünär okuw mekdebiniň talyby.