logo

Latest news:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Home / Interesting /Sowadyjy oýlanyp tapylmazyndan ozal iýmitler nädip saklanypdyr?
  07.06.2022
1855
Sowadyjy oýlanyp tapylmazyndan ozal iýmitler nädip saklanypdyr?

Durmuşymyzyň aýrylmaz bir bölegine öwrülen sowadyjy XX asyryň başynda, ýagny 1900-nji ýyllarda azyk we şuňa meňzeş iýmitleri uzak wagtlap saklamak üçin oýlanyp tapyldy. Geçmişden häzirki güne çenli ösýän tehnologiýanyň hödürleýän aýrylmaz önümlerinden biri bolan sowadyjylar, iýmitleri täzeligine we içgileri bolsa sowuklygyna saklaýar. Şu nukdaýnazardan, hem sowadyjylar durmuşymyzyň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Eýsem, sowadyjylar oýlanyp tapylmazyndan ozal iýmitler nädip saklanypdyr? Geliň, bu soraga jogap tapalyň!

Birnäçe ýyllar hat-da asyrlar öň adamlar iýmitleri uzak wagtlap saklamak üçin olary guradypdyrlar ýa-da kakadypdyrlar. Munuň üçin olar, gün şöhlesinden ýa-da oduň tüssesinden peýdalanypdyrlar. Iýmitleri guratmak ýa-da kakatmak bolsa bakteriýalaryň çygly gurşawda köpelmeginiň öňüni alypdyr.

Sowuk ülkelerde bolsa adamlar iýmitleri gara, buza gömüp saklapdyrlar. Birnäçe wagtyň geçmegi bilen adamlar ýeri çuň gazyp iýmitleri ýeriň topragynyň çig ýerine gaplara salyp gömmek usulyny oýlap tapypdyrlar. Ýere gömülen iýmitler kislorod we ýylylyk barmansoň uzak wagtlap saklanypdyr. Mundan başga-da, batgalyklaryň, kölleriň gyralary iýmit saklamak üçin oňaýly ýerler bolupdyr.

Wagtyň geçmegi bilen adamlar iýmit saklanylýan ýörite buzly ammarlary ýasapdyrlar. Ammarlar öýe meňzeş, aşak bölegi buz bilen örtülen bolupdyr. Iýmitler bu ammarlaryň üstki böleginde saklanypdyr. Emma buz wagtyň geçmegi bilen tiz eräpdir. 1800-1900-nji ýyllarda gök we bakja önümlerini duzlanan görnüşde gaplap saklamak usuly oýlanyp tapylypdyr. Bu bolsa iýmitleri uzak wagtlap saklamaga mümkinçilik beripdir. Et we et önümlerinde hem duzlanyp saklamak oňaýly netije beripdir.

Dürli TÄÇLIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.